2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy

“The New York Times” neşiri tamamlanyp barýan ýylda iň halanan kitaplary saýlady. Kitaplaryň bäşisiniň çeper toslamadygy mälim edildi.

Sanawyň başynda Pol Mýurriniň “The Bee Sting” kitaby bar. eserde irland maşgalasynyň başdan geçiren wakalary barada gürrüň berilýär. Sanawyň ikinji ornuny 2018-nji ýylda Milli kitap gaznasy tarapyndan “35 ýaşdan kiçi 5 ýazyjy” atly sanawa girizilen Nana Kwame Adjeý-Brenýanyň ilkinji romany “Chain-Gang All-Stars” kitaby eýeläpdir.

Üçünji orny eýelän fransuz ýazyjysy Maýlis de Kerangalyň “Eastbound” atly eserinde Sibirde otly syýahatynda Alýoşa atly esgeriň başdan geçirýän wakalary beýan edilýär.Sanawda iňlis ýazyjysy Zedi Smitiň “The Fraud”, Daniýel Masonyň “North Woods”, Jonatan Roseniň “The Best Minds”, Kerri Howliniň “Bottoms Up and the Devil Laughs”, Jon Waýllantyň “Fire Weather”, Ilýon Wunuň “Master Slave Husband Wife” we Patrisiýa Ewangelistanyň “Some People Need Killing” eserleri girizilipdir.

Ýene degişli makalalar

'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi
Ýangyna çydamly
Ekspert: Rohde & Schwarzyň gurallary Türkmenistanda Interneti yzarlamaga mümkinçilik döredýär
Russiýanyň Merkezi Harby okrugy: Türkmenistan bilen bilelikdäki harby tälimler täzeden dikeldi