2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek teklip edilýär

2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek teklip edilýär

Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we iş saparynyň barşynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidentine ýetirmegi haýyş etdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, bu çözgüdiň türkmen halkynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine we ýurduň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadag täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy we döwlet Baştutanynyň teklibi makullan halatynda, degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow "Milletiň atasy" atlandyryldy