Suw sportlary boýunça Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen 17-nji Dünýä çempionaty tamamlandy. 16 günläp dowam eden çempionatda medallaryň sanawynda ABŞ-nyň türgenleri 21 altyn, 12 kümüş, 13 bürünç jemi 46 medal bilen 1-nji ýeri eýeledi.
Mundan öňki Dünýä çempionatynyň iň köp altyn medal gazananlary hytaýly türgenler bu sapar 2-nji orna mynasyp boldy.Aziýaly türgenler altyndyr kümüş medallaryň hersinden 12 hem-de 6 bürünç medala eýelik etdi.
Russiýaly türgenler 11 altyn, 6 kümüş hem-de 8 bürünç medal bilen 3-nji ýeri eýeledi. Şeýle-de fransuzlar 6, britanlar 5, italýanlar 4, awstraliýalylar bilen şwedler 3 altyn medal gazandy. Ýer eýeleri wengerler 2 altyn medal bilen çempionaty tamamlady.Woterpolda erkekleriň arasynda Horwatiýanyň ýygyndysy finalda ýer eýesi wengerlerden, zenanlaryň arasynda-da ABŞ-ly gyzlar Ispaniýanyň milli toparyndan üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.
Suwa bökmekde paýlanan 13 altyn medalyň 8-sini hytaýlylar alan bolsa, beýleki 5 medaly-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Malaýziýadyr Awstraliýanyň türgenleri özara paýlaşdy.Sinhronlaýyn ýüzmekde russiýaly türgenler ýene bir ýola ussatlyklaryny görkezdiler.
Olar 9 altyn medalyň 7-sini gazanmagy başardy.Aýratynam Swetlana Kolesniçenko 4 altyn medal gazanyp, ol çempionatyň ýyldyzlarynyň birine öwrüldi.
Dressel Felpsiňrekordyna şärik boldyÇempionatyň iň esasy bäsleşigi bolan ýüzmek ýaryşlarynda jemi 42 medallar toplumy paýlandy. 50 metrden 1500 metre çenli dürli aralyklara 4 görnüşde geçirilen ýüzmek ýaryşlarynda ABŞ-ly türgenler 18 altyn medal gazandylar.
Amerikalylar kümüşdir bürünç medalyňam hersinden 10 sanysyny eýeledi.Esasanam amerikaly ýüzüji Kaeleb Dressel 7 altyn medal gazanyp, bu ugurda rowaýaty Maýkl Felpsiň rekordyna şärik boldy.Hytaýly Sun Ýan bilen britaniýaly Adam Piti, amerikaly Keýs Kalis 2 altyn medal bilen çempionaty tamamlady.
Toparlaýyn geçirilen 7 bäsleşigiň 6-synda münberiň çür depesine amerikaly ýüzüjiler çykmagy başardy.ABŞ-ly zenan ýüzüjiler Keýti Ledeki 5 (3-si ýekelikde), Simona Manuel (1-i ýekelikde) hem-de Lili King 4 (2-si ýekelikde) altyn medal gazandy. Şwesiýaly Sara Şöström bilen ýer eýesi Katinka Kossu degişlilikde, 3 we 2 altyn medalyň eýesi boldy.
Italiýaly Federika Pellegrini, russiýaly Ýuliýa Ýefimowa hem ýaryşda 1 altyn medal gazandy. Çempionatda ýüzmek ýaryşlarynda jemi 11 Dünýä rekordy, 10 sany-da çempionatyň rekordy täzelendi.Nobatdaky suw sportlary boýunça Dünýä çempionaty 2019-njy ýylda Günorta Koreýanyň Kwanžu şäherinde geçiriler.
