19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen duşuşyk geçirdi, Türkmenistan we Ermenistan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalaryny beýan etdiler, BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we dermansenagaty ministrligine derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitgaz ulgamynda özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

2. Türkmenistanyň ilçisi we Ermenistannyň daşary işler ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durlup geçildi. Şeýle hem 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygary bilen atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň ilçihanasynyň Ýerewanda medeni çäreleriň birnäçesini geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

3. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi. Derman serişdeleri dolulygyna TürkmenistanyňHökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokanç däl kesellere garşy göreşmek taslamasynyň çäklerinde iberildi. Bu gezek umumy bahasy 370 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan ýürek-damar, newrologiki we respirator kesellerini bejermek üçin dermanlar gelip gowuşdy.

4. Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçisi bilen Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça agatnaşyklary ýola goýmagyňmümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

5.Turkmenportalda PRO100 TECH atly täze gepleşigiň birinji bölümi çykdy.Onda biziň alypbaryjymyz Kirill Tişkin hojalyk tehnikalarynawe elektronika enjamlaryna yzygiderli syn berer.Synyň ilkinji mowzugy garaşylýan Samsung Galaxy S24 flagman smartfonlary boldy.

Bu bölümde internetde ýaýradylan maglumatlaralaýyklykda, täze smartfon nusgalarynyňhäsiýetnamalaryna we aýratynlyklaryna jikme-jik seljerme berilýär.PRO100 TECH rubrikasynyň tapawutly aýratynlygy adaty ulanyjylar üçin ýönekeý we düşnükli dilde enjamlaryň tehniki aýratynlyklaryna elýeterli düşündiriş berilmegidir.

Turkmenportalyň Media bölüminde PRO100 TECH gepleşiginiň täze bölümlerine tomaşa edip bilersiňiz.

Dünýäde

6.Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzir dünýäde uly ýaşlylaryň 1,25 milliard sanysy temmäkini sarp edýär.Bütin dünýäde uly ýaşlylaryň bäşden biri temmäki ulanýar.Bu görkeziji 2000-nji ýylda uly ýaşlylaryň üçden birine deňdi.

BSGG-niň hasabatyna görä, 150 ýurt temmäkiniň sarp edilişini azaltmakda üstünlikgazandy. Şeýle-de bolsa, käbir ýurtlarda temmäkiniňsarp edilişi artýar.Temmäki önümleriniň sarp edilişi boýunça iň ýokary görkeziji Günorta-Gündogar Aziýa sebitine degişlidir, bu ýerde ilatyň 26,5%-içilim çekýär.

Ikinji ýerde Ýewropa sebiti ýerleşýär, bu ýerde temmäkini ol ýa-da beýleki görnüşde ilatyň 25,3%-i sarp edýär.

7.Horwatiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Legrad şäheri ýaşaýjylaryň akymynyň öňüni almak üçin berk çäreleri görmek kararyna geldi. Şäher häkimligi 13 ýewro sent bahadan boş jaýlary satyp başlady.Dalaşgär alyjylar aşakdaky şertlere laýyk gelmeli: 45 ýaşdan kiçi, nikada duran, jenaýat jogapkärligine çekilmedik bolmaly we başga gozgalmaýan emlägibolmaly däl. Çagaly jübütleriň beýleki dalaşgärlere görä artykmaçlykdan peýdalanýarlar.

Horwatiýanyň raýaty bolmak talap edilmeýär.Kiçijik Legrad şäheri Wengriýa bilen serhetdäki gözel künjekde ýerleşýär.Indi bu ýerde diňe 2000 töweregi adam ýaşaýar, bu bolsa 70 ýyl mundan ozalky görkezijiden iki esse azdyr.

Sport habarlary

8. Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular. Ýazmuhammet Aşyrmyradow 80 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy, 90 kilogramdan ýokary agram derejesinde Myrat Ekäýew ýeňiji boldy. Iki türgen hem milli we halkara ýaryşlaryň birnäçe gezek ýeňijileridir.

9.Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy şygary astynda geçirilenXIII Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda basketbol ýaryşynyň finaly geçirildi. Ýaryşa Aşgabadyň dürli institutlaryndan 8 topar gatnaşdy.

Jemleýji duşuşykda ýer eýeleriniň topary 39:21 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňijileriň üstünlik gazanmagynda tejribe we höwes möhüm wezipäni ýerine ýetirdi sport ugurly ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary ýaryşda ýeňiş gazanmak isleýärdiler.

Toparyň ýolbaşçysy tälimçi Kerim Kyýathanow boldy, ol toparynyň utuklarynyňýarysyndan gowragyny gazandy.Ikinji orny Telekommunikasiýalar we informatika instituty, üçünji orny bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýeledi.

10. Özbegistanyň milli ýygyndysy Katarda geçýän futbol boýunça Aziýa kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunda 3:0 hasabynda Hindistandan ynamly üstün çykdy. Ähli pökgüler oýnuň birinji ýarymynda geçirildi.Iki aýlawdan soň B toparçada Awstraliýa 6 utuk bilen öňde barýar. Özbegistan 4 utuk bilen ikinji orunda durýar.

Ondan soň Siriýa we Hindistan gelýär.Jemleýji aýlawda toparçada birinji orny eýelemek ugrunda Özbegistan Awstraliýa bilen oýnar.Toparçalardan iň gowy iki topar we üçünji orny eýelän dört ýygyndy 1/8 finala çykarlar.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hazaryň türkmen kenarynda şu ýylyň ilkinji düwlenleri peýda boldy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Remezan aýynda agyz beklemegiň tertibini Turkmenportal -dan ýükläp alyp bilersiňiz
Altyn Asyr ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Oraza hyzmatyny ýola goýdy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal