2-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

2-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler, Russiýada Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçiriler, Arkadagyň 2024-nji ýyldaky ilkinji ýeňşi we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Raşid Meredow bilen Hakan Fidan iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. 2.Türkmenistandaky Balkan gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hyzmatdaşlar bilen bilelikde işe başlamagyndan 14 aý soň ilkinji ýük gämisini ulanmaga bermegi meýilleşdirýär.

Gämi gurluşygynyň şeýle amatly döwürleri sebitdäki iň gysga döwürleriň biridir diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilen Global Gateway maýa goýum forumynda aýtdy. 3.

Dutaryň owazy atly VIII Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly çärelriň birnäçesini taýýarlady.Baýramçylygyň çäklerinde Söz älemi atly okyjylaryň halkara edebi bäsleşigi, Magtymgulynyň goşgularyny şöhlelendirmek boýunça Şöhlelenme atly surat bäsleşigi, kompozitorlar bäsleşigi we şahyryň döredijiligine bagyşlanan taslamalar bäsleşigi geçiriler. Çäreler Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de Magtymguly Pyragynyň monologlary atly monoopera konserti bilen tamamlanar. Çäreler tutuş ýylyň dowamynda geçiriler. 4.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Iňlis dili boýunça II Olimpiada geçiriler.Zehin bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň nazary we amaly bilimlerini ardyrmakdan hem-de kämilleşdirmekden, şeýle hem iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan ybaratdyr.

Olimpiada uzak aralykdan geçiriler.Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplaryň sanawy bolan haýyşnamalar 24-nji fewrala çenli kabul ediler. 5.Russiýa Demirgazyk Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ulag taslamalaryna gatnaşmagyny dowam etdirer.

Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk belledi we beýleki transkontinental ugurlarda ýüze çykýan dürli kynçylyklaryň çäklerinde ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýeti barada teswir berdi.Dünýäde 6.

Sankt-Peterburgyň Mariinskiý teatrynda Bethoweniň Dokuzynjy simfoniýasy ýerine ýetirildi, konsert simfoniýanyň döredilmeginiň iki ýüz ýyllygyna bagyşlandy.Dokuzynjy simfoniýa ilkinji gezek 1824-nji ýylyň 7-nji maýynda Wenada ýerine ýetirildi. Şol wagt orkestre Bethoweniň özi ýolbaşçylyk edipdi.

Bu gezek orkestre dirižýorlyk etmek türk maestro Jemi Jan Deliormana ynanyldy. 7.Astronomlar gyzyl girdenek ýyldyzyň daşyndan her 13,7 sagatda bir aýlaw edýän täze ekzoplanetany tapdylar.Wolf 327 b diýlip atlandyrylýan ekzoplaneta aşa gysga döwürli superýer hökmünde hasaba alyndy.

Ol Ýerden biraz uludyr we takmynan 2,5 esse agyrdyr.Sport habarlary

8.Arkadag futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Duşuşyk Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçirildi.Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri Demirgazyk Makedoniýanyň Wardar topary bilen güýç synanyşyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Oýundaky ýeke-täk gol hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewiň adyna ýazyldy. 9.Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 2 — 12-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek futzal boýunça Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmak üçin ugrady.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde tälimçiler Kamil Mingazowyň we Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda ýaryşa taýýarlanan 14 zenan futbolçy bar.Deslapky maglumatlara görä, ýaryşyň çäginde geçiriljek oýunlar Täjigistanyň teleýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýaryşdaky ilkinji oýny 4-nji fewralda Gyrgyzystanyň toparyna garşy geçiriler. 10.Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň Dinamo toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitmek kararyna geldi. Çözgüt şertnamalaýyn ylalaşyga laýyk gelýär, şertnamada islendik tarapyň hem hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn bes etmegine rugsat berýän bölüm bar.

Dinamo futbol topary Gurban Bekiýewiçiň kararyna hormat goýýar we ýerine ýetirilen işler üçin sag bolsun aýdýar diýlip, toparyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar. Şeýle hem 71 ýaşly türkmen hünärmeniň täze baş tälimçi bellenýänçä topary 2023/24-nji möwsümiň ýaz bölegine taýýarlamagyny dowam etdirjekdigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý, "Ýalňyz Galdyk" Diýdi
Gün ulgamyndaky täze bir jisimiň üsti açyldy
Taliban hereketiniň wekilleri Ženewa gelip dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendiler
Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
Milli senenamamyzda uly çille döwri başlanýar
Aşgabadyň “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy dokuzynjy doglan gününi belledi