20.03.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident!Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy bilen gutlap, Siziň iberen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.Gadymy Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna baýramçylyk gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.Dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.Si SZINPIN,Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ýazky täzelenişiň we janlanmagyň baýramy bolan Nowruz mynasybetli Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär.

Gadymy Nowruz baýramy köpasyrlyk däpleri, egsilmez gymmaty, biziň halklarymyzyň baý ahlak we köptaraply medeniýetini alamatlandyryp, özara düşünişmegiň hem-de baky dostlugyň maksatlaryny dabaralandyrýar.Biziň özara ymtylmalarymyzyň hem-de berk syýasy erk-islegimiziň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, iş ýüzünde anyk ylalaşyklaryň gazanylmagyna we ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýändigine çuňňur kanagatlanýarys.

Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykardy. Ýagşylykdan we nuranalykdan doly bolan baharyň şu baýramçylyk günlerinde Size uzak ömür, berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormat-sarpa bilen,Şawkat MIRZIÝOÝEW,Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Bahar baýramy — Nowruz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda bu Bahar baýramçylygyna gadymdan bäri hormat goýulýar.Biziň halklarymyz Nowruzy ýürekde beslenen umytlar we ýagşy pikir-niýetler bilen garşylaýarlar hem-de ony zähmetiň, agzybirligiň we dostlugyň baýramy hökmünde belleýärler.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna çuňňur ynanýaryn.Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,Sooronbaý ŽEENBEKOW,Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Sizi we Siziň ýurduňyzyň ähli doganlyk halkyny gije-gündiziň ýazky deňleşmeginiň hem-de gündogar senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygy bolan ajaýyp Nowruz baýramy bilen gutlamak hormatyna eýedirin.

Häzirki döwürde päk we döredijilikli gymmatlyklaryň ählisiniň olaryň milli-medeni geriminiň çäklerinden has alyslara ýaýrap, Ýer ýüzüniň dürli künjekleriniň ýaşaýjylary üçin ýakyn hem-de düşnükli bolmagy we biziň halklarymyzyň däp bolan bu gadymy baýramçylygynyň dünýä jemgyýetçiliginde köpler tarapyndan giňden we aýratyn mähir bilen bellenilýändigi guwançlydyr.

Biziň ýurtlarymyzyň Nowruzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna — dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga, hoşniýetlilige we özara düşünişmäge daýanyp, dostlukly gatnaşyklaryny hem-de köptaraply özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has pugtalandyrjakdygyna we ösdürjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň durmuş taýdan ösüşini we mundan beýläk-de rowaçlygyny üpjün etmek işinde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, asudalyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,Emomali RAHMON,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Ýüreklere ylham berýän ýetip gelen gadymy Nowruz we Bahar baýramy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.Nowruz baýramynyň döredijilikli dabaralanmagy, tebigatyň gülläp açylmagy — munuň özi Beýik Biribardan iberilen täzelenişiň, egsilmez berekediň alamatydyr. Ýylylygyň gelmegi, tebigatyň oýanmagy bilen adamlaryň aň-pikiriniň şu baýramçylyk günleri ýaly arassa we ajaýyp, birek-birege has mähirli we päk niýetli boljakdygyna umyt edýärin.

Umumy tagallalarymyz bilen ynsanlaryň arasynda parahatçylygyň we egsilmez jebisligiň pugtalanmagy üçin şertleri döretmegi, has-da uly ösüşleri gazanmagy hem-de halklarymyzyň abadançylygyny üpjün etmegi başarjakdygymyza bil baglaýaryn.Siziň Alyhezretiňiz hem-de Türkmenistanyň halky üçin şu ýylyň şatlykdan we üstünliklerden doly bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärin.

Hasan RUHANI,Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Bu baýramçylyk ähmiýetli medeni, taryhy we ruhy baýramçylyklaryň biridir, ol biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly özara gatnaşyklary berkidýär.Nowruzy baýram edýän ýurtlaryň ruhy mirasy bolup durýan bu baýramçylygyň gelmegi bilen biziň döwletlerimiziň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglygyny we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.Mohammad Aşraf GANI,Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halkyna gülleýän baharyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Nowruzyň umumy baýram edilmegi gadymy däp-dessurlaryň hem-de halklaryň medeniýetleriniň, olaryň raýdaşlygynyň we jebisliginiň nyşanydyr.Nowruz baýramyny belleýän ýurtlaryň halklary üçin, aýratyn-da, Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halky üçin abadançylygyň, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň päk buşlukçysy bolmagyny Beýik Alladan dileg edýärin.

Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de ähli ugurlarda ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine umyt edýärin.Siziň Alyhezretiňize berk jan saglygyny we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Doktor Abdulla ABDULLA,Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
08.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşýar
29.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary
11.08.2019 | Türkmen Lideriniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlarlar gelip gowuşdy
27.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar