2020- -nji ýylyň modelleri taýýar

Ýylyň ikinji ýarymyna girilmegi bilen öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary özleriniň 2020-nji ýyl üçin modellerini hödürläp başladylar.Nusgalyk we hakyky görnüşleri tanyşdyrylan käbir modeller barada gysgaça maglumatlar:“Ford F-Seriýa Super Duty”:Amerikada iň köp satylýan pikap modeli bolan “F-Seriýasy” kyn ýol şertlerinde münmäge niýetlenipdir.

Ulagyň tigriniň ululygy 35 dýuým, ýerden beýikligi 18 dýuým bolup, 83 santimetrden çuň suwdan geçip bilýär. Ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljak “F-Seriýasynyň” 7,3 litrlik we 6,7 litrlik görnüşleri bolar.“KIA Xceed”:Koreý kompaniýasynyň krossower modeliniň täze nusgasy dizaýn babatda täzelenipdir.

Islendik ýol şertlerinde sürmäge niýetlenen SUV modelleri öndürýän KIA ulaglarynyň sport häsiýetini hem gözden salmaýar.Täze model ululyk babatda hem tapawutlanýar.Hetçbek nusgasyndan tapawutlylykda “Xceed” 25 millimetr has uzyn, ýerden beýikligi bolsa 42 millimetr köpeldilipdir. 12 reňkli görnüşi bolan ulagyň bagažynyň göwrümi 426 litre barabar.

Krossoweriň tigirleriniň 16 dýuýmlyk hem-de 18 dýuýmlyk görnüşleri bar.Içi barada aýdylanda, “KIA Xceed”-de sürüjiniň öňünde 12,3 hem-de 10,25 dýuýmlyk multimediýa ekranlary bar.

Ulagyň benzin hem-de dizel hereketlendiriji görnüşleri bolup, olaryň göwrümleri 1 litrden 1,6 litre çenli üýtgeýär.Geljekde ulagyň gibrid görnüşli nusgasynyň hem öndüriljekdigi mälim edildi.Kompaniýanyň Slowakiýadaky zawodynda öndüriljek “KIA Xceed” şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.

“Renault Captur”:Fransuz kompaniýasynyň B klasyndaky SUV bazarynyň lideri hasaplanýan “Captur” modelinden 2013-nji ýyldan bäri 1,2 milliony ýerlenipdir.Gysga wagtda müşderileriň söýgüsini gazanan modelden geçen ýyl 230 müňüsi satylypdyr.

Bäsdeşligiň has ýitileşýän şu döwründe modeliň has ykjam SUV modeliniň içine girilende, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň netijelerini görmek bolýar.Täze ulagyň tanyşdyrylyşy “Renault” toparynyň “Drive the Future” (2017-2022) maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Hytaýdaky zawodda öndüriljek ulag global bazardan hem has köp paý almak isleýär.Model dünýäniň ähli bazaryna şol bir at bilen hödürlener.“Renault” topary 2022-nji ýyla çenli 12 sany elektrokar modelini işläp taýýarlamagy maksat edinýär.

Täze “Captur” “E-TECH Plug-in” atly täze “plug-in” (toga ötürip bolýan) gibrid motorly ilkinji “Renault” modeli bolar. Şeýle hem kompaniýa 2022-nji ýyla çenli has köp müşderisi bolan bazarlara niýetlenen ulaglarynyň ählisinde internet baglanyşygyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Täze “Captur” internet baglanyşykly multimediýa ulgamy we “EASY CONNECT” ekoulgamy bilen üpjün ediler.Geljekki üç ýylyň dowamynda fransuz topary awtonom sürüş tehnologiýasy bolan 15 modeli satuwa çykarmagy maksat edinýär.

Täze model hem bu babatda öňdebaryjylaryň biri bolar. “Captur”-yň uzynlygy 4,23 metr bolup, bu görkeziji ozalky modelden 11 sm uzyn diýmegi aňladýar.Ulag ähli tarapy görýän (360°) kameralary arkaly welosipedçileri we pyýadalary anyklaýar.“Audi Q7”:Nemes brendiniň täze Q7 modeli ozalky modellerinden has üýtgedilipdir.

Uly SUV ulagyň öň tarapy gaýtadan dizaýn edilipdir.Howa sorujylar we öňki çyralar düýpgöter täzelenipdir.Täze “Audi Q7”-niň yz tarapyndaky hrom çyzyk ulagy has giň görkezýär.

Ulagyň yz tarapyna ozalkylardan has üýtgeşik LED çyra oturdylypdyr.Täze modeliň içiniň dizaýnyna seredilende, öň tarapyndaky goşa ekran ünsüňi çekýär.Ulagyň içiniň giňligi ozalkydan 11 mm giňeldilipdir.

MMI nawigasiýa we “Audi connect” ulgamlary täze modeliň ähli görnüşinde bolar. Ýarym awtomat sürüş ulgamy bolan “Car-to-X” ulgamynyň hem “Audi Q7”-ä ornaşdyryljakdygy mälim edildi.Sentýabr aýynda satuwa çykaryljak ulagyň ilkinji görnüşleri dizel hereketlendirijili bolar.

Soňra benzin bilen işleýän “Audi Q7”-ler müşderilere ýetiriler. Ýeňil gibrid tehnologiýasy ulagyň ýangyjy tygşytlamagyna mümkinçilik berer.Täze modelleriň bahasy barada maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Aşgabatda Enrico Marinelli erkek egin-eşik dükany açyldy
2019-njy ýylda satuwa çykaryljak awtoulaglar
Aşgabadyň häkimiýetleri ýene-de split-sistemalary aýyrýarlar
Elektrokar önümçiligine başlar