2023-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

2023-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda 28-nji dekabrda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşliginde mälim edildi.

Özbek Lideriniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegin görä, söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birek-biregi Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlap, dogan türkmen we özbek halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gol çekilen şertnamalaryň, şol sanda parlamentara dialogyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ähli ileri tutulýan ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini uly kanagatlanma bilen bellediler.

Özara söwda dolanyşygynyň mukdary artýar — 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollardan artar. Daşkentde we Aşgabatda söwda öýleri açyldy hem-de Şabat — Daşoguz serhetýaka söwda zolagyny bilelikde döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň amaly taraplary barada pikir alşyldy hem-de 2024-nji ýylda geçiriljek duşuyklaryň meýilnamasyna garaldy.

Ýene degişli makalalar

Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky özara gatnaşyklar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Prezident Erdogan Özbek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar
Özbek prezidentiniň Magtymguly baradaky karary türkmenleriň arasynda 'çekişme' döretdi