26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň PermanyDaşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.

Mähriban halkymyzyň çekýän agzybir we tutanýerli zähmeti netijesinde eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.

Asyrlaryň dowamynda halk seýisleriniň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen topragynda kemala gelip, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin: Awstriýa Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Markus Mag.

Hubmanna, Russiýa Federasiýasynyň Ahalteke-inform žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa, Wengriýanyň Magýar-Turan Fondy jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Andras Zsolt Biro Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň PermanyTürkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.

Beýleki pudaklar bilen birlikde ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär.

Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär.Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, türkmen bedewlerini seýislemäge, olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamaga aýratyn şahsy goşant goşandyklaryny, at çapmagyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitirendiklerini we ýokary netijeleri gazanandyklaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, ýokary ussatlygyny we hünäre ezberligini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly: Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady: Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Annamämmet Aşyrowa, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň türgençisi Rüstem Baýrammuhammedowiç Döwletowa, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň önümçilik bölüminiň atbakary Agamyrat Ýegräýewe, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Ilmyrat Seýitnazarowiç Seidowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Gaýypnazar Öwezsaparowiç Kiçigulowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Döwran Öwezowiç Myratgulyýewe; Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary diýen hormatly ady: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy atşynas Mälikguly Taýlyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ýene degişli makalalar

26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi
24.04.2019 | Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi