26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym we bilim ulgamlarynda durmuşa geçirilen möhüm özgertmelere we şanly wakalara beslendi.Bu iki düzümleýin ugra jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarlaryna çykarmakda wajyp orun degişlidir.

Bilim ulgamynyň sazlaşykly kämilleşdirilmegi umumymilli bähbitleriň we her bir adamyň bähbidiniň utgaşmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady, jemgyýetimizi medeni we ykdysady taýdan ösdürmegiň baş şertine öwrüldi. 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda milli Liderimiz bilim, ylym we tehnologiýa ulgamyndaky özgertmeleriň üstünde durup geçip, ýurdumyzda täze, häzirki zaman bilim edaralarynyň 509-synyň hereket edýändigini, ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tehnologiýalar we multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny belledi.

Döwletiň syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatyny herekete girizmek durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksadydyr.Munuň üçin ýurdumyzda bilimiň, maglumat tehnologiýasynyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy.

Türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza mynasyp gulluk etmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki gazanan beýik üstünliklerine guwanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ösdürip ýetişdirmek biziň baş wezipämizdir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze, iň döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, başlangyç hünär we ýokary okuw mekdepleri ulanylmaga berilýär. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, oba ýerlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Ahal welaýaty boýunça — Bäherden etrabynyň Börme obasyndaky 620 orunlyk mekdebi, Kaka etrabynyň Kaka şäherindäki 1106 orunlyk mekdebi we Duşak obasyndaky 1050 orunlyk mekdebi, Balkan welaýatynda — Gumdag şäherindäki 600 orunlyk mekdebi, Serdar etrabyndaky 240 orunlyk mekdebi, Serdar şäherindäki 1170 okuwça niýetlenen mekdebi, Lebap welaýatynda — Dänew etrabynyň Bilal obasyndaky 320 orunlyk mekdebi, Köýtendag etrabynyň Ters obasyndaky 320 orunlyk mekdebi, Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasyndaky körpeleri şatlandyran 90 orunlyk çagalar bagyny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan şulara meňzeş binalaryň dostlukly ýurtlarda hem gurulýandygyny belläp geçmek ýakymlydyr.Maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda täze mekdebiň açylmagy mynasybetli guralan dabara munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde Astrahan sebitindäki iň köp sanly türkmen kowçumy ýaşaýar.Mekdebiň binasy 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolan umumy meýdany tutýan, 190 okuwça niýetlenen iki gatly okuw toplumyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we kompýuterleşdirilendir.Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we milli ruhy gymmatlyklary, milli tejribäni hem-de bu ugurdaky umumy dünýä gazananlaryny utgaşdyrýan özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň gerimli we öňdengörüji maksatnamasynyň möhüm talabydyr.

Däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň ähli birinji synp okuwçylaryna noutbuklar sowgat berilýär.Olar çagalara okuwda kömek edýär.Bu däp döwletimiziň Baştutany tarapyndan 2011-nji ýylda ýola goýlup, çagalary terbiýelemek we sazlaşykly ösdürmek baradaky aladanyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Geçen ýylda 146 müň 873 okuwça şahsy kompýuter sowgat berildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm täzelikleriň girizilmeginiň aýratyn ähmiýeti boldy.Binýatlaýyn dersler bilen bir hatarda, ykdysadyýet, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, usullaşdyrmak we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasion-tehnologiýalar ýaly hünärler hem mekdebiň okuw sanawyna girizildi. 12 ýyllyk okuwa geçilmegi bilen baglanyşykda we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy.

Elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron bilim, maglumat gaznasyny döretmek boýunça okuw maslahatlary guraldy. Ýokary okuw mekdeplerini bitewi bilim ulgamyna goşmak boýunça işler geçirilýär. 2018-nji ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 200 görnüşi neşir edildi.

Orta mekdepleriň, başlangyç, orta hünär okuw mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň okuw meýilnamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi, ýokary hünär biliminiň iki basgançakly ulgamy boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen bilim hakyndaky resminamalaryň täze döwlet nusgalary işlenip taýýarlanyldy. 24-nji martda Bilim hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy; başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň nusgasy; başlangyç hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy; orta hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; bakalawryň diplomynyň nusgasy; bakalawryň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; magistriň diplomynyň nusgasy; magistriň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň diplomynyň nusgasy; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky diplomyň nusgasy; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýyl-ýyldan milli we abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýänleriň sany artýar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.Orta mekdepleriň okuwçylary dürli dersler boýunça abraýly olimpiadalarda ýurdumyza wekilçilik etmek bilen, ýeňiji bolýarlar.Biologiýa, himiýa, fizika we matematika boýunça Hindistanda geçirilen mekdep okuwçylarynyň Amity halkara ders bäsleşiginde türkmen ýaşlary ýokary sylaga — Gran-pri baýragyna mynasyp boldular.

Umumy hasapda medallaryň 21-si, şol sanda altyn medallaryň 8-si we kümüş medallaryň 4-si gazanyldy.Mundan başga-da, 2018-nji ýylda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 99-syna, şol sanda 25 altyn, 16 kümüş we 58 bürünç medala eýe boldular. Ýaş türkmenistanlylar internet ýaryşlarynda hem sylaglaryň köp sanlysyny gazandylar.

Halkara intellektual bäsleşiklerinde talyplar 49 medala, şol sanda 9 altyn, 18 kümüş, 22 bürünç medala, dürli derejeli 17 diploma mynasyp boldular. Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, bu ugurda hünär derejelerini ýokarlandyrmak, iň oňat mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda Bilim ministrligi tarapyndan Ýylyň mugallymy we Ýylyň terbiýeçisi atly döwlet bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Himiýany, biologiýany we beýleki ugurlary çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesini çözmäge ýardam berdi.Köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginini nazara almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmek işi kämilleşdirilýär. Öwredilýän dilleriň görnüşleri artýar. Şeýlelikde, iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri ýurdumyzda üstünlikli işleýär. 2018-nji ýyldan bäri ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şonda bu ulgamda okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny, şol sanda uzak aralykdan okatmagy öwretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dil syýasaty konsepsiýasy Türkmenistanyň bilim özgertmeleriniň düýpli ugurlarynyň biri boldy.Ylymda we tehnikada oňyn tejribeleriň öň hatarynda bolmak, iň täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hünärmenleri hem-de iň möhüm hünär maglumatlaryndan habarly bolmak üçin daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak onuň esasy maksadydyr.

Oktýabr aýynda paýtagtymyzdaky Gurtly ýaşaýyş toplumynda Dalçyn okuw merkeziniň bölüminiň açylandygyny bellemek gerek.Bu merkez ilata dürli hyzmatlary, ilkinji nobatda bolsa, dil öwretmek, terjimeleriň amalyýeti we usulyýeti ulgamynda hyzmatlary hödürleýär.

Türkmen hususy kärhanasynyň bu iş ugry abraýly daşary ýurt hyzmatdaşlary, hususan-da, Angliýanyň ýokary okuw mekdepleriniň iň irkileriniň biri bolan Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň netijesinde aýratyn ösüşe eýe boldy.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak üçin Dalçyn öz döwründe Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.Munuň özi türkmen şereketine ýurdumyzda ilkinji bolup dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanylýan bu uniwersitetiň okuw serişdeleriniň resmi distribýuteri bolmaga mümkinçilik berdi.

Merkez Türkmenistanda iň islegli dilleriň bäşisini: türkmen, iňlis, rus, nemes we fransuz dillerini öwredýär.Diňleýjileriň köpüsi iňlis dilini öwrenmäge ýykgyn edýär. Çünki bu dil halkara aragatnaşygynyň dili hasaplanylýar.

Bu ýerde ýarym okuw ýylynyň dowamynda 2 müňe golaý adam bilim alýar.Kembrij uniwersitetiniň ýörite edebiýat dükany, serişdeler merkezi, açyk sport meýdançasy diňleýjileriň hyzmatyndadyr.Okuwy geçen diňleýjileriň ýeterlik tagallasy netijesinde, olar degişli bilim alyp bilerler. Şol bilimler bolsa olara IELTS halkara ölçeglere laýyklykda, synaglary tabşyrmaga mümkinçilik berer.

Bu synaglar işe ýa-da daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin zerurdyr.Häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary hem-de gaznalary bilen hyzmatdaşlyk ep-esli giňeldildi.

Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, okuw maslahatlary, ylym we bilim wekilleri bilen duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolara köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşýar. Ýurdumyz bilim işine dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.

TEMPUS — TASIS bilim maksatnamasynyň çäklerinde, dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara guramalary — ÝUNISEF, ÝUNFPA, UNDP, ÝUNESKO bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Uzak Gündogar, Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlarynyň iri merkezleri bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary täze derejä çykardylar.

Türkmenistanyň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Ylym we tehnika baradaky komissiýasyna saýlanmagy halkara ylym-bilim giňişliginde döwletimiziň abraýyny artdyrýan üstünlikleriň biridir.Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bilelikdäki çäreleriň birnäçesiniň guralandygyny agzamak bolar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilen gününiň 10 ýyllygyna gabatlanyp guralan dabaralar aýratyn ähmiýete eýe boldy.Häzirki döwürde Halkara gatnaşyklary instituty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny alyp barýan, daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edýän we onuň milli bähbitlerini goraýan hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan türkmen diplomatlarynyň täze nesillerini kemala getirmek boýunça jogapkärli wezipäni alyp barýar. Ýokary diplomatiýa mekdebiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkezi hem-de Türkmenistanyň diplomatik gulluklary üçin edara ediş-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça Okuw merkezi açyldy.

Ministrler Kabinetiniň 20-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezi döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, ýagny, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek arkaly amala aşyrylýar. Şeýle syýasat bize hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça köpugurly gepleşikleri alyp barmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär.

Institut Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen köp sanly çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol çäreleriň hatarynda BMG-niň ýurdumyzdaky edaralarynyň wekilleri we halkara bilermenler tarapyndan geçirilýän duşuşyklar, mowzuklaýyn sergiler, maslahatlar hem-de dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça tegelek stoluň başyndaky duşuşyklar bar.

Türkmen ýaşlarynyň bilim alýan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Ýurdumyzyň ýaşlary Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ugratmagy boýunça gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar. 2017 — 2018-nji okuw ýylynda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalaryna mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän Açyk gapylar syýasaty we milli bilim ulgamynyň ösüşiniň ýokary derejesi netijesinde, daşary ýurtly talyplar hem-de ýokary okuw mekdeplerinde işlemek üçin çagyrylýan mugallymlar Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler.

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekip, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny hem-de 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 10 müňe golaý talyp kabul edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuter öndürilendigini bellemek ýakymlydyr.Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär.Bu işleriň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi. Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty önümçilik üçin ýokary hünärli dolandyryjy işgärleri taýýarlamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär hem-de dünýä belli beýleki institutlar bilen hyzmatdaşlygyň, daşary ýurt hünärmenleri işe çekmegiň möhümdigini nygtaýar.

Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan ybarat türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary ylym we bilim ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň wekilleri Rumyniýanyň rektorlarynyň milli geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şonuň barşynda birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Braşow şäheriniň Transilwaniýa uniwersitetiniň we Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Ýassy şäheriniň Oba hojalyk ylymlary we weterinariýa lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk bar.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Buharestiň raýat gurluşygy uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.Mugallymlaryň hünär derejesi hem ýokarlandyrylýar.Olar iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýärler, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary pugtalandyrylýar.

Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak bilen, bu döwletlerde talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy, halkara ylmy-barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyşmalara hem-de akademiki maglumat ulgamlarynyň ösmegine işjeň gatnaşmagyny üpjün etdi. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, milletiň intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak baradaky syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Ylym jemgyýetiň ösüşinde hereketlendiriji güýçdür.Ony hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, şolary jemgyýetimiziň we döwletimiziň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan esasy wezipeleridir. 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň ylmynyň wekilleriniň umumy ýygnagyna gatnaşdy.

Onuň gün tertibine TYA-nyň ýolbaşçy düzümini saýlamak meseleleri girizildi hem-de strategik döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, ýurdumyzyň baş ylmy merkezi bolan Ylymlar akademiýasynyň häzirki döwürde düýpli hem-de amaly barlaglary ösdürmegi üpjün etmelidigini, jemgyýetiň ylmy we inžener-tehniki mümkinçiligini artdyrmalydygyny, milletimiziň aň-bilim taýdan ösen toparyny — täze döwrüň alymlaryny kemala getirmelidigini, ylmy döredijilige has ukyply ýaşlary çekmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz alymlary ýurdumyza getirilýän tehnikalary hem-de enjamlary, şolaryň dünýä ülňülerine we ýurdumyzdaky anyk şertlere laýyk gelýändigini seljermek işine çekmegiň zerurdygyny belledi.Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri taslamalary, işläp taýýarlamalary we meýilnamalary seljermäge hem giňden çekilmelidir, olaryň pikirleri nazara alynmalydyr.

Halkymyzyň bähbidine döwlet syýasatyny geçirmekde ylmy maglumatlar we alymlaryň tekliplerini giňden ulanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 2018-nji ýylda aspirantura we doktorantura 41 adam kabul edildi.

Ylymlaryň dalaşgäri we doktory derejesine dalaşgärleriň 24-si bellige alyndy. Ýurdumyzda ylmyň wajyp meseleleri boýunça halkara forumlar yzygiderli geçirilýär.Türkmenistanda 12-nji iýunda bellenip geçilýän Ylymlar güni mynasybetli her ýyl guralýan halkara maslahat ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli çärä öwrüldi. 2018-nji ýylda geçirilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar atly maslahata türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Finlýandiýanyň, Bolgariýanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, bu ulgamyň wekilleriniň arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikler diňe bir ylmy ösdürmek üçin zerur bolman, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmaga ýardam edýän ylmy diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Maslahatda edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap ekologiýa çenli dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm amaly we usulyýet meselelerine bagyşlandy.Daşary ýurtly wekiliýetleriň çykyşlarynda ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleriniň nano, himiýa, kompýuter tehnologiýalary, täze serişdeleri işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyna aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde mejlis geçirildi.Onda döwrebap maglumat we kommunikasiýa tehhologiýalary ara alnyp maslahatlaşyldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol tehnologiýalaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygy, ekologiýa we biotehnologiýa bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat-innowasion tehnologiýalara bagyşlanan duşuşyk geçirildi.Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ykdysady ösüş, hukuk, halkara hyzmatdaşlygy hem-de syýahatçylyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hünärmenler lukmançylyk ylmy we derman serişdeleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşlarynda ynsanperwer ylymlary ösdürmek hem-de halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri beýan edildi.

Alymlaryň özara gatnaşyklary diňe bir ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli medeniýetleriň arasynda köpri bolup hyzmat edýär.Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda bu pikiri ençeme gezek tassykladylar.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy daşky gurşawy goramaga ylmy taýdan çemeleşmek meselesine degip geçip, türkmen tebigatynyň biodürlüligiň täsin nusgasydygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy işinde aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady we ýurdumyzyň tejribeli ekolog alymlarynyň gruzin alymlary tarapyndan öňe sürlen ekologiýa taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmagynyň onuň ýokary hilli durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Belarus Respublikasynyň wekiliniň çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, ylmyň hem-de bilimiň okgunly ösdürilmeginiň belarus we türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berip, programmalaşdyrmak, robototehnika, biologiýa, bioinženeriýa ýaly wajyp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigi nygtaldy.

Döwletlerimiziň arasynda döredilýän ygtybarly binýat türkmen-belarus ylmy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, tejribe alyşmaga hem-de iki halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge şert döredýär.

Forumyň myhmanlary Ylymlar güni mynasybetli geçirilen dabaralara — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.Munuň özi türkmenistanlylaryň ýokary bilimli neslini, milli ylym mekdebini ösdürijileri kemala getirmek boýunça geçirilen ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, okuw mekdepleriniň, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, işjeň ylmy işe isleg bildirýän dürli hünärli wekiller gatnaşdylar.

Gözden geçiriliş ýaş zehinleriň 1 müňden gowragyny jemledi.Olar bilermenler toparynyň garamagyna alty ugur boýunça — nano we himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny hem-de ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň we önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti bilen baglylykda, zerurlygy nukdaýnazaryndan ýeňijileri kesgitlediler. Ýaş alymlaryň geňeşleriniň netijeli işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu geňeşler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde hereket edýär. Ýaşlaryň ylym merkezleriniň işine talyplar hem-de olaryň halypalary bolan mugallymlar çekilýär.Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaşlary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge giňden çekmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy barlaglarynyň ileri tutulýan ugurlary nebit we gazhimiýasy, elektrik energetikasy, gurluşyk serişdeleri senagaty, uglewodorod hem-de mineral serişdeleri, beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek, nanokompozision serişdeleri döretmegiň usullary, suwy arassalamagyň, gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň usullary, seýsmohowpsuzlygyň öwrenilmegi ýaly ugurlara, ýagny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýan ilkinji nobatdaky ylmy-tejribe wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda biodürlüligi hem-de tebigy landşaftlary aýawly saklamak, ekologiýa ugurly suw hojalyk taslamalary hem-de milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli bag ekmek maksatnamasy bar.

Bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnama Köpetdagdan Sarygamyş kölüne çenli, Amyderýadan Hazara çenli ýurdumyzyň ähli ýerlerini gurşap aldy.Ynsanperwer ylymlary ulgamynda bilim syýahatçylygy, ýokary netijeler sportunda we bedenterbiýe-sagaldyş hereketinde innowasion tehnologiýalar, etnoekologiýa däpleri, kompýuter dili, mugallymçylyk, sungaty, aýdym-sazy, edebiýaty öwreniş ýaly mowzuklara garalýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, işler dowam etdirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýetilen belent sepgitler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň üstünlige beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan ägirt uly meýilnamalary mundan beýläk-de yzygiderli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
31.01.2019 | Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekildi
29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
25.02.2019 | Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary