Sosial ulgamy ulanyjylar 1937-nji ýylda döredilen nakgaşlyk eserinde iPhone eltelefonyna meňzeş enjamy tapdylar diýip, Independent neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar. Ony bir erkek kişi jaňa jogap bermekçi bolýan ýaly elinde saklap dur.
Jenap Pinçon we Springfildiň ýaşaýjylary atly nakgaşlyk eseri italýan suratkeşi Umberto Romano tarapyndan döredilipdir. Onda Springfildi esaslandyryjy Uilýam Pinçon we indeýler şekillendirilipdir.
Internetden peýdalanyjylaryň ünsüni suratda keşbi şekillendirilen indeýleriň biri özüne çekipdir, ol elinde häzirki zaman iPhone smartfonlaryna meňzeş enjamy saklap dur.
Ol şol eli daňylgy ýigidiň brauzeriniň taryhyna seredýäne meňzeýär diýip, eser barada pikirini paýlaşýanlar degişdiler.
Megerem, Romanonyň eserindäki smartfona meňzeş zat şol döwürde meşhur bolan ýüz görülýän aýna ýa-da paltanyň sapy bolsa gerek diýlip, habarda aýdylýar.
