
15-nji iýunda “Türkmenistan” howaýollary T5-3902 sanly Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawyny ýola goýdy diýip sosial mediada maglumatlar we wideýo ýazgylar peýda boldy.
Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanly aktiwistleriň aýdyşyça, şol ýörite uçar bilen 300 çemesi Türkmenistanly watanyna dolanypdyr diýip “Türkmenistanyň Hronikasyny” habarçylary maglumat berýärler.
Emma, şol uçar gatnawy bilen ilteşikli resmi media informasiýa ýaýratmady.
15-nji iýundaky ýörite uçar gatnawy barasynda Stambulyň Halkara howa menziline gelen Türkmenistanly raýatlar bilen gürrüňdeş bolanlaryň birisi çet ýurtda döredilen “Türkmenistanyň Ýaşlar Hereketini” esaslandyryjylaryň biri Nurmuhammet Annaýew.
Ol 15-nji iýunda “Tik Tok” sosial ulgamynda Stambul Halkara uçar menzilinden janly ýaýynlar gurnady.
Şol wideýo ýazgylarda Annaýewiň habar bermegine laýyklykda, 15-nji iýunda “Türkmenistan”howaýollarynyň Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçarynda 291 ýolagçy bardy.
“Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan raýatlara jaň edip, 15-nji iýunda ýörite uçar gatnawynyň bardygy habar berildi. “Türkmenistan” howaýollarynyň Stambuldaky bölüminden 160 dollara we Türkmenistanyň içinden 116 dollara uçar biletlerini satyn alandyklaryny käbir raýatlar gürrüň berýärler. Olar Covid-19 testini hem tabşyrdylar” .
Emma, Stambulyň howa menziline baran käbir raýatlar bilet tapmandygy üçin watana dolanyp bilmändirler.
Bu barasynda aktiwist Nurmuhammet Annaýewiň “Tik-tok” ýaýynlarynda habar bermegine görä, käbir raýatlar bilet tapmandygy üçin Türkmenistana gidip bilmediler.
“Meniň özüm hem kassa baryp, Türkmenistana gidýän uçara bilet barmy diýip soranymda, kassir uçar doly we bilet gutardy diýdi.Men kassanyň töwereginde pasportynyň möhleti tamamlanan we bilet satyn alyp bilmedik zenanlaryň kassaçy bilen dawalaşandygyny, eger bilet ýok bolsa, bizi nämeüçin howa menziline çagyrdylarka diýendigine şaýat boldum.
Hatda, Ankaradan gelen ýigit özüne Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda jaň edip, 15-nji iýunda Stambuldan Türkmenistana ýörite uçaryň boljakdygyny aýdandyklaryny, biletiň ýokdugy üçin Türkmenistana gidip bilmändigini gürrüň berdi.Hatda, käbir ýolagçylar para berip, bu uçara bilet alandyklaryny maňa gürrüň berdiler ” Annaýew sosial ulgamdaky wideýo ýazgysynda aýdýar.
Ol “Türkmenistan” howaýollarynyň ýörite uçar gatnawynyň Türkmenistandan Stambula gelendigini we onda 100-140 çemesi ýolagçynyň bolandygyny habar berdi.
“Biz uçardan 100-140 çemesi ýolagçynyň çykandygyna şaýat bolduk. Şol uçarda gelen käbir ýolagçylaryň tassyklamagyna görä, Boýing-777 uçary ýarym doly gelipdir. Olaryň arasynda Türkiýäniň raýatlarynyň maşgalasynyň, çagalarynyň, türkmen raýatlary bolan arabaly hassalaryň we ýaş ýigitleriň hem bardygyny gördük”diýip “Türkmenistanyň Ýaşlar hereketini” esaslandyryjylaryň biri Nurmuhammet Annaýew “Tik-tok” sosial ulgamdaky ýaýynlarynda habar berdi.
Bular barasynda Türkmen resmileri ýa-da KHS entek hiç-hili maglumat ýaýratmadylar.
“Türkmenistan” howaýollarynyň internet sahypasynda hem bu ýörite uçar gatnawy barada habar çap edilmedi.
Duşenbe güni “Türkmen.news” neşiriniň öz çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, 15-nji iýunda Türkmenistanyň 100 çemesi raýaty ýurdy terk eder. Olar esasan, adamsy Türkiýede hemişelik ýaşaýan maşgalasy, çagalary bolup, ýolagçylaryň arasynda Türkiýe arkaly öz ýurduna barýan üçünji ýurdyň raýatlary hem bolar.
Mundan owal 30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada “Türkmenistan” howaýollarynyň ýörite uçar gatnawy bolupdy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, uçardaky 176 ýolagçynyň ýarysyna golaýy Russiýanyň türmelerinde oturan tussaglar ýa-da deportasiýa merkezlerinde watana dolanmaga garaşan raýatlar bar.
Şeýlede “Türkmenistanyň Hronikasy” 21-nji maýda Minskiden 200-e golaý, 14-nji maýda Dubaýdan 200 töweregi türkmen raýatynyň “Türkmenistan” howaýollarynyň ýörite uçar gatnawy bilen watana dolanandygyny habar beripdi. Olar üç hepdeläp hökmany karantinde galmaly boldylar.
Ýurdyň resmi KHS-leri çet ýurtlardan Türkmenistana getirilen raýatlar dogrusynda asla habar bermeýär.
Diňe käbir hökümete ýakyn habar çeşmeler daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanan raýatlar barasynda käte maglumat ýaýratýarlar.The post 15-nji iýunda “Türkmenistan” howaýollary Stambuldan-Türkmenbaşa ýörite uçar gatnawyny gurnady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.