28.11.2020 | Türkmenistanyň we Owganystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmak, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara syýasatynyň möhüm ugyrlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa ýakyn goňşular bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini aýtdy.

Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmekleriniň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça sebitleýin taslamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşygyň, Akina-Andhoý demir ýolunyň çekilmegi ýaly iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, geljek ýylyň başynda halkara energetika magistraly bolan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy başlanar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga şertler dörär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň çäginde, Mary-Serhetabat ugrunda zerur bolan enjamlar oturdyldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda gurulýan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Soňra bolsa onuň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykalgasy bolar.

Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lýapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropanyň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer we şol birwagtyň özünde sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.

OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara syýasy giňişliginde Owganystana pugta we yzygigedrli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Hususan-da, 2020-nji ýylyň 23-24-nji noýabrynda Ženewada geçirilen Owganystan boýunça halkara maslahatynyň barşynda türkmen tarapynyň eýeleýän işjeň ýörelgesi nygtaldy.

Bu forumda Türkmenistan Merkezi Aziýany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen baglanyşdyrýan iri energetiki we ulag-kommunikasiýa taslamalaryna degişli öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylýan ösüşleri belläp, geljekde düzümleýin taslamalaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan owgan ugruna demir ýolunyň çekilmegi ýaly taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň anyk maliýe we maddy taýdan goşýan goşandy nygtaldy.

Türkmen we owgan halkaryny gadymdan gelýän doganlyk,birek-birege hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklary, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde bina eden metjidiniň ýakyn wagtda açylyş dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

-- Goý, täze metjitde ediljek doga-dilegler, beriljek sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda biziň ýurdumyzdan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana lukmançylyk we dermanlyk serişdeleriň, azyk önümleriniň, dokma we hojalyk harytlarynyň iberiljekdigini belledi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan netijeli ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigi, goňşy ýurduň durnukly ösüşine netijeli doganlyk goldawynyň berilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Owganystanyň Lideriniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistan bilen hoşniýettli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde durnuklylygyň, sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine ylalaşykly we bir bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Dünýäniň ägirt uly giňişligini gurşap alan we halkara ykdysady gatnaşyklaryna, köpsanly döwletleriň we halklaryň durmuş derejesine ýaramaz täsiri bolan СOVID-19 ýokanjy häzirki döwrüň wajyp wezipesine öwrüldi.

Türkmenistan dünýä bileleşiginň bu howply wehime garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýar we bu ugurda ylalaşykly hereketleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, medeni pudaklarda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taraplaryň özara hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
14.01.2021 | Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ DÜRLI UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
08.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar