28-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

28-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda geçen hepdäniň dowamynda edilen işleriň jemi jemlenildi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Noýabr aýynda açyljak we düýbi tutuljak täze desgalar baradaky bildirişler:

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Türkiýäniň Çalik Enerji kompaniýasy tarapyndan gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa berler. Elektrik stansiýasynyň taslama kuwwatlylygy 70 megawatt/sagada deňdir.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny düýbi tutular. Mundan ozal, täze elektrik stansiýasynda öndürlijek elektrik energiýasynyň üçünji ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä eksport ediljekdigini habar beripdik.

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutular. Ol 472 maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, 120 orunlyk çagalar bagyny, söwda-dynç alyş merkezini öz içine alýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky ݁Arçman” şypahanasynyň goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň guluşygyna başlanar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlanyp, binalar toplumy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylar.

Noýabr aýynda geçiriljek medeni we sport çäreleri:

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder. Şol maksat bilen degişli resminama taýýarlanýar. Karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatyna iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen hem-de türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirilip, şertnamalardyr ylalaşyklaryň 14-sine gol çekildi.

1-nji noýabrda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçiriler. Bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we Türkmenistan — Koreýa Respublikasy işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Noýabr aýynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi we onuň kiçi komitetleriniň mejlisleri geçiriler. Häzirki wagtda, hususanda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag we logistika, howpsuzlyk, ynsanperwer ugur, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän Ýol kartasy taýýarlanylýar. Şeýle-de, şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy.

Kanunçylyk

Türkmenistanyň deputatlary Häzirki wagtda Raýat kodeksiniň täze beýanyny, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Çalik Holding Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi