27.09.2019 | Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar

Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär.Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar.Garaşsyzlygyň mukaddes baýdagynyň astynda halkymyz özüniň geljegini gurýar, zähmet çekýär, mähriban topragymyzy gülläp ösýän künjege öwürýär.

Bu ýerde ýagşy dessurlara, mirasa hormat goýulýar.Häzirki ýetilen sepgitlere buýsanylýar we täze ösüşlere ynamly gadam goýulýar. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.Onuň halkara giňişligindäki abraýy ýokarlanýar we milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek, durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ýaýbaňlandyryldy.Täze şäherler we obalar gurulýar.Halk Maslahatynyň ýakynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki palataly ulgama geçmek hem-de Halk Maslahatyny we Mejlisi wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak maksady bilen öňe süren teklibi boýunça täze konstitusion özgertmeler hakyndaky çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk forumynda ýurdumyzy 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini kesgitledi.Bu gün bolsa ýurdumyz döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolmagynyň şanly senesiniň uly baýramçylygyny dabaralandyrdy.Paýtagtymyzdaky Baş meýdan baýramçylygyň myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary aýratyn baýramçylyk öwüşgininde garşylady.

Onuň münberlerinde hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Aşgabada gelen toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary bar.

Hemmeler şatlyk-şowhuna utgaşýan dabaranyň başlanmagyna garaşýarlar.Asylly däbe görä, bu ýerde Garaşsyzlyk gününiň baş dabaralary meýilleşdirildi.Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.

Sagat 10.00.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri dabaraly sazy çalýar.Baýramçylyk harby ýörişden başlanýar.

Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişine taýýarlyk barada hasabat berýär.

Milli Liderimiz ýörişi başlamaga rugsat berýär.Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we şol wagt Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.Meýdanda nyzama düzülen türkmen harbylary eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döredilen gününden bäri, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýduwsyz ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dowam etdirip we ençeme asyrlaryň dowamynda emele gelen harby däpleri hem-de harby sungaty kämilleşdirip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan kuwwatly Milli goşuna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda harby ulgamda üstünlikli geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň döwrebap ýörite tehnikalar we ýaraglar bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Harby gullukçylaryň söweşjeň we amaly taýýarlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy.Milli harby işgärleriň täze nesli kemala geldi, esgerleriň we serkerdeleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyryldy.

Türkmen esgerleri döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnika we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.Yzygiderli guralýan taktiki okuwlar hem-de harby-watançylyk terbiýesi, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweşjeň tehnikanyň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmegiň hem-de dolandyrmagyň tälimlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar.Esgerler dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlarynyň ýaş esgerleri we şahsy düzümi gaýduwsyz esger, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewden görelde alýarlar.Ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.

Soňra münberiň öňünden Milli goşunymyzyň serkerdeler batalýony hem-de ata Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýan zenan harby gullukçylar baýramçylyk ýörişini dowam edýärler.Münberiň öňünden geçýän motoatyjy batalýonynyň esgerleri ýokary tälimiň hem-de ussatlygyň ajaýyp nusgalaryny görkezýärler.

Olaryň yzysüre eziz Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýan Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary geçýärler.Döwlet münberiniň öňünde asmana atyjylar batalýonynyň harby gullukçylary geçýärler.Olar eziz Watanymyzy gaýduwsyzlyk bilen goramakda görelde bolýarlar.

Baýramçylyk ýörişine Watanymyzyň, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňünde mukaddes borjuny mynasyp ýerine ýetirýän deňiz-pyýada batalýonynyň harby gullukçylary hem gatnaşýarlar.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerinde Harby-deňiz güýçleriniň esgerleriniň hem mynasyp goşandygynyň bardygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, döwletimiz tarapyndan goşunlaryň bu kysymyna uly üns berilýändigi netijesinde, harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.Dabaraly ýörişi artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi dowam etdirýär.

Olar harby okuw-türgenleşiklerinde takyk ot atyş urgularyny amala aşyrmakda ýokary ussatlyk görkezýärler.Olaryň yzysüre Baş meýdana Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş baş müdirliginiň batalýonynyň harby gullukçylary çykýarlar.

Onuň şahsy düzümi adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de şolaryň netijelerini aradan aýyrmakda dessin kömek bermek boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän şu ýörişe milli goşunymyzyň täze kysymynyň — Territorial goranyş goşunlarynyň batalýonynyň harby gullukçylary hem gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu bölümiň esasy wezipesi döwlet, strategik hem-de aýratyn möhüm desgalary goramakdan ybaratdyr.

Soňra münberiň öňünden Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary batly gadam urup geçýärler.Olar öňdebaryjy taktikany we iň täze tehniki serişdeleri ulanmak arkaly operasiýalara gatnaşýarlar.Bilimiň we ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaş esgerleri ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda harby bilimiň bitewi ulgamy döredildi.Onuň düzümine Goranmak ministrliginiň harby instituty we onuň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultet, Harby-deňiz instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty we Milli howpsuzlyk instituty, Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri, Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi girdi.

Bu okuw mekdepleriniň esasy wezipesi Milli goşunymyz üçin döwrebap tehnikalara we enjamlara ussatlyk bilen erk edýän ýokary hünärli serkerdeleriň täze neslini taýýarlamakdan ybaratdyr.Içeri işler ministrliginiň institutynyň işi hem şu maksatlara gönükdirilendir.

Bu institutyň talyplary şu gün baş meýdandan ynamly ýöräp geçýärler.Beýlekilerde bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde hem okuw-terbiýeçilik işi häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.Soňra Döwlet serhet gullugynyň Türkmen edermen ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmen edermen diýlip atlandyrylan ýörite maksatly batalýonyň esgerleri batly gadam urup geçýärler. Ýörite maksatly bölümleriň şahsy düzüminiň esasy aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr.

Olaryň işiniň esasy ýörelgeleri bolsa söweşjeň wezipeleri çalt çözmek, ykjamlyk bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan şu ýylyň iýun we sentýabr aýlarynda geçirilen Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlaglarynyň barşynda bu düzümleriň esgerleri ajaýyp söweşjeň taýýarlygy görkezdiler.

Milli Liderimiziň Türkmen edermen medalyny döretmek baradaky teklibi bolsa, bu gaýratly ýigitleriň söweşjeň ruhuny galdyrdy.Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri türkmenleriň buýsanjy we şöhratydyr, edermen halkymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna goşan ajaýyp goşandydyr.

Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda bolsa olaryň ýakyn dosty bolupdyr.Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrülip, olar bilen bilelikde jogapkärli wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen döredilen Ýaragly Güýçlerimiziň we Içeri işler ministrliginiň atçylyk bölümleriniň ýörişi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi.

Soňra milli goşunlarymyzyň döwrebap harby tehnikalarynyň nobaty gelip ýetýär.Baş meýdandan Milli goşunymyzyň dürli kysymlarynyň mehanizirlenen kerwenleri yzly-yzyna geçýärler.Kerweniň ýöriş hatarynyň öňüni Combat Guard kysymly harby awtoulag çekýär.

Onuň yzysüre ýörite maksatly bölümler tarapyndan söweşjeň wezipeleri çalt hem-de bökdençsiz ýerine ýetirmek üçin niýetlenen täze motoulag serişdeleri geçýärler.Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehniki serişdeler islendik şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gözden geçirilişi MRZR-D2, MRZR-D4, DAGOR, AJBAN kysymly harby awtoulaglar dowam edýärler.Olar ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenendir.Bu ykjam we şol bir wagtyň özünde-de kuwwatly taktiki ulag serişdeleri barmasy kyn ýerlerde jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge kömek berýär.

Häzirki wagtda Land Rover we NIMR kysymly sowutlanan awtoulagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine kabul edilen kämil tehnikadyr.Dabaraly harby ýörişe gatnaşýan bu döwrebap harby awtoulagyň üstünde söweş alyp barmak üçin tanka garşy raketalar, minomýotlar hem-de pulemýotlar bar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti AL SHIBL kysymly harby awtoulaglar bilen hem ýetirildi.Olar söweş hereketlerinde we taktiki tälimlerde ýörite maksatly toparlaryň dessin hereket etmegi üçin niýetlenendir.

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişe Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki kämil söweş tehnikalary bolan KARAKAL kysymly söweşjeň tehnikalar, şeýle hem BTR-80A kysymly söweş tehnikalary we ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenen KIRPI kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem gatnaşýarlar.

Meýdanda ikinji mehanizirlenen kerwen peýda bolýar.Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň täze nusgadaky aragatnaşyk serişdeleri, şol sanda awtoulag serişdeleriniň üstünde ýerleşdirilen göçme we stasionar radiostansiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Rode Schwarz kysymly häzirki zamanyň döwrebap harby aragatnaşyk enjamlary ýerleşdirilen Land Rover kysymly tehnikalar hem-de FM — 90 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.Olar howa giňişligindäki hem-de suw üsti nyşanalary ýokary takyklyk bilen hatardan çykarýarlar. Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary — Toyota HILUX, COBRA, MANTRA, PMV — SURVIVOR — II, KIRPI kysymly awtoulaglar geçýärler.

Bu ulaglar kuwwatlylygy, tizlik häsiýetleri hem-de ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar. Şol ulaglar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin niýetlenendir.Soňra münberiň öňünden IVECO kysymly awtoulaglar geçýär, olarda oturdylan ZU — 23 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde goşunlaryň ähli kysymlary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda içeri işler edaralary iň täze tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şu gün harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Içeri işler ministrligine degişli OTOKAR, FORD, TOYOTA TUNDRA, GMS Sierra, PMV SURVIVOR II kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar bar.

Baýramçylyk ýörişini ýurdumyzyň harby-howa güýçleri dowam etdirýärler.Olar eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär.Asmanda ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň Mi — 17 we Mi — 8 kysymly dikuçarlary peýda bolýar.

Olaryň yzysüre Döwlet serhedini goramak üçin ulanylýan Agusta — 109 we Agusta — 139 kysymly dikuçarlar uçup geçýärler.Olaryň tehniki häsiýetleri Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryna daglyk we beýleki barmasy kyn ýerlerde gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap dikuçarlary ýokary ussatlyga eýe bolan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar.Asmandaky harby ýöriş Milli howpsuzlyk ministrliginiň Eurocopter — 365 hem-de Içeri işler ministrliginiň Eurocopter — 145 kysymly dikuçarlary bilen dowam etdirilýär.

Baş meýdanyň ýokarsyndan Diamond — 42 kysymly ýörite uçar uçup geçýär.Onuň tehniki häsiýetleri aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmäge hem-de aero-foto we wideo arkaly suratlary almaga mümkinçilik berýär.Olaryň yzysüre Su — 25 kysymly söweşjeň uçarlar baş meýdanymyzyň howa giňişliginde peýda bolýarlar.

Türkmen uçarmanlary söweşjeň dikuçarlary we uçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler.Munuň özi ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerdediginiň kepili bolup durýar.Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişine gatnaşýan bu döwrebap ýerüsti we harby-howa tehnikalary hem-de ýaraglary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy wezipesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga ukyply, ykjam goranyş maksatly goşuny döretmekden ybaratdyr.Bu babatda şu günki harby ýöriş yzygiderli döwrebap enjamlar hem-de harby tehnikalar bilen üpjün edilýän harby we hukuk goraýjy düzümleriň kuwwatynyň ep-esli artdyrylandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Häzirki wagtda Milli goşunymyz Türkmenistanyň çäk bitewüliginiň, milli howpsuzlygynyň, parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.Baýramçylyk dabaralary dowam edýär: döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar.

Esgerler ýaraglary bilen hatarlaýyn emellerini ýerine ýetirmekde ýokary tälim ussatlygyny görkezip, meýdanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndaky parahatçylygyň nyşanyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynyň, şeýle hem Abadançylyk binasynyň we alabaýyň şekillerini emele getirýärler.

Baş milli baýramymyz mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri dabaralandyrýar.Ol 28 diýen şanly senäniň şekilini emele getirdi.Soňra dabaraly ýörişiň ikinji bölüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda meýdana Gün şöhlesine öwşün atýan mele reňkli ahalteke bedewini çykardylar.

Bedewiň baýramçylyk äheňindäki şaý-sepler bilen bezelmegi görnüşlere özboluşly dabara çaýýar. Ýigitler joşgunly bedewiň jylawyndan tutup, onuň gözelligini, çeýeligini we syn-sypatyny görkezýärler.Ynamly gadam urýan bedew toprakdan örküni üzüp, uçmaga hyýal edýän guşuň hereketini ýerine ýetirýär.

Ahalteke bedewiniň görnüşinde özboluşly gudrat bar. Şeýle bedewleri türkmen halkynyň şöhratly atşynaslary ýetişdirip, ony dünýä çykardylar.Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işine çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan köp müňýyllyk milli taryhymyzyň we ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň nyşany bolan ajaýyp bedew sowgat berilýär.

Dabarany alypbaryjy milli Liderimizden ählihalk söýgüsiniň we beýik hem-de asylly başlangyçlara goldawyň nyşany hökmünde şu ajaýyp ahalteke bedewini kabul etmegini haýyş edýär.Türkmen bedewleri ýurdumyzyň ähli baýramçylyklarynyň baş bezegi bolup durýar.

Olaryň her biri ahalteke bedewleriniň şöhratly ýoluny dowam etdirijilerdir.Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň ilkinji günlerinde täze taýçanak dünýä inip, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rowaç diýip at goýmagy bu ýylyň şowly başlangyjyna öwrüldi.

Joşgunly sazyň astynda meýdana gollarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip, 28 atly çykýar.Olar münberiň öňündäki meýdançada göni hatarlary emele getirip, soňra belent başlaryny dik tutup, baýramçylyga gatnaşyjylarda, aýratyn-da, daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ýaş ýerine ýetirijileriň hoş owazly çykyşlary Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlarynyň ussatlygy bilen utgaşdy.

Köp sanly halkara sirk sungaty festiwallarynyň baş baýraklaryna mynasyp bolan bu topar ýakynda Hytaýdan dolanyp geldi.Olar dostlukly ýurtda çäre guraýan tarapyň çagyrmagy bilen boldular.Türkmen atly ýigitleri bu ýerde öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Toparyň agzalarynyň çykyşlary asyl mekany Türkmenistan bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly çäreler bilen utgaşdy.Türkmen halkyna taryhy döwürlerden mahsus bolan at çapmak sungatynyň esasy bedewiň üstünde deňagramlylygy saklamak bolup durýar. “Galkynyş” toparynyň agzalary bolsa çapyp barýan atyň üstünde dürli görnüşdäki çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegi başarýarlar.

Bu gün hem olar paýtagtymyzdaky Baş meýdançada ýaşyl baýdagymyzy belentde parladyp, dürli baýramçylyk çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.Atlylaryň öz çykyşlaryny tamamlamagy bilen, meýdanda ýurdumyzyň ýaşlary peýda bolýarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda olar bilen duşuşyp, ýaşlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ruhlandyrdy.

Milli Liderimiz türkmen ýaşlaryny ýurdumyzyň daýanjy we nurana geljegi hasaplaýar we olara Watanymyzyň mundan beýläk-de şöhratlanmagyna gönükdirilen beýik işleri ynanýar.Türkmenistan — rowaçlygyň Watany atly edebi-sazly çykyşlaryň dowamynda görkezilýän Ýer togalagy tansçylaryň ajaýyp hereketleri bilen gül-gülzarlyga öwrülýär.

Onuň töwereginde folklor we tans toparlarynyň, çagalar aýdym-saz toparlarynyň hem-de baýdak göteriji talyp ýaşlaryň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.Ak reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.Bu görnüşler hoşniýetli arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrülýär.

Soňra meýdanda ak kepderileriň keşbini janlandyran gyzlar peýda bolýarlar.Bu görnüşler parahatçylygyň nyşanyny janlandyrýar.Bu ýerdäki Rowaç taýçanagyň şekili aýratyn täsirli bolupdyr.Bu çykyşlar ýurdumyzyň häzirki döwrüni, parahat asmanyň astyndaky bagtyýar durmuşy janlandyrýar we ony wasp edýär.

Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň dabaraly ýörişi dowam edýän pursatlarynda meýdanda Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!diýen sözler ýaňlandy.Soňra ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan paýtagtymyza gelen wekiller meýdandan geçip başladylar.

Olaryň hatary bilen barýan awtoulagyň üstünde tamdyr görünýär.Munuň özi mähriban ojagyň we Ak öýüň häzirki zaman nyşany bolmak bilen, ýagşy dessurlaryň nesilden-nesle geçirilýändigini alamatlandyrýar.Dabaraly ýörişi ak mermerli paýtagtymyzyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işgärleri dowam edýärler.

Olaryň hatarlary bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň esasy bezegine öwrülen ajaýyp binalar görünýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi.

Ilatyň ýokary durmuş ülňülerini üpjün etmek, adamlaryň ähli eşretlerden peýdalanmagyna giň ýol açan häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmegi ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şeýle hem şu ýyl paýtagtymyzda täze ýaşaýyş toplumlary, döwrebap binalar, seýilgähler we amatly gurşawy döredýän beýleki desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Soňra meýdandan bilim ulgamynyň işgärleri geçip başladylar.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşinde bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belleýär.Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu ulgamda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaşlaryň dünýä ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli bilim almagy üçin zerur şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýär.

Häzirki zaman tehnologiýalaryndan, sanly ulgamlardan ussatlyk bilen baş çykarýan, önümçilige we işewürlige täzeçil usullary ornaşdyrmaga ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamyň işini kämilleşdirmekde wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Şu ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda hut şu meselelere möhüm ähmiýet berdi.

Ylym, bilim edaralarynyň işgärleri we bilim alýan ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, döredijilik we ylym-bilim kuwwatyny durmuşa geçirmek ugrunda giň şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra meýdanda welosipedli türgenleriň hatarlary peýda boldy.Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlyk derejesine ýeten, milli we halkara ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrak eýeleri bar.Häzirki döwürde ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, sebitde iri Olimpiýa şäherçesi olaryň ygtyýaryna berildi. Şu ýylyň tomsunda ýurdumyzyň ýeňil atletikaçylary we dzýudoçylary Ýaponiýanyň Tendo şäherinde okuw-türgenleşikleri geçirdiler.

Bu ýerde olar ýerli howa ýagdaýyna uýgunlaşdylar we 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna güýçlendirilen taýýarlygy geçdiler.Dabaraly baýramçylyk ýörişi Awazanyň keşbini janlandyrdy.Näzli, Meňli, Aşgabat tans toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň sary, ak hem-de gök reňkdäki lybaslary türkmen güneşini, altynsow çägeli suwa düşülýän ýerleri, mylaýym deňzi, ýelkenli gämileri we Hazaryň kenaryndaky ak mermerli binalary janlandyrdy.

Horeografiýa toparlarynyň bu çykyşlary türkmen topragynyň behişdi künjeginiň ajaýyplygyny özünde jemleýän milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlandy.Ulagyň üstünde Awaza kongresler merkeziniň şekili döredilipdir. Şol ýerde şu ýylyň 12-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen şeýle görnüşdäki duşuşyklar diňe bir Hazar sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki hyzmatdaş döwletleriň derejesinde uly isleg bildirilen we goldawa eýe bolan çärä öwrüldi.

Soňra ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärleriniň ýörişi başlandy.Häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň köpşahaly ulgamy häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şolaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylmagyna döwletimiz ägirt uly serişdeler gönükdirýär.

Aşgabat ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň jemlenmegi netijesinde, iri lukmançylyk merkezine öwrüldi.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkezine Dümew boýunça milli merkez derejesini bermegi ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynyň uly üstünliklere eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň lukmançylyk pudagynyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň guramagynyň çäklerinde geçirilen saglygy goraýşyň köpugurly hyzmatlar ulgamy boýunça ýokary derejedäki maslahata gatnaşdy.

Soňra meýdandan ykdysady düzümleriň, bank, maliýe edaralarynyň işgärleri geçdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ösüşi senagat-innowasion ugruny nazarlaýan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýumlaryň 66 — 68 göterimine golaýynyň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň netijesinde üpjün edilýär. Ýurdumyzda döredilen şertleriň netijesinde, Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary üçin has-da özüneçekiji bolup durýar.

Häzirki döwürde milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň maglumat tehnologiýalar eýýamynda döwlet özygtyýarlylygynyň möhüm ugry bolan sanly ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşiniň gazanylmagyny nygtaýar.Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary Garaşsyzlyk gününi zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar.

Söwda we telekeçilik ulgamynyň wekilleriniň çykyşlary şol ýeten derejeleri beýan edýän gürrüňler bilen utgaşdy.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, söwdanyň, hyzmatlaryň we hususy pudagyň ösüşi bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklarynyň möhüm şertini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan gurlan köp sanly durmuş we senagat maksatly desgalar bu ulgamda döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümleri alyjylaryň islegini kanagatlandyryp, içerki bazarda öz ornuny pugtalandyrdy we ol daşarky bazary özleşdirmegi dowam edýär.

Häzirki döwürde türkmen işewürleri tarapyndan döredilen kärhanalar gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlarynyň, azyk harytlaryň önümçiliginde işjeňlik görkezip, daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler. Ýurdumyzyň telekeçilerine täze iri taslamalary ynanmak bilen, milli Liderimiz olaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär we hususy pudagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty bu günki guralan dabaraly ýörişde öz mümkinçiliklerini görkezdi.Dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän dünýä önümçiligi bilen mynasyp bäsdeşlik edýär.

Haly önümçiligi ösüşiň belentliklerine çykýar. Ähli welaýatlarda haly önümçiliginiň ulgamy giňeldilýär.Halyçylyk we dokma kärhanalarynyň işgärleri öz pudaklarynyň derejesini doly görkezmäge çalşypdyrlar.Häzirki döwürde bu ugurda gadymy senetkärçilik däpleri döwrebap esasda dowam etdirilýär.

Baýramçylyk meýdanynda Toýa Arkadag geldi atly toý aýdymy ýaňlanýar.Bu aýdym Dokmaçylar folklor-etnografiýa toparynyň joşgunly tanslary bilen utgaşýar.Türkmen toýunyň özboluşlylygyny özünde jemleýän bu çykyşlara talyplaryň çeper höwesjeňler toparlary hem goşuldylar.

Senagat pudagynyň işgärleri awtoulaglaryň üstünde önümçilik düzümleriniň şekillerini görkezýärler.Ykdysadyýetiň bu pudagyny ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sebit we dünýä derejeli iri kärhanalar gurulýar we olar önümçilige tabşyrylýar.

Bu bolsa milli senagatymyzyň önümçiligini ýokarlandyrmak we onuň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl Ahal welaýatynda dünýäde ýeke-täk tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe girizildi.

Häzirki döwürde elektron senagatyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kompýuter önümçiligi ýola goýulýar, himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.Gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalarda uly ýokary göteriliş duýulýar.

Münberiň öňündäki meýdanda bezegli ulaglar peýda bolýar. Şolaryň birinde türkmen topragynyň datly miweleri, ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň önümleri görkezilýär.Beýlekisinde bolsa dag dereler, şaglawuklar, tebigy goraghanalarynyň haýwanat dünýäsi hem-de ajaýyp tebigy künjekler görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda oňyn dessurlary bar. Şol bir wagtyň özünde bu ulgama täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri artdyrylýar. Ýerli önümçiligiň hasabyna ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Şeýlelikde, obasenagat toplumynyň eksport mümkinçilikleri, gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçiligi ýokarlanýar.

Türkmenistanda tebigaty, biodürlüligi goramaga, sebitleýin we ählumumy derejede ekologiýa meseleleriniň çözgüdine möhüm üns berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşini tassyklady.Munuň özi ýurdumyzyň umumydünýä meselelerini çözmekde halkara tagallalara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňra dabaraly ýörişi demirýolçularyň, suw ulaglary işgärleriniň, raýat awiasiýasynyň lybaslaryndaky adamlar dowam edýärler.Olar bilen degişli pudaklaryň ýeten derejesini görkezýän awtoulaglaryň hereketi utgaşýar.Milli Liderimiz amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeli amala aşyrylmagyna möhüm üns berýär. Ýurdumyzda demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary, söwda floty düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň meseleleri yzygiderli çözülýär.

Bu bolsa halkara awiagatnawlaryň, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň geografiýasyny giňeltmäge, halkara ähmiýetli logistik multimodal geçelgeleri döretmäge mümkinçilik berýär.Awtoýollar düzümleriniň we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işgärleri ýurdumyzyň baş baýramyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar.

Häzirki zaman estradaçylarynyň, belli ýerine ýetirijileriniň aýdymlarynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň sazlaşykly ösüşi we nurana ýollar beýan edilýär.Laçyn folklor topary ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplary bilen bilelikde ajaýyp tanslary we joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Soňra dabara meýdanynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri ýörite iş geýimlerinde peýda bolýarlar.Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklary onuň dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hataryna çykmagyny şertlendirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin halkara ähmiýetli turba geçirijiler boýunça giň möçberli taslamalary öňe sürýändigini bellemeli.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegi munuň subutnamasydyr.Dabaraly ýörişiň dowamynda özboluşly senagat toplumyny görkezýän bezegli ulaglaryň görnüşleri nebitgaz pudagynyň ýeten derejesini äşgär edýär.

Energetika pudagynyň hünärmenleriniň ýörişi dabara bilen utgaşýar.Ulaglarda önümçilik gurnamalarynyň şekilleri goýlupdyr.Olaryň kuwwaty içerki sarp edijileri doly üpjün edýär. Ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam türkmen elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara ugrukdyrýar.

Meýdanda ýene-de aýdym ýaňlanýar, asmana howa şarlary uçurylýar.Serpaý topary we talyplar döredijilik toparlary türkmen topragynyň baýlyklaryna, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň zähmetine bagyşlanan çykyşlary ýaýbaňlandyrýarlar.

Soňra gurluşyk we binagärlik pudagynyň işgärleri ýörişi dowam edýärler.Olaryň yhlasly tagallasy bilen, paýtagtymyzyň we tutuş ýurdumyzyň keşbi özgerdi. Şeýlelikde, täze durmuş-ykdysady desgalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi. Şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň 55-sini gurup ulanmaga bermek meýilleşdirildi.

Mundan başga-da, Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna başlandy.Onda ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bir hatarda edara we jemgyýetçilik binalary, mekdepler, çagalar baglary, teatr, kitaphana we muzeý gurlar.

Soňra ýaş nesilleriň medeniýet işgärleriniň dabaraly ýörişi başlanýar. Ýurdumyzyň baş meýdançasyna Ruhubelent, Joşgun, Şatlyk ýaly iň gowy çagalar döredijilik toparlary, ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen köp sanly halkara festiwallaryň ýeňijileri çykýarlar. Ýaşajyk artistler joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler.

Bagtyýar çagalyk, mähriban Watanymyz hakynda Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymy has-da şatlykly ýaňlandy.Sungat ussatlarynyň we Türkmenistanyň medeniýet edaralarynyň işgärleriniň dabaraly ýörişi dowam etdi.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, bu ugruň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýylda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Şu ýyl türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy geçirildi.

Mundan başga-da, türkmen medeniýeti we onuň baý mirasy yzygiderli geçirilýän döredijilik çäreleriniň dowamynda daşary ýurtlarda giňden wagyz edilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni taslamalara hemmetaraplaýyn goldaw berýär we döredijilik işgärleriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyny höweslendirýär. Ýaşajyk zehinler we belli artistler bu ýerde özboluşly aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Gadymy türkmen medeniýetiniň baş nyşanyna öwrülen küştdepdi tansy hemmeleri bir ýere jemledi.Bu tansyň joşguny we täsiri tomaşaçylarda şatlyk we ruhubelentlik duýgusyny döretdi.Siz türkmeniň Gahrymany, Arkadag!

atly aýdym ýurdumyzyň baş meýdanynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. *** Şu gün Älem medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly konsert boldy.Oňa paýtagtymyzyň köp sanly ilaty we myhmanlary gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary, sungat ussatlary, ýaş ýerine ýetirijiler, folklor, tans we hor toparlary çykyş etdiler.Artistler meşhur aýdymlar bilen bir hatarda, täze eserleri-de ýerine ýetirdiler.

Soňra bu ýerde baýramçylyk feýerwerki boldy.Agşamky asmanda älemgoşar öwüşginli dürli yşyklar baýramçylygyň joşgunyny artdyrdy.Bu günki guralan dabaranyň ajaýyp jemlenmesi oňa gatnaşyjylara ýakymly pursatlary eçilip, adamlaryň şatlygyny we ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
27.09.2020 | Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar