
7-nji iýulda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginde Fransiýanyň Luwr müzeýinde Türkmenistanyň müzeý gymmatlyklarynyň sergisini gurnamak meselelerine bagyşlanan türkmen we fransuz bilermenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.
Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we täzeden dikeltmek müdirýetiniň, şeýlede Aşgabadyň müzeýleriniň hünärmenleri Luwryň gadymy gündogar bölüminiň ylmy hünärmenleri bilen türkmen tarapynyň işläp taýýarlan taslamanyň konsepsiýasy, ony durmuşa geçirmegiň tapgyrlary, eksponatlaryň ady we sany barada maslahatlaşdylar.
“Pariždäki Luwrda 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri türkmen-fransyz arhelogiýa toparynyň üstünlikli işleýän,ajaýyp ýadygärlik-Ulug-Depe sebitinde geçirilen gazuw işlerinde tapylan artefaktlar görkeziler”diýip TDH ýazýar.
Sergini 2024-nji ýylda geçirmek планируется meýilleşdirilýär.
Bellenmegine görä, häzir Türkmenistanyň döwlet hasabynda 1400-den gowrak taryhy we medeni desgalar bar. Olaryň aglabasyni arheýologiýa ýadygärlikleri düzýär.
Ulug-depe şäherçesi Aşgabatdan 70 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň eteklerinde ýerleşýär. Bu ýerde 2001-nji ýyldan bäri türkmen-fransuz arheýologlar topary işleýärler diýip “Alpagama” neşiri habar berýär.
Ulug-depäniň tutýan meýdany 15 gektara deň. Depäniň beýikligi-häzirki düzlükden 30 metre deň. Adamlar bu ýerde eýýäm,täze daş döwründe ýaşapdyrlar.
Ulug-depe şäherçesiniň iň güýçli ösüş döwri irki mis eýýamyna (miladiden öňki 5-4 müň ýyllara) degişlidir.
Ol ýerde ilkinji gezek köpsanly alabaster waza tapyldy, şol sanda, Merkezi Aziýadaky ýeke-täk köşk rezidensiýasy ýa-da dini toplum bolan içki gala tapyldy diýip neşir ýazýar.
The post 2024-nji ýylda Luwrda Ahal welaýatyndaky gadymy şäherçe Ulug-Depeden tapylan taryhy tapyndylaryň sergisini gurnamak meýilleşdirilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.