18-nji Mart Çanakgala Deňiz Ýeňişi

18-nji Mart Çanakgala Deňiz Ýeňişi

I Jahan urşuna gatnaşan Osman imperiýasynyň Stambuly basyp alyp, uruşdan çetleşdirmek islän Britaniýanyň we Fransiýanyň deňiz flotlary Dardanel bogazyny deňiz ýoly bilen geçmäge synanşypdy.

Osman goşunynyň we deňiz güýçleriniň beýik ýeňişi bilen tamamlanan şol hüjüm iňlis we fransuz deňiz flotlarynyň agyr ýitgä sezewar bolup, yza çekilmegi bilen gutardy.

Iňlis we fransuz güýçleri bogazy deňizden geçip bilmejekdiklerine göz ýetirip, gury ýerden urşa girişýärler.

Türk milletiniň batyrgaýlygy we pidakärligi bilen uly ýitgi çekilendigine garamazdan Dardanel bogazy basyp alyjy güýçlere ýol bermedi.

“Çanakgala geçilmez” sözi dostuň duşmanyň düşünjek dilinde gaýtalandy.

Dardanel deňiz ýeňişi ýene-de bir gezek dabara bilen bellenilip geçilýär.

Ýene degişli makalalar

Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Erdogan Çanakgala Ýeňişi Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýozgat Çanak Peýniri