24.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykowyň hem-de Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde giň gerimli energetika we aragatnaşyk düzümleriniň döredilmeginiň hem-de işiniň kämilleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Bu düzümlerde başy başlanan giň gerimli taslamalar, şol sanda energetika hem-de aragatnaşyk pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Maslahatda ilki bilen energetika ministri M.Artykow häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär.

Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Daşoguz — Balkan we Balkan — Ahal welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoblogyň döredilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary DES-inde bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän ilkinji buggaz elektrik bekediniň işe girizilmegi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka boldy.Bu döwrebap elektrik bekedi Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artmagynda möhüm orun eýeledi.

Onuň umumy kuwwaty 1574 megawata barabardyr.Bu ýerde dünýäde meşhur General Electric amerikan kompaniýasynyň 4 gaz we 2 bug turbinalary ornaşdyryldy.Iki görnüşli desgalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, howa gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2 — 3 esse peseldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.Marydaky buggaz elektrik bekedi hem döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň hataryna girýär.

Bu desganyň döwrebaplygy, ykdysady taýdan netijelidigi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzdygy halkara güwänamalary bilen tassyklanyldy.Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy — Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygy dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak gazturbinaly elektrik bekedi Sumitomo ýapon kompaniýasy tarapyndan gurulýar.

Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileri Owganystanyň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi, biziň ýurdumyz goňşy döwlete yzygiderli kömek berýär. 2018-nji ýylyň tomsunda geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şeýlelikde, elektrik energiýasyny goňşy döwletiň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.

Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi.Hünärmenlerimiz elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.

Elektrik geçiriji ulgamyň açylyş dabarasynyň çäklerinde, Elektrik geçiriji ulgamy gurmak barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda meýiller hakyndaky Teswirnama gol çekilendigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň ähmiýetini belledi. Şunlukda, hereket edýän we gurulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň ekologiýa talaplaryna doly kybap gelmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän mukdaryny has-da artdyrmaga ýardam eder.Degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge, dostlukly döwleti durnukly ösdürmäge we ýagdaýy kadalaşdyrmaga saldamly goşant goşmaga kömek eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly durmuşy gurmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär.Häzirki döwürde amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak ýaly iri taslamalar diňe bir şolara gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebitiň döwletleri üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde aragatnaşyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, onda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli emeli hemranyň nobatdakysynyň äleme çykarylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Belli bir aralykdan dolandyrmak işi onuň wezipesine girýär. Şunuň bilen birlikde, TürkmenÄlem 520E milli emeli hemranyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.Soňra Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezow garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek, oňa iň häzirki zaman tejribelerini we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.Mälim bolşy ýaly, şu aýda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen Kiberhowpsuzlyk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi.

Bu Kanun ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrmak işini kesgitleýär.Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Täzeçil usullar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar.

Munuň özi önümçiligiň guralyşyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär.Habar berlişi ýaly, Türkmentelekom Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri häzirki döwürde Türkmenistan — Gazagystan, Türkmenistan — Özbegistan, şeýle hem Eýran bilen Owganystanyň çäginde optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar, munuň özi telekommunikasiýa geçirijilik ukybyny onlarça esse artdyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, halkara ülňüleri we tehniki kesgitlemeler bilen utgaşdyrmak işleriniň ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyrynyň birnäçe taslamalarynyň göz öňünde tutýandygyny belläp, olaryň her birini pudagyň belli bir ugruna gönükdirmegi tabşyrdy.Ilatyň artýan islegini nazara almak bilen, Altyn asyr milli operatory ýurdumyzy doly ykjam aragatnaşyk, şol sanda 4G bilen, ýakyn döwürde bolsa internetiň 5G tizlikli hem-de ykjam aragatnaşygyň beýleki hyzmatlary bilen üpjün etmelidir.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy.Onuň çäklerinde Innowasion maglumatlar merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.Merkeziň wezipesine elektron okuwyň, şol sanda sanly okuw kitaplary, wideo we audio serişdeleri, interaktiw we multimediýa maksatnamalary we beýlekiler girýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyň ösdürilmegi milli we halkara ölçeglerine, döwrebap maglumat talaplaryna laýyk gelýän bilimi almak üçin ýaşaýan ýerine garamazdan, deň mümkinçilikleri üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, täze optiki-süýümli TOP aragatnaşyk ulgamynyň goňşy Owganystanyň we Pakistanyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna goşulyşmagyna mümkinçilik döretjekdigi bellenildi. Şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler internet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir, ol halkara giňişliginde maglumatlary alyşmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik döreder.

Ony amala aşyrmagyň barşynda milli Data merkezini — maglumatlaryň saklanylýan merkezini, Internet ulgamyna müşderileri birleşdirmegiň hyzmatlar merkezi döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, köp şahaly aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, onuň ählumumy abadançylygyň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, degişli ýolbaşçylara Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylyny netijeli jemlemek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2022-nji ýylda 9 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksporta iberer
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
22.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Elektrik energetikasy we gurluşyk pudaklarynyň ösüşli ýollary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika