2023-nji ýyl Ýewraziýa döwletleri taýdan nähili geçdi

2023-nji ýyl Ýewraziýa döwletleri taýdan nähili geçdi

2023-nji ýylda Ýewraziýa sebitinde möhüm wakalar bolup geçdi. Geliň olara gysgaça ser salalyň.

2023-nji ýyldda Ýewraziýa sebitiniň esasy wakasy Ukraina-Russiýa söweşi bldy.Söweş iki ýyldan bäri dowam edýär.BMG-niň görkezijilerine görä, Ukrainada asuda ilatyň ýitgileriniň sany 10 müňe golaýlady.

Russiýanyň we Ukrainanyň goşunlarynyň ýitgileriniň sany anyk bilinmeýän hem bolsa, ýogalanlaryň sanynyň 1 milliona golaýlandygy çaklanylýar.Russiýanyň ilki inkär eden we soň Ukrainada işjeň peýdalanan hakynatutma Wagner topary resmi Kremle garşy baş göterdi we netijede Russiýanyň hökümeti şol resmi däl guramany dargatmaga mejbur boldy.

Palestina meselesi sebäpli dünýä gün tertibinden düşen ýaly hem bolsa, Russiýa-Ukraina söweşi 2024-nji ýylda-da Ýewraziýa sebitiniň esasy meselelerinden biri bolmagynda galar.

15-17-nji Martda Russiýada we 31-nji martda Ukrainada geçiriljek prezident saýlawynyň netijeleriniň söweşiň bes edilmegine täsir ýetirip ýetirmejekdigi bilinmeýär.

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Garabagda harby operasiýa geçirip, sebitiň gözegçiligini dolulgyna ele aldy. Bikanun Garabag dolanşygynyň ýolbaşçylary jenaýat işine çekildi. 2024-nji ýyl Günorta Kawkazda parahatçylyk ýyly boljaga meňzeýär. Sebäbi resmi Ýerewan Azerbaýjan bilen ýaraşyk ylalaşygy üçin başlangyçlar etmäge, Türkiýe bilen özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin işe girişmäge, Russiýa garaşly syýasatdan çetleşmäge başlady.

Serhet düşnüşmezligi sebäpli ozal birek-birek bilen çaknyşan Gyrgyzstan we Täjigistan 2023-nji ýylda serhetleriň kesgitlenmegi üçin işleşýändiklerini beýan etdi. Ýewraziýa ýurtlary owgan halkyna hem goldawyny dowam etdirdi. Hytaý Halk Respublikasy Talybany resmi taýdan ykrar eden ilkinji ýurt boldy.

2023-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlarynda geçilmegi meýilleşdirilen sebitleýin we halkara maslahatlar öz wagtynda guraldy. Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy, GDA-nyň Parlamenara Assambleýasy, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň sammiti, Türki döwletleriň guramasy we TÜRKPA sammitlerini geçirdiler.

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlaryna bolan gyzyklanmasy artdy. Merkezi Aziýa+1 sammitleri ABŞ, Ýewropa bileleşigi, Germaniýa, Russiýa, Hytaý ýaly ýurtlaryň arasynda geçirildi. J5+1 formatyndaky daşary işler ministrleriniň maslahatlary 10-dan gowrak ýurt bilen däbe öwrüldi. Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlary Russiýa bilen günbataryň arasynda deňagramly syýasat alyp barmaga çalyşdylar.

Ýewraziýa ýurtlarynyň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen 2023-nji ýylda özara ýokary derejeli saparlar arkaly ösdi. Arap ýurtlarynyň Ýewraziýa ýurtlaryndaky maýa goýumlary artdy.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Hakan Fidan Bakuwa Bardy
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Hakan Fidan: "Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň sessiz şärigidir" diýdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi