2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi

21-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alnyp taýýarlanylan resminamada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň degişli hasabatlaryny we maglumatlaryny bermegiň tertibi we onuň möhletleri kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň anyk mümkinçilikler we maglumatlar esasynda düzüljek baş maliýe meýilnamasy bilen bilelikde, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda, ähli pudaklar boýunça degişli seljerme işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Resminama ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, hususy pudagyň höweslendirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, durmuş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin, milli pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanda jemi içeki önümiň ösüşi 6,1 göterime deň boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi