2026-NJI ÝYL GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY DIÝLI YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI ÝAZGY

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary Altyn asyr teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwürlendigi, täze 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly atmyradyň mekany ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhyny has-da belende göterendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de uly ruhubelentlik bilen garşylan täze ýylymyz Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza, bütin türkmen halkyna, rysgal-döwlet, abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky isleg arzuwlarynyň wysala öwrüljekdigi barada aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

2026-NJI ÝYL GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI ÝAZGY
GARAŞSYZLYK GUDRATYNDAN GÜÝÇ ALYP, ÝURT ERKANA BEDEW ATLAR AGYNANDA
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY DIÝLIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI ÝAZGY