2016-njy Ýylda Ýewrowideniýe Bäsleşiginde Birinji Ýeri Eýelän Žamala Türkiýä Geldi

2016-njy Ýylda Ýewrowideniýe Bäsleşiginde Birinji Ýeri Eýelän Žamala Türkiýä Geldi

Žamala; “Ukrainada bigünä ilat birnäçe günden bäri bombalanýar. Kiýewde, Ukrainanyň esasy böleginde zenanlar, çagalar, garrylar we asuda ilat janyny goramaga çalyşýarlar” diýdi.

Türkiýä, türk halkyna we Prezident R.T.Erdogana beren goldawlary üçin ukrain halkynyň adyndan sagbolsun aýdan sungat ussady; “Türkiýe, asyrlardan bäri bolşy ýaly şu günlerde-de hiç hili zada garaşmazdan ynsanperwer jogapkärçiligi we wyždany sebäpli gapylaryny açdy” diýdi.

Ýaş sungat ussady 2 çagasy bilen Türkiýä gelýänçä başdan geçiren kynçylyklary hakynda durup geçip; “Türkiýä bosgun hökmünde geljegimi hiç kelläme gelmezdi” diýdi.

24-nji fewral ir säher Kiýewde bombalaryň sesi bilen oýanandyklaryny aýdan Žamala, Krym tatarlary bolan mamasynyň beýleki Krym tatarlary ýaly 1944-nji ýylda ýurtlaryndan jyda düşendigini nygtap, özüniň hem ýurduny taşlap gaýtmaly boljakdygyny hiç haçan pikir etmädigine ünsi çekdi.

Urşuň bes edilmelidigini aýdan sungat ussady; “Ýoldaşym Ukrainada galdy we men bäri, bütin dünýä sesimi ýetirmek üçin geldim. Sebäbi uruş durmaly we hemmeler urşa garşy durmaly” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Şarif Yslamabatda Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryny ösdürmäge söz berdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şols Türkiýä Sapar Eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny