2021-nji ýylyň esasy kosmiki taslamalary

2021-nji ýylyň esasy kosmiki taslamalary

Ýöriteleşdirilen Space.com portalynyň awtorlary 2021-nji ýylyň esasy kosmiki missiýalarynyň sanawyny düzdüler. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

2020-nji ýyl kosmos pudagy, şol sanda beýleki iş ugurlary üçin hem agyr boldy. Şeýle-de bolsa, pandemiýa şertlerinde-de birnäçe uly kosmos missiýalary amala aşyryldy. Şu ýyl Ýaponiýa Aýa ilkinji kosmiki enjamyny ibermegi meýilleşdirýär. Ýaponiýanyň Yaoki enjamynyň Ýeriň tebigy hemrasyna United Launch Alliance amerikan kompaniýasynyň Vulcan Centaur raketa göterijisiniň kömegi bilen eltilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, bu ýyl orbitada 1990-njy ýyldan bäri işleýän “Habbl” teleskopuny çalşyrmaga niýetlenen Jeýms Uebb kosmiki teleskopy uçurmak meýilleşdirilýär.

NASA-nyň ýene bir taslamasy Ýupiteriň troýan asteroidlerini öwrenmek boýunça Lucy awtomatiki missiýasynyň başlamagy bolar.Portalyň awtorlary 2021-nji ýylyň esasy taslamalarynyň arasynda Russiýanyň “Luna-25” missiýasyny aýratyn belleýärler. Ýene bir uly kosmiki taslama NASA amerikan aerokosmiki agentligi bilen şertnama boýunça Boeing kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Starliner kosmos gämisiniň synagy bolar. Şeýle-de, 2021-nji ýylda Ýeriň orbitasyndaky hapalary aýyrmak ulgamyny döreden Ýaponiýanyň Astroscale kompaniýasynyň missiýasy Russiýanyň “Soýuz” raketa göterijisi arkaly “Baýkonur” kosmodromyndan uçurylar.

Ýene degişli makalalar

Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura gutlag hatyny iberdi
Индия и Япония активизируют работы по совместной миссии на Луну