22.07.2018 | Marynyň çagalar hassahanasy ýokary takyklykdaky kesel anyklaýyş we iň täze bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy

Mary şäherinde welaýatyň körpelerine hyzmat etjek täze dört gatly çagalar hassahanasy işläp başlady, bu ýerde tutuş Mary welaýatyndan körpelere hyzmat ediler.Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda açylan hassahananyň esasy wezipesi innowasion usullar arkaly keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybaratdyr.

Hassahana öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär.Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa hem-de rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, kesel anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär.

Bu ýerde näsaglary dürli ugurdan hünärmenler — oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdolog we beýlekiler kabul eder. Çagalaryň her birine döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlener.Hünärmenleriň ygtyýarynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bar.

Hususan-da, kesel anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, elektroensefalograf, rentgen, tomograf, wideofibrobronhoskop, fibrogastroskop, EKG hem-de beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir.Fizioterapiýa otagynda elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasynyň dürli usullaryny (UWÇ, elektroforez, kwars hem-de beýlekileri) ulanmak üçin iň täze enjamlar bar.

Bejeriş bedenterbiýesi otagynda dürli sport enjamlary goýuldy.Kabul ediş bölüminde hem gaýragoýulmasyz ýagdaýda agyr keselleri bejermek üçin ähli şertler döredildi.Bu ýerdäki otaglar kislorody bermegiň merkezleşdirilen ulgamy, elektrosorujy enjamlar bilen üpjün edildi.

Zerur bolan halatynda näsaga emeli dem bermek üçin Germaniýanyň “Drager” kompaniýasynyň enjamlary oturdylan.Monitorlar bilen näsag çaganyň arterial gan basyşyny, ýürek urgusyny, ganyň kislorod we kömürturşy gazy bilen üpjünçiligini, beden gyzgynlygyny takyk barlamaga mümkinçilik bar.

Dermanlary takyk ölçeýän ýörite gurallaryň bolmagy çagalara agramyna görä dermanlary goýbermäge mümkinçilik döredýär.Operasiýa bölümi gyssagly operasiýa geçirmek üçin ýörite otag narkoz enjamlary, monitorlar, ulaldyp görmek üçin wideokameralar hem-de beýleki gerek bolan enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde ýokanç keselli näsaglar ýüz tutanda, olary beýleki näsaglardan aýry ýerleşdirmäge niýetlenen ýörite otag bar.Bu ýerde hem näsag çaga ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin hemme şertler döredildi.

Barlaghana bölüminde ornaşdyrylan “Siemens”, “ELITE Tech Group”, “Horiba ABX”, “Thermo Fisher Scientific”, “BioMerieux” ýaly ýewropa kompaniýalarynyň döwrebap analizatorlarynyň kömegi arkaly ýaglaryň, uglewodlaryň, beloklaryň we minerallaryň çalşygyndaky özgerişlikleri ýüze çykaryp bolýar.

Olar içki mäzleriň, gemostas ulgamynyň görkezijilerine baha berip, barlaglary halkara ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.Hassahanada pediatriýanyň ösüşinde wajyp ugur bolan çaganyň irki ösüşi we dikeldiş otagy hem bar.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hassahanasynyň öňünde çaganyň ösüşindäki näsazlyklary ir ýüze çykarmak, ösüş näsazlygy bolan maşgala usulyýet we psiholigik kömegini bermek, şahsy maksatnamalary, olaryň ata-enesini dikeldiş çärelerine çekmek bilen çagalar üçin okuw we oýunly ösüş sapaklaryny işläp taýýarlamak ýaly wezipeleri goýdy.

Bu ýerde bejerişiň dürli usullary bilen birlikde, dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitoterapiýanyň göz öňünde tutulandygyny hem bellemek gerek.Hassahanada bolýan çagalaryň her biri melhemlik içgilerden, bejeriş çaýlaryndan we beýleki içgilerden peýdalanyp biler.

Hassahanada diňe bir ýokary takyklykdaky kesel anyklaýyş we bejeriş enjamlary bolman, eýsem, beýleki ýörite gurallar hem bar.Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler döredildi. Şepagat uýasynyň merkezi bölümi göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Marynyň çagalar hassahanasy: ösüp gelýän nesliň abadançylygynyň hatyrasyna ýokary ölçegler
Ýaponiýada martketde pyçakly hüjüm guraldy
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Lebabyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär
Balkanda lukmanlara çagalary hassahanalardan başga ýerlerde sünnet etmek berk gadagan edilýär
Aşgabatly komissiýa Balkanly lukmanlaryň görkünde kemçilik gördi, lukmanlar täze geýim almaga mejbur edilýär