19-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

19-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Serdar Berdimuhamedow diplomatlary Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady, Türkmenistan we Gazagystan Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşdylar, Arkadag ýoldaşlyk duşuşygynda Pari NN toparyny ýeňdi we beýleki habarlar Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow diplomatik gullugyň işgärleriniň altysyny Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady.Döwlet Baştutany degişli Karara 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gol çekdi.

Türkmenistanda diplomatik gullugyň işgärleri üçin tapawutlandyryş nyşany 2021-nji ýylda döredildi. 2.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik protokol atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy.Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr.

Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar. 3.Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti Gazagystana iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de Astana şäheriniň akimaty bilen 2024-nji ýylda iki ýurduň Medeniýet günleriniň geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy şu ýyl Astanada Medeniýet günleriniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şeýle wakalaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhümdigini belläp, gazak tarapy bu çäräni guramakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyna ynandyrdy. 4. 17-18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli köpugurly sergi geçiriler.

Sergide ýerli senagat kärhanalarynyň we hyzmatlar ulgamlarynyň täze önümleri görkeziler.Serginiň myhmanlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň häzirki zaman üstünlikleri bilen tanşyp kärhanalaryň innowasion önümlerini, telekeçileriň hödürleýän hyzmatlarynyň täze görnüşlerini synlap bilerler. 5.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda taraplar Tretýakowsk galareýasynda türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň sergisini guramagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6.Beýik Britaniýanyň iň iri uniwersitetleri, şol sanda Kembrij, Oksford we London Ykdysadyýet mekdebi howanyň üýtgemegine garşy göreşde banklardan has güýçli çäreleri talap etmek üçin birleşdiler. 21 uniwersiteti öz içine alýan bileleşik eger-de olar ýaşyl maýa goýum kriteriýalaryna laýyk hereket etmeseler, banklardan 5 milliard ýewro çykarjakdygyny duýdurdy. 7.

Türkiýe teleýaýlym pudagynda hakyky üstünlik gazandy. Ýurt teleseriallaryň eksportynda Koreýa, Meksika we Braziliýa ýaly ýurtlardan öňe geçip, ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan soň üçünji orny eýeledi.Analitikleriň pikiriçe, ähli zat 2011-nji ýylda çykan Ajaýyp asyr serialy bilen başlandy, bu film diňe bir dünýäde millionlarça adamyň söýgüsini gazanman, eýsem, beýleki türk seriýalaryna-da ýol açdy.

Olara global isleg 2020 2023-nji ýyllar aralygynda çenli 184% ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde, koreý seriallary bolsa bary-ýogy 73% ösüş gazandy.Sport habarlary 8.Arkadag toparynyň futbolçylary BAE-de dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Pari NN toparyny ýeňdiler.

Abu-Dabide geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.Arkadagyň düzüminde pökgüleri Begmyrat Baýow we Didar Durdyýew derwezä girizdiler.Gyşky türgenleşigiň çäklerindäki indiki oýunda Wladimir Baýramowyň topary 21-nji fewralda Sankt-Peterburgyň Zenit topary bilen duşuşar. 9.

Altyn asyr BAE-de BAE-de dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 0:2 hasabynda Moskwanyň Lokomotiw toparyndan ýeňildi.Indiki oýunda Ýazguly Hojageldiýewiň topary 19-njy fewralda Moskwanyň Torpedo topary bilen duşuşar. 10.

Diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi.Diplomatlar stol tennisi, kiçi futbol, woleýbol we bouling boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlara gatnaşyjylar dostlugyň pugtalandyrylmagyna we resmi däl gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýän şeýle sport çäreleriniň ähmiýetini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY
Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan
Dünýä sportunyň ýyldyzlary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary