2023-nji ýylda 10 minutdan az wagtyň içinde smartfona zarýad bermäge ukyply tehnologiýa peýda bolar

2023-nji ýylda 10 minutdan az wagtyň içinde smartfona zarýad bermäge ukyply tehnologiýa peýda bolar

Häzirki wagtda dünýäde alty minutda smartfona 0-dan 80%-e çenli zarýad berýän iň çalt zarýad beriji tehnologiýa bar. Indiki ýyl bolsa bu prosesi hasam çaltlaşdyrjak çözgüt tapylar. Bu barada Digital Chat Station-yň meşhur insaýderiniň sözüne salgylanyp, ixbt.ru habar berýär.

Portalyň bellemegine görä, öndürijileriň ähli tagallalary bir zarýad beriş sikliniň wagtyny azaltmaga gönükdirilendir, sebäbi gurluşlaryň çäkli ölçegleri sebäpli gajetleriň öndürijiligini ýokarlandyrmak we olary uzak wagt işlär ýaly etmek mümkin däl. 2022-nji ýylyň iýul aýynda noldan 100%-e çenli 10 minutda zarýad alýan 200 Wt kuwwatly super çalt zarýad beriji bilen iQOO 10 Pro smartfonynyň relizi boldy.

Insaýderiň aýtmagyna görä, indiki ýyl bazara has gowy netijeleri görkezjek gurluşlar çykar, çünki öndürijiler zarýad beriş wagtyny bir belgili görkezijä çenli azaltmagy meýilleşdirýärler, bu hem smartfonyň zarýad alyş wagtynyň 10 minutdan az boljakdygyny aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň stadionynda ilkinji duşuşyk geçiriler
Camp Nou-da abatlaýyş işlerine badalga berildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
Katara çempionat döwründe näçe syýahatçy bardy?
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
Katar 2022-niň petekleriniň bahasy näçe, iň gymmat Dünýä Kubogy