24.04.2018 | Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy.Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmäge, aýawly saklamaga hem-de bütin dünýäde maddy däl we ruhy mirasy wagyz etmäge toplumlaýyn çemeleşme döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şunda milletiň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklanylýan, iri ylmy merkezler bolan ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn orun degişlidir.

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däp-dessurlary, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazanan deňsiz-taýsyz üstünlikleri — bularyň ählisi baý muzeý gymmatlyklarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.Serginiň açylyşy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konsert maksatnamasy dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Ildeşlerimiziň her bir çykyşynda serginiň mowzugyna kybap gelýän milli öwüşginler äşgär duýuldy.Konsertiň başynda belli türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň sazyna kompozisiýa ýaýbaňlandyrylyp, dutarly tans ýerine ýetirildi.Kompozisiýanyň ahyrynda, gadymdan gelýän ajaýyp däbe görä, milli lybasly gyzlaryň dabara gatnaşyjylara duz-çörek, pişme hödürlemegi bolsa türkmenleriň myhmansöýerlik däpleriniň häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Döwran bu gün” atly aýdyşyk aýdymyny, Nebitgaz toplumynyň “Galkynyş” tans toparynyň ýerine ýetiren tansyny hem sergä gelenler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Gargy tüýdügiň, dutaryň, skripkanyň we beýleki saz gurallarynyň sazlaşykly owazynyň astynda ýerine ýetirilen saz çemeni bolsa türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny we täsinligini görkezip, dabara aýratyn millilik öwüşginini çaýdy.Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän her bir toýda, baýramçylyk dabarasynda küştdepdi tansy hökman ýerine ýetirilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy halk tansynyň joşgunly depginine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler. 2018-nji ýylyň giň möçberli maksatnamalarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän “Ýüpek ýoly — dostluk ýoly” aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.Döwlet Baştutanymyz biziň taryhy-medeni gymmatlyklarymyzyň diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetine eýedigini nygtaýar.

Döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi, şeýle hem bu ulgamda abraýly halkara guramalar we dünýäniň iri muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk bu mirasy, medeni we taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak hem-de öwrenmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda guralan bu sergi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol köp sanly daşary ýurtly muşdaklara taryhyň gadymy döwürlerine şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol döwürlerde Gündogaryň aýry-aýry patyşalyklarynyň arasynda halkara gatnaşyklar ýola goýlup başlapdyr.

Gadymy Marguşuň çäginde köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar tarapyndan şol gadymy durmuşyň aýdyň subutnamalary tapyldy.Bu ýerde jaýlanan adamlaryň ýanynda goýlan serişdeler hem-de onuň ýaşaýjylarynyň zergärçilik önümleri ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.

Olar daşdan, demirden, pil süňkünden ýasalan ýokary çeperçilikli önümlerdir. Şeýle hem küýzegärleriň hem-de heýkeltaraşlaryň ussatlyk bilen ulanan toýun palçygyndan edilen ajaýyp görnüşli küýze gaplary we butparazlyga degişli şekiller tapyldy.

Birmahallar ýeriň çuň gatlagynda galan bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň birnäçe muzeýleriniň gymmatlyklaryna öwrüldi, öýler, şalaryň köşgi we onuň töweregindäki keramatly ýerler “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalary bolup durýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologik gymmatlyklary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde sungatyň ösen derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ägirt uly Goňurdepe oturymly ýeri onuň merkezi bolupdyr.

Ol häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýär.Biziň gymmatlyklarymyzyň Berliniň Täze muzeýinde goýulmagynyň çuňňur manysy bardyr.Bu muzeý ýetmiş ýyllyk arakesmeden soň, golaýda açyldy we özüne nemes paýtagtynyň döwlet muzeýleriniň möhüm gymmatlyklarynyň üç toplumyny: täsin papirus ýygyndysyny özünde jemleýän Müsür muzeýiniň, Ilkidurmuş we irki taryh muzeýiniň, şeýle hem Gadymy Gresiýanyň we Rim imperiýasynyň gadymy döwürleriniň gymmatlyklaryny birleşdirýär.

Meşhur nemes suratçysy Gerlinda Kýolbliň täsin işleri Berlin sergisine aýratyn öwüşgin çaýýar.Bu suratçy Gadymy Merwde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň we desgalarynyň, Murgap jülgesiniň haýran galdyrýan tebigatynyň, Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň çeper suratlaryny düşürmek üçin, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyza geldi.

Goňurdepe täsin we özboluşly arheologik ýadygärlikdir.Ol gadymy Murgabyň akymynyň ugrunda ýerleşen, bürünç eýýamyna degişli üç ýüzden gowrak ilatly toplumy özünde birleşdirýär. Şol oturymly ýerleriň köpüsi henize çenli Garagumuň çägeleriniň aşagynda ýerleşýär.

Olaryň ählisi biziň eýýamymyzdan ozalky iki müňünji ýylda gülläp ösüpdir we guraklyk döwri başlananda hem-de Murgabyň bu sahawatly jülgäniň ýerlerini suw bilen üpjün edip bilmedik döwründe adamlar bu ýerleri taşlap gidipdirler. Özüniň möçberleri bilen haýran galdyrýan Goňurdepe dünýäde meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan 1972-nji ýylda tapyldy. Şondan iki ýyl geçenden soň, onuň ýolbaşçylyk eden Marguş arheologiýa ekspedisiýasy bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işlerini geçirip başlady.

Meşhur arheolog bu ekspedisiýa ömrüniň ahyryna çenli, 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk etdi.Häzirki wagtda gazuw-agtaryş işleri Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň arasynda baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde dowam etdirilýär. Şu günler Goňurdepede nobatdaky meýdan işleri başlandy.

Onuň barşynda alymlar we gymmatlyklary dikeldiji ussalar geçmişiň täsin ýadygärligini öwrenmegi hem-de onuň bahasyna ýetip bolmajak desgalaryny goramagy dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar. Şäheriň taryhy ady, gynansak-da, bize nämälimdir, çünki henize çenli bu çäk barada şol döwrüň ýazuw subutnamalary saklanyp galmandyr. Ýöne bu ýerde ýüze çykarylan tapyndylaryň ählisi onuň ýurduň dolandyryş, medeni we dini merkezi bolandygyna şaýatlyk edýär.

Onuň birmeňzeş, ýöne biraz tapawutlanýan atlary bolupdyr.Ol birmahallar Mouru (Zoroastrileriň mukaddes Awesta kitabynda ol şeýle atlandyrylýar), Marguş (Patyşa Dariniň meşhur Behistun ýazgysynda şeýle görkezilýär — biziň eýýamymyzdan ozalky 521 — 520-nji ýyllar), Margiana (antik döwürde ony şeýle atlandyrypdyrlar), orta asyrlarda Merw diýlip atlandyrylypdyr.

Diňe ýurduň hökümdary we onuň maşgalasy ýaşan aýratyn şäher şol döwürlerde täze ýerleri gözläp, günbatardan gündogara göçüp-gonan taýpalar tarapyndan biziň eýýamymyzdan ozalky 2250 — 2300-nji ýyllarda esaslandyryldy. Ýöne bu şähere tutuş ýurduň ýaşaýjylary doga-dileg etmäge hem-de möhüm ähmiýetli dessurlary berjaý etmäge gelipdirler.

Tutuş şäher çig kerpiçden: peçlerde bişirilmedik, diňe Günüň aşagynda guradylan toýun parallelepipedlerden gurlupdyr. Şäheriň merkezinde hökümdaryň giň zallary, howlulary, dürli dessurlar bilen baglanyşdyrylan otaglaryň aýratyn toplumlaryny öz içine alýan köşk bina edilipdir.

Ony täsin desgalar hem-de üçburçly gözara deşikli gorag diwarlaryna meňzeş desgalar hem-de gönüburçly diňler gurşap alypdyr.Emma bu gözara deşikler diňe bezeg elementleri bolup hyzmat edipdir, olar ok atmak üçin niýetlenilmändir.

Her birinde çylşyrymly düzümli ojaklar gurnalan diňler ýaly, bu desgalar hem uly dini äheňli baýramçylyklarda ot ýakmak üçin ulanylana meňzeýär.Hut munda Ot we Suw mukaddes, arassa tebigy hadysalar hasaplanylypdyr.

Adamlar olara sežde edipdirler. Şoňa görä-de, köşgüň diwarlarynyň gündogar tarapynda Ot ybadathanasy, günorta tarapynda bolsa Suw ybadathanasy ýerleşipdir.Gadymy marguşlylaryň dini dessurlarynda köpçülikleýin nahar iýmek dessury möhüm orun eýeläpdir. Şonda olar ýurduň dürli künjeklerinden gelip, bir ýere jem bolup, hudaýlara gurbanlyk beripdirler, deprekleriň owazlarynyň astynda ýörite iki kameraly peçlerde taýýarlanylan gurbanlyk mallarynyň etini iýipdirler, ösümliklerden aýratyn usul bilen taýýarlanylan homa — saoma içgisini içipdirler, şeýle hem akrobatlaryň we tansçylaryň çykyşlaryna tomaşa edipdirler.

Marguş ýurdunyň ýaşaýjylary ajaýyp küýzegärler bolupdyr: toýundan ýasalan gap-gaçlar gyzdyrylýan peçlerde örän ýokary temperatura emele gelipdir.Munuň özi oňat hilli önümleri almaga mümkinçilik beripdir.Marguşlylar bürünji eretmegi we ondan diňe bir ekerançylyk üçin niýetlenen zähmet gurallaryny, ýaraglary, dürli isgeneleri, bizleri we beýleki gurallary däl, eýsem, zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny hem taýýarlamagy başarypdyrlar.

Olar altyny hem, kümüşi hem işläp bejermegi başarypdyrlar, olardan täsin gap-gaçlary hem-de bezegleri ýasapdyrlar.Marguşlylaryň Müsüriň we Mesopotamiýanyň ýaşaýjylaryndan hem öň iki örküçli düýeleri bolupdyr, gap-gaçlardaky şekiller hem muňa şaýatlyk edýär, şeýle hem olar çylşyrymly kompozisiýaly mozaika pannolaryny ýasamagy öwrenipdirler: agajyň ýüzüne aýratyn ýelim gatlagy çalnypdyr, onuň ýüzünde gara, gyzyl we ak reňkler bilen surat çekilipdir, käbir bölekler bolsa (mysal üçin, haýwanlaryň kelleleri, ganatlary, aýaklary) daş bölejiklerinden emele getirilipdir.

Surat çekmegiň, daşlary goýmagyň hem-de olar üçin minerallary taýýarlamagyň we seçip almagyň örän inçe hem-de oýlanyşykly tehnologiýasyny aýratyn nygtamalydyrys.Sünnälemek işlerini ýeňilleşdirmek hem-de önümleriň berkligini üpjün etmek üçin minerallar ýokary temperaturada bişirilipdir.

Köp halatlarda olara dürli reňkler çalnypdyr.Marguş ýurdunyň ilatynda diňe olaryň özünde hem-de olaryň goňşy we garyndaş Baktriýa ilatynda duş gelen birnäçe örän ähmiýetli önümler bolupdyr.Olar ozaly bilen, daşdan ýasalan heýkeljikler bolup, olaryň göwresi gara daşdan, kellesi we elleri bolsa ak daşdan ýasalypdyr.

Olar diňe mazarlarda duş gelipdir hem-de ähtimal, şehitler bilen bagly bolupdyr.Bürünçden ýasalan heýkeljikler has giňden ýaýrapdyr, olar zenanlara degişli bolup, möhür şekilli daşlaryň ýüzündäki şekiller adamlardan ýa-da zatlardan (mysal üçin, keramiki gaplaryň içindäkiler) ýaramaz güýçleri kowmaga niýetlenipdir.

Baktriýa — Marguş arheologik toplumy üçin kiçijek sütünler diýlip atlandyrylýan daşdan ýasalan diskler (entek belli bolmadyk usul bilen dessurlarda ulanylypdyr), şeýle hem ýokary durmuş derejesiniň nyşanlary hasaplanan daş we bürünç hasalar, ala taýaklar, ýüzi kütelen paltalar hem häsiýetli bolupdyr.

Murgabyň köne hanasynyň ilaty goýun, geçi, düýe we sygyr saklapdyr, keýik we ýabany doňuz awlapdyr.Olar eýýäm atlary ulanypdyrlar hem-de olary çapan bolmagy mümkindir.Marguşlylaryň durmuşynda it aýratyn orun eýeläpdir.

Olar itleriň birnäçe görnüşini, şol sanda daýaw, türkmen alabaýyna meňzeş, şeýle hem taza meňzeş aw itini ýetişdiripdirler.Marguşlylar bugdaý, arpa, gawun, üzüm, alma, garaly we beýleki miweli baglary hem-de ekinleri ösdüripdirler. Şol eýýamyň beýleki halklary ýaly, gadymy Marguş ýurdunyň ýaşaýjylary gymmatbahaly zatlaryny aradan çykan garyndaşlarynyň jaýlanan ýerlerinde goýupdyrlar.

Mazarlaryň diwarlary, şeýle hem içinde aýratyn gymmatly sowgatlar bolan ýörite agaç sandyklar beýleki otaglardan tapawutlylykda, dürli reňkli mozaika bilen bezelipdir.Mazarlaryň gizlin ýerlerinde, şol sanda ýer astynda gymmatbahaly gaplar ogrulardan gizlenipdir.

Mysal üçin, şeýle ýerleriň birinden altyn, kümüş we bürünç gaplaryň 24-si tapyldy.Tapyndylaryň arasynda keramiki gaplar, emeli usul bilen işlenen daşlar, daş we bürünç önümleri bolup, olar gadymy marguşlylarda goýunlara we beýleki mallara hormatyň aýratyn dessurlarynyň bolandygyny görkezýär.

Goňurlylar öz döwri üçin üýtgeşik inženerler hem bolupdyrlar.Esasy desgalaryň içinden bir-birine seplenen turbalardan ybarat zeý suw akabalar ulgamy geçipdir, olar toplumyň jaýlarynyň diwarlarynyň we pollarynyň weýran bolmagyna ýol bermezden, suwy daşyna çykarypdyr.

Mundan başga-da, toplumyň günortasynda, howuzlaryň birinde çig kerpiçden ýörite süzgüç gurlupdyr.Murgabyň hanasyndan akyp gelýän bulanyk suw oňa ýörite gurlan ternawdan gelip düşüpdir.Ol süzgüjiň içinde gamşyň galyň baldaklarynyň arasynda durlanypdyr, soňra arassa görnüşde süzgüjiň beýleki diwarynda ýerleşen deşikden çykyp, kiçi howzy doldurypdyr.

Goňurdepeden tapylan adamlaryň süňkleriniň galyndylary antropologlara olaryň daşky keşbini dikeltmäge hem-de olaryň ýüzleriniň köpdürlüliginiň şol gadymky bürünç asyrynda emele gelip başlandygy barada aýtmaga mümkinçilik berdi. Ýokarda sanalyp geçilenleriň ählisi we beýleki köp sanly ýagdaýlar akademik Wiktor Sarianidä şol ýerde, Günorta — gündogar Türkmenistanda, häzirki Garagumuň adamsyz çägeliklerinde öň mälim bolmadyk dünýä siwilizasiýasynyň Merkezi Aziýa ojagynyň bolandygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki döwürde Aşgabadyň we Marynyň muzeýleriniň aýratyn gymmatly bölegi bolup durýar.Indi ýewropalylar hem Türkmenistanyň gadymy gymmatlyklaryny öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar.

Goňurda gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.Bu işleriň esasy maksady geljekki nesiller üçin gadymy binagärlik toplumyny halas etmekden we aýawly saklamakdan ybaratdyr.Häzirki wagtda bu wezipe entek özüniň syrlaryny doly açmadyk gaýtalanmajak toplumy mundan beýläk-de öwrenmek we dikeltmek boýunça toplumlaýyn döwlet maksatnamasynyň bir bölegine öwrüldi. Ýumşak, süýgeşik palçyk gadymdan bäri örän ýönekeý we arzan, şoňa görä-de, has giňden ýaýran gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edipdir; ol adamlaryň oturymly ýaşaýşa geçen döwründen bäri, Merkezi Aziýada giňden ulanylypdyr.

Häzirki wagtda çig palçykdan galdyrylýan diwarlar ýaly, saman bilen garylan palçyk ýörite agaç galyplara salnypdyr, soňra gataýança Günüň aşagynda guradylypdyr. Şeýle palçyk kerpiçlerden garyp adamlaryň hütdük jaýlary hem, Gündogaryň ilkinji şäherleriniň ajaýyp köşkleri we ybadathanalary hem gurlupdyr.

Goňuryň bir köşgüni gurmak üçin şeýle galyplanan kerpiçleriň birnäçe million sanysyny taýýarlamagyň zerur bolandygy hasaplanyldy. Şol kerpiçlerden gurlan we suwuk palçyk bilen berkidilen diwarlaryň iki tarapy hem suwalypdyr we örän tekiz bolýança ýylmanypdyr.

Marguş ýurdunyň ägirt uly desgalarynyň ählisi şeýle usulda gurlupdyr.Gadymy ussalar näçe tagalla etseler-de, palçykdan galdyrylan desgalar hemişelik bolmandyr, ýöne diwarlaryň diňe esasy we aşaky bölegi müňýyllyklar geçse-de saklanyp galypdyr.

Olaryň üstüni Garagumuň çägesi basypdyr.Munuň özi tebigy ýagdaýdaky konserwasiýa bolupdyr. Ýöne ýadygärligiň üsti açylanda we onuň gorag gatlagy aýrylanda, ol ýagşyň we ýeliň täsiri astynda ýene-de dargap başlaýar. Şoňa görä-de, olary goramak zerur bolup durýar.

Arheologlaryň işleri tamamlanandan soň, desgalary dikeldiji hünärmenler hut şu iş bilen meşgullanýarlar.Soňky ýyllaryň dowamynda Margiana ekspedisiýasy we “Gadymy Merw” goraghanasynyň dolandyryş edarasy Goňur köşgüniň diwarlaryny yzygiderli dikeldýärler.

Bu işler maddy çykdajylary, adam serişdelerini we wagty talap edýär. Ýöne indi bu ýere gelýänleriň ählisi onuň diňli we gözara deşikli diwarlarynyň, patyşa ybadathanasynyň, köşgüň esasy zallarynyň nähili bolandygyny görüp bilýärler.

Merhumy jaýlamak dessurynyň berjaý edilýän toplumynyň otaglarynyň daşy doly ýapyldy we bölekleýin abatlanyldy.Desgalaryň daşyny ýapmak işleri geçirilmezden öň, Türkmenistanda toplanylan tejribäni nazara almak bilen guralan ýörite synaglar geçirildi.

Restawratorlar patyşa gonamçylygynyň iň täsin kümmetlerini dikeldýärler.Olaryň üstünde ýapyk pawilýonlar ornaşdyrylýar.Olar ýüze çykarylan diwarlaryň weýran bolmak howpuny azaldýarlar hem-de şeýle seýrek duş gelýän desgalara syn etmek üçin, olaryň içine girmäge mümkinçilik berýär.

Hut şol pawilýonlar tutuş Goňur baradaky gymmatlyklaryň özboluşly meýdan muzeýlerine öwrülýär.Goňurdepe indi köpden bäri ykrar edilen syýahatçylyk merkezine öwrüldi.Jahankeşdeleriň aglabasy köp sanly ajaýyp ýerleriň arasynda dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen gadymy şäheriň bardygyny öňünden bilip, Türkmenistana gelýärler.

Olar baryp gadymy döwürlerde hem başarjaň gurluşykçylar, ussat zergärler, küýzegärler hem-de heýkeltaraşlar bolan türkmenleriň ata-babalarynyň guran desgalarynyň gerimini öz gözleri bilen görmelidirler.Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlygy ýurdumyzy bütin dünýä açyp görkezmelidir. Şu babatda halkara syýahatçylyk döwletimiziň geçen eýýamlaryň şaýatlary bolan gymmatly baýlyklaryny dikeltmekde we aýawly saklamakda gazananlarynyň has netijeli hem-de täsirli mahabat serişdesi bolup hyzmat edýär.

XXI asyrda Marguş ýurdy öz syrlaryny açýar we döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatlylygynyň hem-de bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülýär.Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Taryha çenli döwür we irki taryh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky şu sergi hem muňa ýardam edýär.

Sergi 15-nji oktýabra çenli dowam eder hem-de Berlinden soň, nemes şäherleriniň ikisinde guralar.Dört aýyň dowamynda sergä Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeýler toplumynda tomaşa edip bolar. Ýörite şu waka mynasybetli alymlar hem-de taryhyň muşdaklarynyň giň köpçüligi üçin niýetlenen katalog neşir edildi.

Sergä gelýänler gözden geçirilişde ýaňy-ýakynda hem Garagumda gizlenip ýatan, indi bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dört müň ýyl geçenden soň, öz ajaýyp medeniýetiniň beýikligini dünýä äşgär edýän gadymy türkmen patyşalygynyň hakyky gymmatlyklaryny görüp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär
Türkmenistan Goňurdepe arheologik ýadygärliginiň açylmagynyň 50 ýyllygyny belleýär
Miras žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär
26.11.2019 | Nurly Margiana ilkinji gezek Russiýada görkezildi
Nurly Margiana ilkinji gezek Russiýada görkezildi