2026: Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar

2026: Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministrligi 2026-njy ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak tertibini kesgitleýän ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada Saud Arabystanyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy habar berýär.

Resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň Haj we Umra işleri ministriniň orunbasary Abdulfatta Al-Maşadyň arasynda geçirilen duşuşykda amala aşyryldy.

2025-nji ýylyň 9 12-nji noýabr aralygynda Jidda şäherinde Haj we umra hyzmatlaryna bagyşlanan bäşinji maslahat we sergi geçirilýär. Çärä 85-den gowrak döwletiň wekilýeti bilen bir hatarda Türkmenistandan müftisi Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.

Geçen ýyl 289 sany türkmen zyýaratçysy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça Ylalaşyga gol çekdi
Türkmenistan milli haly baýramçylygy bellenildi, tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär, Ärdogan Türkiýäniň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar
Paýtagtyň we sebitleriň ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde 2017-nji ýylyň giriş synaglary tamamlandy
28.09.2017 | Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidiýen at dakyldy