16.03.2019 | Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi.Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa pudaklarynda, dokma senagatynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda işleýän öňdebaryjy bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerini görkezýän hem-de diňe ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge dostlukly ýurduň ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Häzirki maslahat giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň özara ymtylmalarynyň subutnamasydyr.Forumyň barşynda Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň, Ykdysady ösüş boýunça müdirliginiň, Merkezi bankynyň, Banagas milli gaz kompaniýasynyň wekilleri çykyş etdiler.

Olaryň çykyşlarynyň üstüni Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden, Söwda-senagat edarasyndan, Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan, Türkmengaz döwlet konserninden hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden türkmen kärdeşleri ýetirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar çäräniň baş wezipesiniň bahreýnli myhmanlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşdyrmakdan, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen netijeli uzak möhletli aragatnaşyklary ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan ybaratdygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýum, söwda, bank, nebitgaz we beýleki ulgamlarda mundan beýläk gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär, nebitgaz serişdeleriniň gazylyp alnyşyny artdyrmaga we tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek üçin düzümleri döretmäge niýetlenen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge köp mukdarda serişdeler gönükdirilýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmagyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümler ösdürilýär, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplar nazara alnyp, maýa goýum işleriniň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýan hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagy, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýär.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri barada, möhüm döwlet ösüşlerini göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de dünýä bazarynyň ösüşiniň möhüm meselelerine hem-de Merkezi Aziýa sebitinde özüne çekiji ýurt hökmünde döwletimiziň eýeleýän ornuna garaldy.

Işewürler maslahatynyň işiniň birinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmengaz döwlet konserni bilen Gulf Petrochemical Industries kompaniýasynyň arasynda Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga, Türkmengaz döwlet konserni bilen Gulf Petrochemical Industries kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Gulf Petrochemical Industries kompaniýasynyň arasynda Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga, Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Gulf Petrochemical Industries kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň ikinji gününde energetika, nebit we gaz, himiýa senagaty, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlarynyň ileri tutulýan ugurlarynda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Bahreýn Patyşalygynyň elektroenergiýa we suw serişdeleri ministri Abdel Huseýn ben Ali Mirzanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy boýunça orunbasary hem-de ýurdumyzyň energetika ministri bilen geçen duşuşygynda energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzir Türkmenistanyň elektroenergetikasy halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklary ýaly düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär.

Bu ugurda geçirilýän işleriň esasy maksatlarynyň biri energetika ulgamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine kybap gelýän köptaraply hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.Abdel Huseýn ben Ali Mirza şeýle hem ýurdumyzyň hökümetiniň degişli agzalary meliorasiýa ulgamynda ägirt uly suw hojalyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde, çölleşmäge we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň oňyn tejribesini ara alyp maslahatlaşdy.

Bahreýn Patyşalygynyň elektroenergiýa we suw serişdeleri ministrine Garagumuň merkezinde ýerleşen täsin suw desgasy bolan Altyn asyr Türkmen kölüniň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň netijeleri görkezildi.Onuň gurluşygy zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak meselelerini çözmegi maksat edinip, daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezýär. Şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň nebit ministri, Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory şeýh Mohamed bin Halifa bin Ahmed al Halifanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda, aýratyn-da, nebithimiýa we gazhimiýa senagatyna degişli taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.Häzir ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, nebiti we gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilen hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan dürli nebitgaz önümleriniň önümçiligine gönükdirilen köp işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda gaýtadan işleýän senagat maksadalaýyk döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Euro-5 ölçeglerine kybap gelýän EKO-5 dizel ýangyjynyň hem-de polipropileniň önümçiligi ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasy işlenilip taýýarlanylýar. Şol strategiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň ägirt uly senagat kärhanalarynyň mümkinçilikleri giňişleýin seljeriler hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, toplumyň zawodlarynda dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan nebit önümleriniň geçginli görnüşlerini öndürmegiň ugurlary kesgitleniler. Şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, karbamid, kaliý dökünlerini öndürýän zawodlar, kükürt kislotasyny öndürýän önümçilik bölümi ulanmaga berildi. Ýaponiýanyň GTL tehnologiýasy esasynda tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürjek zawodyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar. Ýakyn wagtda ýurdumyzda gazhimiýa önümleriniň, şol sanda pes dykyzlykly polietileniň, polipropileniň, poliwinilasetatyň, poliwinilhloridiň, metalonyň, suwuk hloruň, natriý sulfatynyň we beýlekileriň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilen ýene-de birnäçe taslamalary amala aşyrmak maksat edinilýär. Şolar halkara hyzmatdaşlygy üçin geljegi uly ulgamlardyr.

Türkmengaz, Türkmennebit we Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň wekilleri Gulf Petrochemical Industries nebithimiýa önümçilik kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdylar.Taraplar türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň ilkinji gününde gol çekilen gaz we gazhimiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministriniň Bahreýn Patyşalygynyň senagat, söwda we syýahatçylyk ministri Zaýed bin Raşid Al-Zaýýani bilen bolan söhbetdeşliginde myhman türkmen senagatynyň üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.

Diýarymyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlarda öňe ilerletmek ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine, ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek hem-de hususyýetçileriň başlangyçlaryny höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça möhüm meselelere garaldy.

Zaýed bin Raşid Al-Zaýýani bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda ulgamy boýunça orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň duşuşygynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, onuň köptaraply kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin has oňat şertleriň bardygy nygtaldy.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň wekilleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Özara gatnaşyklaryň ýene-de bir geljegi uly ugry hökmünde syýahatçylyk ulgamy agzaldy.

Bahreýn Patyşalygynyň senagat, söwda we syýahatçylyk ministri hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy bu ulgamy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Köp sanly ýagdaýlar, şol sanda deňiz syýahatçylygynyň ösdürilmegi bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine oňyn mümkinçilik döredýär.

Bahreýn wekiliýeti bu ulgamdaky tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Öz nobatynda, olar halkara işewürlik, medeni we sport merkezlerini özünde jemleýän dünýä derejeli dynç alyş künjegi bolan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Bu ýerde iri halkara ýaryşlar we beýlekiler yzygiderli geçirilýär.Bahreýn Patyşalygynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny Bahreýniň bazarlaryna eksport etmegiň geljegine aýratyn üns çekildi.

Patyşalygyň wekiliýeti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň giň gerimi hem-de hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümler bilen tanyşdylar.

Sergide bahreýnli myhmanlar dürli ulgamlarda: senagat, oba hojalygy, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda we hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de ençeme beýleki ulgamlarda ýöriteleşen 180-den gowrak hususy kompaniýalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Bahreýn ösüş birleşiginiň ýerine ýetiriji direktory bilen Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda halkara şertnamalaryň durmuşa geçirilişinde iki ýurduň oňyn tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de maýa goýum ugruna üns berlip, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.Ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň Merkezi banklarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Bahreýn Patyşalygynyň Salam bankynyň wekili bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda Türkmenistanda Bahreýniň maliýe düzümleriniň işlerini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gepleşikler geçirildi. Şunda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze usulyna garamaga aýratyn üns berildi.

Bahreýn Patyşalygynyň Kalaam telekommunikasiýa kompaniýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda hem gepleşikler geçirildi.Taraplar ýurdumyzda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mahlasy, iki ýurduň işewür toparlary tarapyndan üstünlikli gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk teklipler bilen berkidilýän özara gyzyklanmalar hem-de hoşniýetli erk-isleg Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň Ýakyn Gündogar ugry babatda bu ýurt bilen köptaraply hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge üns berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär
Eýran dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
18.03.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistan we Bahreýn bilelikdäki nebit-gaz taslamalary mümkinçiligini maslahatlaşýar
Türkmenistana Bahreýniň patyşasy sapar eder