15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň täze prokuroryny wezipä belledi, Arkadag Zenit bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi. Şeýle hem ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipeler kesgitlendi diýip, TDH habar berýär. 2.

Türkmenistanyň Prezidenti ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.Döwlet Baştutany degişli Permana Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda gol çekdi. 3. Ýerewanda türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy.

Sergi Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy we Ermenistanyň Suratkeşler bileleşigi tarapyndan guraldy.Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Mukhammetgeldi Aýazow çäräni açyp, beýik şahyr, filosof we akyldar Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere dünýä medeniýetiniň we umumadamzadyň hazynasyna öwrülen ölmez-ýitmez edebi mirasy galdyrandygyny aýtdy. 4.

Hytaýyň Hainan Weidu International Travel Co.Ltd kompaniýasynyň wekili Türkmenistana saparynyň dowamynda gyzyklanma bildirýän ýerli edaralara Aşgabat Sanýa şäheri uçar gatnawyny guramagyň taslamasyna garamagy teklip etdi.Ol Hytaýyň hökümeti tarapyndan Haýnana her uçuşyň, takmynan, 130 müň dollar subsidiýa (pul kömegi) bilen goldanýandygyny aýtdy.

Bu bolsa Türkmenistanyň we Hytaýyň raýatlarynyň amatly şertlerde ikitaraplaýyn uçuşlary amala aşyrmaklary üçin mümkinçilik döreder. 5.Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasy Ýewropanyň KHBS-si üçin brifing gurady. Çärä dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we habarçylary çagyryldy.

Diplomatik wekilhananyň başlygy Sapar Pälwanow Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.Ilçi Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenilip düzülişine işjeň gatnaşýandygyny we sebitleýin parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky edilýän tagallalara goşýan goşandyny belläp geçdi.

Dünýäde

6.Finlýandiýada ene-atalara çagalaryna Wolan-de-Mort diýip at dakmak gadagan edildi.Bu karar ýurduň Adalat ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde işleýän Ady tassyklamak komissiýasy tarapyndan kabul edildi.

Wolan-de-Mortdan başga-da, Eldorado, Isa, Senator, Teflon, Stol, Çekiç, Welosiped we şu hili beýleki atlar gadagan edildi.Finlýandiýada atlar we familiýalar bilen bagly kanun hereket edýär.

Oňa laýyklykda, çagany kemsidip biljek, ýa bolmasa-da oňa geljekde şu zeýilli täsir edip biljek atlar bu kanunyň esasynda tassyklanylmaýar. 7.ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik etmek boýunça müdirligi keratin esasly saç düzediji önümlerde formaldegidi gadagan etmegiň meýilnamasyny düzýär.

Soňky gözlegler saç düzediji önümleri ulanmak bilen süýt mäziniň rak keseliniň döremek töwekgelçiliginiň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardy.Saç üçin niýetlenen önümlerdäki ftalatlar, parabenler we beýleki maddalar hem gormonal deňagramlylygy bozup bilýär, bu bolsa rak keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrýar.

Sport habarlary

8.Adybir döwlet ähmiýetli şähere wekilçilik edýän Arkadag futbol topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Sankt-Peterburgyň Zenit topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.Duşuşyk 21-nji fewralda geçiriler.

Duşuşygyň başlanjak wagty we geçiriljek ýeri soň yglan ediler.Bu duşuşyk Arkadagyň 4-nji martda badalga aljak Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlygynyň bir bölegi bolar. 9.Witebsk futbol toparynyň direktory Nikolaý Waýtýuhowskiý Turkmenportal neşiriniň habarçysynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýewiň toparyň düzümine goşulmagy barada teswir berdi.

Waýtýuhowskiniň bellemegine görä, bu şertnama toparyň gorag düzümini güýçlendirmek üçin baglaşyldy.Baş tälimçi Jumaewiň oýny we stili bilen gowy tanyş, bu bolsa futbolçynyň täze topara uýgunlaşmagyny aňsatlaşdyrar.Waýtýuhowskiý Jumaýewiň diňe bir gorag meýdançasynda däl-de, eýsem, ýarymgoragçy hökmünde hem oýnamaga ukyplydygyny aýtdy. 10.

Türkmen futbolçylary ýarymgoragçy Teýmur Çaryýew we hüjümçi Süleýman Muhadow AFK Kubogynyň pleý-off tapgyrynyň çäklerinde Taýçung Futuro (Taýwan) bilen geçiriljek duşuşykda Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata toparynyň başlangyç düzümine goşuldy.Ilkinji duşuşyk 6-njy martda Bişkekde, jogap oýny bolsa 13-nji martda Taýçžunda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý, Amerikaly Senatorlara Sagbolsun Aýtdy
Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker
Ilkinji çempionlygy
BOLT bürünç medal bilen tamamlady
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy