16 ýaşynda dünýä çempiony boldy

Soňky wagtlarda meşhurlygy barha artýan e-sport boýunça ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçirilen “Fortnite” Dünýä Kubogynda 16 ýaşyndaky amerikaly Kaýl Jirsdorf ýeňiş gazandy. “Bugha” ady bilen çykyş eden ýaş türgen finalda “Mezmur” atly türgenden 59 utuk öňe saýlandy. Şeýlelikde, amerikaly ýaş türgene ýeňiji hökmünde 3 million dollar pul baýragy berildi. 2-nji ýeri eýelän 24 ýaşyndaky Harrison “Psalm” Çen bolsa, 1,8 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy.

Gatnaşan her türgeniň 50 müň dollar alan çempionaty soňky wagtlarda baýrak gaznasy iň ýokary bolan ýaryşlaryň hataryna goşuldy.Umumy baýrak gaznasy 30 million dollara deň bolan çempionata 95 oýunçy gatnaşdy.Günsaýyn ýaýrawy giňeýän we iri halkara ýaryşlaryň maksatnamasyna hem goşulýan e-sport oýunlary bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. 2017-nji ýylda meşhurlyk gazanyp başlan “Fortnite” oýnuny “Epic Games” şereketi öndürýär.

Kompaniýa geçen ýylda gymmaty 15 milliard dollara çenli ýetirdi. “Fortnite” häzirki wagtda oýun bazarynda “Electronic Arts Inc” kompaniýasynyň “Apex Legends” hem-de “Tencent Holdings Ltd” şereketiniň “PlayerUnknown’s” we “Battlegrounds” oýunlary bilen esasy bäsdeş hasaplanýar.“Fortnite” Dünýä Kubogynyň ýeňijisiniň iň esasy tennis ýaryşy “Wimbledon”-yň çempionyndan hem köp pul baýragyny almagy aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda “Fortnite” Dünýä Kubogy umumy baýrak gaznasy iň ýokary e-sport ýaryşy hasaplanýar. Ýöne onuň öňdebaryjylygy uzak gitmese gerek.Awgust aýynyň dowamynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Dota 2” oýny boýunça geçiriljek “The International” ýaryşynyň baýrak gaznasy 31 million dollara golaý bolar.Bilermenleriň pikirine görä, e-sportlar dünýä belli şereketleriň maýa goýumlaryny has-da ýokarlandyrjak meýdançasy bolmagyny dowam etdirýär.

Aýratyn-da çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda giňden ýaýraýan e-sportlaryň mundan soň has-da meşhurlygynyň artjakdygyny belleýärler.Geçiriljek ýaryşlaryň maliýe babatda-da, medeni, aň-düşünje babatda-da ýokarlanjakdygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy
V Aziýa oýunlary mynasybetli ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy