17.10.2020 | Senagat we gurlluşyk önümçiligi ministrtiniň Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşygy boldy

Şu gün Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Taraplar dostluk, ynanyşma we özara hormata esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykanlygy we täze many-mazmuna eýe bolandygy bellenildi. Şu jähtden ýokary derejedäki we köpugurly hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn binýadynda kemala gelen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň wajyplygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatyny, onuň Bitarap döwlet derejesini goldaýandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşygy bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyryldy. Şunuň bilen baglylykda parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentarileriniň duşuşyklarynyň netijelidigi nygtaldy.

Halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösüşine we innowasion kärhanalary döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşandy bellenildi.

Taraplar bilelikdäki täze taslamalaryň üstünlikli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz we nebithimiýasy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, oba hojalygy, himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar agzaldy. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Ilçi Takahiko Kasumata türkmen-ýapon gatnaşyklaryna üns berilýändigi, şol sanda daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum şertleriniň dörediliýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň, Alžiriň we Eýranyň Ilçileri Ynanç Hatyny Gowşurdy
Türkmebaşy şäheriniň mekdep-internatynda maýyp çagalara hünär öwretmek barada ylalaşyga gol çekildi
22.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
LETTER OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN ADDRESSED TO EMPEROR NARUHITO
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
22.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi