2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi

2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi

YouGov kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde, 2021-nji ýylda dünýäniň iň abraýly 10 adamynyň sanawy kesgitlenildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Geçen ýylda bolşy ýaly, ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama we onuň aýaly Mişel dünýäniň iň abraýly erkekleriniň we aýallarynyň sanawynda birinji orunda durýar.

Ilkinji onluga Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, futbolçylar Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi, aktýor Jeki Çan, SpaceX-iň esaslandyryjysy milliarder Ilon Mask, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we Alibaba-nyň esaslandyryjysy Jek Ma, şeýle hem Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin girýär.

Belläp geçsek, Putin şu ýyl üç basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orna çykdy.ABŞ-nyň öňki we häzirki prezidentleri Donald Tramp we Jo Baýden, degişlilikde, 13-nji we 20-nji orny eýelediler.

Iň abraýly zenanlaryň sanawyna aktrisa Anjelina Joli, Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizelizaweta II, teleýaýlym alyp baryjysy Opra Winfreý, aktrisalar Skarlett Ýohansson, Emma Uotson, Priýanka Çopra, aýdymçy Teýlor Swift, Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel we hukuk goraýjy Malala Ýusufzaý girdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Szinpin: BRIKS duşuşygy ösýän ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkider
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Eýran bilen Hindistan ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistanyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar