14 ýyldan soň gazanylan 2-nji çempionlyk

Woleýbol boýunça erkekleriň arasynda Ýewropanyň 33-nji çempionatynda Polşanyň ýygyndysy ýeňiji boldy.Olar Rimde oýnalan finalda ýer eýeleri Italiýanyň ýygyndysyndan 3:0 (25:20, 25:21, 25:23) hasabynda üstün çykmagy başardy.

Bu olaryň 14 ýyldan soň 2-nji çempionlygy bolup, Polşanyň ýygyndysy mundan öň 2009-njy ýylda yklymyň çempionlygyny gazanypdy. 1975-nji 1985-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 5 gezek finalda utulan polýaklar, şondan soňky 2 finalynda-da çempion bolmagy başardy.

Soňky gezek 2 ýyl öň çempion bolan we umumylykda 5 çempionlygyň eýesi Italiýanyň ýygyndysy 5-nji gezek finalda ýeňildi.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Sloweniýanyň ýygyndysy Fransiýany 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ilkinji gezek 3-nji ýeri eýeledi. Sloweniýanyň ýygyndysy mundan öňki 4 ýaryşda 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda finala çykyp, kümüş medal gazanypdy.

Italiýadyr Bolgariýada, Demirgazyk Makedoniýada hem-de Ysraýylda geçirilen çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, Polşanyň ýyldyzy Wilfredo Leon saýlandy.

Çempionat 2026-njy ýylda Rumyniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Italiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa, Türkiýe bilenem Rumyniýa duşuşar
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy