25.10.2017 | Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy 1964-nji ýylda döredildi. 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar, şeýle hem halkara guramalarynyň 114-si bu guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýar.

Bu düzüm BMG-niň söwda we ösüş, maliýe, tehnologiýa, maýa goýum meseleleri babatda toplumlaýyn işleri alyp barýan utgaşdyryjy edarasydyr.

Ýene degişli makalalar

Grinspen: BMG-niň indiki başlygy zenan bolar
2022-nji ýylda Türkmenistana goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdary 930 million dollardan geçdi
25.10.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy
15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
05.03.2018 | “Awazada” “Hazar deňzi durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hazar sebitini durnukly ösdürmegiň ugurlary bilen tanşarlar