20.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Ministrler Kabinetiniň şu hepdäniň çarşenbe güni bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilýän däp bolan duşuşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmek arkaly ýurdumyz bu wezipäniň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşdi hem-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, köpugurly özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de oňa täze itergi berilmegine mynasyp goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri ýokary derejede geçirildi, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan özara hyzmatdaşlyk meselesinde möhüm orny eýelejekdigini belledi.Biziň ýurdumyz möhüm goşulyşmak işleri üçin binýat bolmaga taýýarlygyny hemişe tassyklaýar.

Türkmenistanda GDA-nyň işi bilen baglanyşykly, şol sanda pudaklaýyn goşulyşmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlyga degişli iri çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär.Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirmek bilen, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, GDA-da ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn giň we netijeli gatnaşyklary ösdürmek işine saldamly goşant goşýar.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze pikirler we başlangyçlar öňe sürüldi.Arkalaşygyň ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasy häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere kybap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol ýagdaýlara öz wagtynda täsir etmek, olaryň mazmunyny we ugruny göz öňünde tutmak, umumydünýä ykdysady işleri babatda GDA-nyň ykdysady gün tertibini döretmek hem-de öňe ilerletmek üçin bäsleşikli artykmaçlyklary peýdalanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozaly bilen, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly strategiki ugurlary aýratyn belläp, bu ulgamlarda iri möçberli we uzakmöhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.Milli Liderimiziň pikirine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy öz geosyýasy hem-de geoykdysady ýörelgeleri babatda yklymda esasy orny eýelemelidir, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etmelidir. 2019-njy ýylda möhüm halkara guramalarda GDA döwletleriniň netijeli gatnaşyklary dowam etdirildi.

Arkalaşygyň ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk hem-de hormat goýmak ýörelgelerini yzygiderli goradylar. Ählumumy gün tertibinde parahatçylyk we gepleşikler medeniýetini berkarar etmek, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşdular. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly guramalaryna dalaşgärler boýunça ses berlende, GDA ýurtlarynyň ýola goýlan özara goldamak tejribesini bellemek gerek.

Mysal üçin, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul etdi.

GDA-nyň ähli ýurtlary hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin bu möhüm ähmiýetli teklibi goldaýandyklaryny, şol resminamada beýan edilen maksatlary ýerine ýetirmegiň üstünde bilelikde işlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.Arkalaşygyň işlerinde döwletara ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Şeýle hem Arkalaşygyň döwletlerinde durmuş-medeni ugurly birnäçe beýleki ähmiýetli çäreler guraldy.

Türkmenistan ylym-bilim, medeni, sport, syýahatçylyk hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary giňden we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýär.Bu ulgamdaky gatnaşyklara ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýagdaýy hökmünde garalýardy. …Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň Pulkowo halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.Bu ýerde milli Liderimizi Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli garşylady.

Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar. Özara salamlaşylandan soňra, GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çäkli görnüşde resmi däl duşuşygy geçirildi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA-nyň Liderleriniň şeýle resmi däl duşuşyklary däbe öwrüldi.Munuň özi ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň jemlerini jemlemek, geljek döwür üçin meýilnamalary alyşmak üçin ýene-de bir mümkinçilikdir.

Umuman, geçip barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin netijeli ýyllaryň biri boldy.Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ählisi geçirildi.Olaryň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekilmegini, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň kabul edilmegini möhüm gazanylanlaryň hatarynda görkezmek bolar.

Mundan başga-da Arkalaşygyň medeni gün tertibi baý many-mazmunly boldy.Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, döwlet Baştutanlarynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendiklerini belledi.

Bu sene Arkalaşygyň ýurtlarynyň ähli halklary üçin uly ähmiýete eýedir.Biziň döwletlerimizde Beýik Ýeňşi gazanan esgerler we serkerdeler, tylda tutanýerli zähmet çekip, bu ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşan adamlar hakdaky taryhy hakydany gorap saklamak we pugtalandyrmak üçin köp işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda GDA ýurtlarynyň ählisinde Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip etdi.

Türkmenistan şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlyk görmek we baýram etmek boýunça esasy çäreleri geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz GDA ýurtlarynyň Liderleriniň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitinde aýtdy. Şonda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi kabul edildi. Şeýle hem şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halklaryň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin medalyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Türkmenistan GDA-da başlyklyk ediji ýurt hökmünde Arkalaşygyň ähli döwletleri tarapyndan öz işiniň uly goldawa eýe bolandygyny duýup geldi. Öňde uly bilelikdäki işler, şol sanda ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, bilelikde hojalygy ýöretmegiň tejribesine innowasion usullary we nusgalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara çykmak boýunça işler durýar.

Geljek ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň halkara ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny baýram eder. Şunuň bilen baglylykda, GDA ýurtlarynyň ählisiniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny goldandyklaryny bellemek gerek. Şu ýyllaryň dowamynda biziň döwletimiz işjeň orny eýelemek bilen, dürli halkara meselelerini çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde peýdalanmagyň ýokary netijeliligini birnäçe gezek görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi köp babatda sebit we halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, köptaraplaýyn ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti boldy we şeýle bolmagynda galýar. 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatyň geçirilmegi öňümizdäki senäniň çäklerinde esasy çäre bolar.

Türkmenistan GDA başlyklyk ediji ýurt hökmündäki wezipesini tamamlamak bilen, şu ýyl geçirilen ýokary derejeli maslahatlarda beýan edilen ähli maksatlary, şol sanda GDA döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak, Arkalaşygyň giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen başlangyçlara ýardam berýän maksatlaryň doly durmuşa geçirilmegini ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň işine täze itergileriň berilmelidigi barada aýdyp, häzirki wagtda Arkalaşygyň çäginde hem, beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygyň täze, häzirki zaman meýilleriniň hem-de nugsalarynyň zerurdygyny nygtady.

Bu gatnaşyklar ählumumy ykdysadyýetiň çalt üýtgeýän ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala getirilmegine, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir.Bularyň ählisi biziň hyzmatdaşlygymyzyň häsiýetine belli bir derejede gaýtadan garamagy, däp bolan ugurlardan başga täze, geljegi uly gatnaşyklara çykylmagyny talap edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

GDA-nyň işiniň häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň binýadynda goýlan maksatlara hem-de esaslaýyn ýörelgelerine eýerýändigi möhüm şertdir.Arkalaşyk geçen ýyllaryň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň erk-islegine, deňhukuklylygyna, özara düşünişmegine we hormata esaslanýan hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde saýlap alan ugruna eýerdi.

Bu ýörelgelere eýermek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ukyplylygy we çeýeligi üpjün etdi, ol hyzmatdaşlygyň täze giňişliklerini we mümkinçiliklerini açýar.Halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde GDA-nyň saklanyp galmagyny şertlendirýär. Şu günki geçirilen ýokary derejeli resmi däl duşuşyga, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesini hasaba almak bilen işjeňlik we oňyn häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, şeýle hem bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny artdyrmaga özara gyzyklanmanyň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde garamak bolar. ...Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pulkowo howa menziline bardy, şol ýerden Aşgabada ugrady.

Ýene degişli makalalar

Prezident Berdimuhamedow GDA liderleri bilen nahar edinip, “Jokjokyjyk” baletine tomaşa etdi
06.12.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk has-da berkeýär
11.10.2019 | Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
14.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri...