2023-nji ýylyň nyşany — towşanjyk bilen ms studio fotostudiýasynda Täze ýyl fotosessiýasy

2023-nji ýylyň nyşany — towşanjyk bilen ms studio fotostudiýasynda Täze ýyl fotosessiýasy

Täze ýyla gadam basmagymyza bir aýdan gowrak wagt galdy, ýöne häzirki pursatdan özüňi Täze ýylyň baýramçylyk ruhunda duýmak bolýar.

Feýerwerk ýaly Täze ýyl baýramçylygynyň jadyly duýgusyny hem-de bagtly öwüşginleri döredýän maşgala abadançylygyny döretmäge ms studio fotostudiýasy giňden ýardam edýär. Hut şu günki günden baýramçylygyň öňüsyrasynda gyşky fotosessiýany guramak işleri geçirilýär.

Fotostudiýanyň gurşawynda eýýäm häzirki günlerden çagalar we uly ýaşlylar üçin Täze ýyl bezegleri guralyp ugrady. Oýunjaklar we çyralar bilen bezelen arça dikilip, onuň aşagynda owadan kagyzlara gaplanan sowgatlar ýerleşdirildi.

Bu ýerde ýerleşdirilen hakyky töňňeler düzülen kamin peçleri gurşawyň has-da ýakymly bolmagyna ýardam edýär. Emeli gar örtülen ýerlerde bolsa gyşy alamatlandyrýan sanka, konkiler hem-de Täze ýylyň beýleki nyşanlary bar.

Ýöne, bu ähli bezegleriň bolany bilen Täze ýyly Aýazbabasyz we Täze ýyl lybassyz göz öňüne getirip boljakmy? Fotostudiýanyň myhmanlaryna başgaplar, ädijekler, warežkalar, girdenejikleriň lybaslary we beýleki egin-eşikler hödürlenýär.

Studiýa tarapyndan ýetirilýän özboluşly surata düşürme işleriniň biri bolsa — 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanjyk bilen alynýan fotosuratdyr. Towşanjyk bilen diňe ýekelikde däl-de, eýsem maşgala bolup surata düşmek, şeýle-de süýji arzuwlary etmek pursatlaryny fotosurata geçirmek örän ýakymly bolar. Eýsem, Gündogar täleýnamasyna laýyklykda, towşan öý haýwany hasap edilip, onuň geljek ýylda maşgala abadançylygyny getirmegi arzuw edilýär.

Tejribeli fotosuratçylar wizual sazlaşygyň talaplaryna we düzgünlerine eýermek bilen, öňki we yzky fonuň elementlerini nazarda tutup, ýordumly fotosuratlary düşürýärler.

Janly we duýgularyň hakyky ýüze çykmagy tebigy düşürilen fotosuratlarda aýdyň ýüze çykýar. Oňaýly fotostudiýada ýene bir ajaýyp ýordumy maşgala bolup arçany bezemek arkaly döredip bolar. Bengal çyralary bolsa çagalarda şatlyk hem-de guwanç duýgularyny döreder.

Kakasy, ejesi hem-de körpe bilelikde piramida şekilinde surata düşselerem örän ajaýyp fotosuraty döredýärler.Bu hili fotosuratlar hakyky begenmegi, durmuş şatlygyny ýüze çykarýar.Maşgala bolup fotostudiýada surata düşmek — bu Täze ýyl ertekisiniň özboluşly görnüşini döretmekdir.

Täze ýyl fotosurata düşmek çäresinden bolsa diňe süýji ýatlamalar däl-de, eýsem, islendik wagt şol ýatlamalara dolajak fotosuratlar hem galar.Diňe özüňize we ýakynlaryňyza baýramçylyk şatlygyny sowgat ediň.

Şunuň bilen birlikde, ms studio fotostudiýasynyň topary öýlere baryp ýa-da tebigat gurşawynda, ýa bolmasa oturlyşyklarda Täze ýyl fotosessiýalaryny guraýar.

Fotosurat hyzmatlaryny şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 108, Joşgun söwda merkezi.

Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84.

Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Ardahan Gül Ary Baly
Aşgabatdaky Göwher dükany täze kosmetika önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar
Röwşen haryt nyşanynyň dükanlary ýaş türkmenistanlylara täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlanmaga kömek ederler
Diňle: Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar
Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar