22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy, türkmen alabaýy Merkezi Aziýa owçarkasy diýen ýaryşda Russiýanyň çempiony boldy, Oleg Kononenko Aşgabadyň kosmosdan alnan gijeki fotosuratyny paýlaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 2.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumynyň dowamynda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow Gurbanguly Berdimuhamedowa haýyş bilen ýüzlenip, Şatlyk atly alabaý güjüjegini türkmen halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gowşuryp bermegini sorady. 3.

Prezident Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda ýurduň çäginde agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi.Wise-premýer Batyr Amanowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen sebitlerde agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. 4.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.Saparyň esasy maksady döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Hökümetiniň, Mejlisiniň we degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem maliýe we eksport-karz agentlikleriniň hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiriler. 5.

Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Aşgabat şäheriniň gije Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) bortundan düşürilen fotosuratyny paýlaşdy.Bu suraty Roskosmos döwlet korporasiýasy paýlaşdy.Ak, sary, gyzyl we ýaşyl — ýagtylygyň dürli öwüşginleri garaňkylyga aralaşýar. Şäheriň ýagty çyralary gan damarlary mysaly ýollar bilen birleşip, uly ýyldyzlar toplumyna çalym edýär — diýen teswir bilen bu surat internet sahypasynda ýerleşdirildi. 6.

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Akdus atly alabaýy Merkezi Aziýa owçarkasy ugry boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda Russiýanyň çempiony boldy.Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň Prezidenti tarapyndan Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berlipdi.

Dünýäde

7.Islandiýanyň Siggi's atly ýogurt öndürijisi adaty bolmadyk aksiýanyň başlandygyny habar berdi.Brend bir aýlap telefonyny ulanmadyk adama 10 000 dollar tölemäge taýýardyr.Kompaniýada bellenilmegine görä, sosial ulgamlaryň we smartfonlary uzak wagtlap ulanmagyň howply netijeleri baradaky habarlar olara sanly detoksifikasiýa maksatnamasyny işe girizmäge itergi berdi.

Aksiýa gatnaşmak üçin ýüztutmalary 31-nji ýanwara çenli Siggi's kompaniýasynyň saýtyna ibermeli.Aksiýanyň 10 sany ýeňijisiniň hersine 10 000 dollar, şeýle hem smartfonlar üçin seýfi, SIM karty bolan täze eplenýän telefony we Siggi's ýogurdyny öz içine alýan sowgatlar toplumy gowşurylar. 8.

Hytaýyň paýtagtynda 15 sany sürüjisiz patrul awtoulagy synagdan geçirildi.Synaglar awtonom sürüjilik görkeziş meýdançasynda geçirildi.Sürüjisiz ulaglar gözegçilik, heläkçilik-halas ediş çäreleri, möhüm wakalarda howpsuzlygy üpjün etmek we duýduryş bermek ýaly dürli tabşyryklary ýerine ýetirmek ukyby boýunça synag edildi.

Ulaglar 120 metre çenli kesgitleýiş aralygy bolan 360 derejeli tanamak ulgamy we ýokary derejeli hereket howpsuzlygyny üpjün edýän kuwwatly bort platformalary bilen enjamlaşdyrylandyr.Sport habarlary 9.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylda Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamaga aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ugurdaş edaralaryň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmägy, ussat türgenleri her dört ýylda geçirilýän esasy sport ýaryşyna taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berler. Ýatlatsak, Pariž şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Bäsleşige 206 milli olimpiýa komiteti gatnaşar.Türgenler 32 sport görnüşi boýunça 329 baýrak toplumy ugrunda bäsleşerler. 10.Halkara futbol federasiýasy Merkezi Aziýa sebitinde ýetip gelýän iň uly futbol ýaryşlarynyň ikisini 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyny we 2024-nji ýyldaky futzal boýunça dünýä çempionatyny görkezmek üçin media hukuklarynyň giňeldilendigini habar berdi.

FIFA Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan ýerli mediakompaniýalary 30-njy ýanwara çenli bu ýaryşlary ýaýlyma bermek hukuklary üçin ýüz tutmaga çagyrýar.

Ýene degişli makalalar

Alem Sport egin-eşikler & aýakgaplar dükanynda Buka brendiniň sport lybaslarynyň toplumyny satyp gutarmak aksiýasy başlandy
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Billstrýom PKK/ÝPG terrorçylarynyň Stokgolmda Geçiren Aksiýasyny Reaksiýa Bildirdi
Terror Guramasý PKK/ÝPG-nyň Ýaranlarynyň Geçiren Aksiýasy Sebäpli Kazyýete Ýüz Tutuldy
Türkmenistanda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar, Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk hakynda 15 sany resminama gol çekdiler, Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan döwletleriň içinde 10-luga girdi, Halk market ähli dükanlar zynjyrynda gök önümleriň we miweleriň bahasyny 15% çenli arzanlatdy