15.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen: Toýly Alladurdyýewiç Ataýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Ejegül Annamyradowna Mämmedowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy; Güljeren Gurtmyradowna Myradowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Myrat Nazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Batyr Jumaberdiýewiç Ataýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Geldimyrat Annakurdowiç Hallyýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi; Atajan Jumaýewiç Soltanow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Prezident etrap häkimleriniň orunbasarlaryny belledi
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy