29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär.Täze eýýamyň şöhratly ýyl ýazgysy hem şolardan emele gelýär.Biziň gazananlarymyzy näme bilen ölçemek bolýar? Çünki olar diňe bir sanlarda we maglumatlarda beýan edilmän, eýsem, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ýagdaýynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depgininde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk!” Milli Liderimiziň ýokary döwlet wezipesine biragyzdan gaýtadan saýlanylmagy halkymyzyň agzybirliginiň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan belent wezipelere ýetiljekdigine çäksiz ynamy alamatlandyrdy.

Milli Liderimiz häzirki zamanyň öňdengörüji, parasatly syýasatçysy hem-de meşhur döwlet işgäri, ajaýyp guramaçy hökmünde dünýäde tanalýar.Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň durmuşynda täze eýýamy başlamak bilen, onuň türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň ugurlaryny anyk kesgitledi.

Häzirki wagtda biz öňde goýlan bu baş wezipäniň ýerine ýetirilmegi ugrunda amala aşyrylan çäreleriň oňyn netijelerini görýäris, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, onuň çäksiz tebigy baýlyklary bu maksada ýetilmegine gönükdirilendir.

Galyberse-de, häzirki döwre çenli göz öňünde tutulandakysyndan hem köp işleriň edilendigini ynamly aýtmak bolar. “Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirmek üçin, uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işläris.

Benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndüreris”.Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ägirt uly täze gazhimiýa toplumynyň — karbamid önümçiligi boýunça zawodyň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görülýär.

Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda iri möçberli önümçilik ulgamy döredildi, ol tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemäge hem-de dünýä hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.Täze karbamid zawody “Gündogar — Günbatar” gaz geçiriji ulgamy boýunça gelip gowuşýan çig maldan mineral dökünleri öndürer.

Toplumyň bir gije-gündizlik kuwwaty 3500 tonna, ýyllyk kuwwaty bolsa 1 million 155 müň tonna karbamide deň bolar.Mineral dökünleriň önümçiligi boýunça Garabogaz zawodynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer, munuň özi pudagyň eksport kuwwatyny artdyrar. Ýurdumyzda bir ýylda öndürilýän azot dökünleriniň möçberi iki million tonnadan geçer.

Bu önümleriň dörtden üç bölegi içerki bazaryň zerurlyklaryna, galan bölegi bolsa eksporta iberiler. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň täze iri toplumy amatly künjekde — Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär, bu ýerden taýýar önümi awtomobiller bilen hem, gämiler bilen hem sarp edijilere ugradyp bolar.

Beýleki bir desga Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň golaýyndaky täze gazhimiýa toplumydyr.Bu toplum ýylda bäş milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge hem-de 386 müň tonna polietileni hem-de 81 müň tonna polipropileni çykarmaga niýetlenendir.

Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gazdan benzin almak boýunça iri zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar.Iş tejribesinde ilkinji gezek tebigy gazyň uly möçberlerde suwuk ýangyja — benzine öwrülmegi amala aşyrylar.Bu ýerde her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de Euro-5 ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy çykarylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň tehnologiki howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, uglewodorod serişdelerini sarp ediş bazarlaryny giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegi höweslendirmegiň möhüm ýagdaýlarynyň biridir.

Türkmenistan — OwganystanPakistanHindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak örän möhüm ähmiýete eýedir.Bu bolsa, ýurdumyza köp möçberde girdeji bermekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer” Şu ýyl halkara ähmiýetli ýene-de bir uly waka bilen ýadymyzda galar: 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde, Serhetabat — Turgundy türkmen- owgan demir ýoly ulanmaga berildi.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Uzynlygy 1840 kilometr bolan TOPH energiýa geçirijisi doly güýjünde ulanmaga tabşyrylandan soň, her ýyl türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini ibermek mümkinçiligi dörär. “Mawy ýangyjyň” gorlary boýunça Ýer ýüzünde ikinji orny eýeleýän “Galkynyş” käninden öz gözbaşyny alyp gaýdýan gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna-da ýardam berer.

Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik bolar. Şunuň bilen bir hatarda, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadan biziň döwletimiz bilen elektroenergetika hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýän döwletleriň we kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.

Hususan-da, türkmen elektroenergiýasynyň iberilmegine biziň günortadaky hem-de günorta-gündogardaky goňşy ýurtlarymyz uly isleg bildirýärler.Energetika pudagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşyklary hem barha giň gerime eýe bolýar.

Ine, indi köp ýyllaryň dowamynda owgan halky, esasan, ýeňillikli şertlerde türkmen elektrik energiýasyndan peýdalanýar.Doganlyk ýurda onuň eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, biz täze beketleri, elektrik geçirijilerini maksada laýyk bina edýäris.

Täze elektrik geçiriji ugry TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta — Gündogar Aziýa döwletlerine eksport etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin giň ýol açýar. “Türkmenistan uglewodorod serişdelerinden başga-da, beýleki baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedir. ...Biz ägirt uly ykdysady we tebigy mümkinçiliklerimizi halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna netijeli peýdalanmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis”.

Senagat düzüminiň okgunly ösdürilmegi, täze önümçilikleriň yzygiderli döredilmegi ýurdumyzda makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini saklamaga mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,5 göterim boldy, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberi 6,6 göterim ýokarlandy.

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan iri möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig-mal esasynda olary öndürmegiň pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilmegine itergi berdi.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan innowasion esasda köp pudakly milli ykdysadyýeti has ýokary galdyrmak, baý tebigy serişdeleri has doly peýdalanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň önümçiliginiň we eksport ugurly netijeli önümçilikleri ösdürmek, halkyň ýokary hilli durmuşyny we hal-ýagdaýyny gazanmak boýunça wezipeler goýuldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Owadandepedäki senagat zolagynda döredilýän kuwwatly gurluşyk toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýerde metal we armatur önümçiligi boýunça “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, şeýle hem ýerli tebigy daşdan bezeg serişdelerini çykarýan “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti işlemek boýunça fabrigi üstünlikli işleýär.

Türkmen eksportunyň täze ugry — aýna. 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk ýokary tehnologiýaly “Türkmen aýna önümleri” aýna kärhanasyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan “float” usuly bilen aýna öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasynda durdy.Täze kärhanada Germaniýadan, Belgiýadan, Italiýadan, Awstriýadan we Finlýandiýadan tehnologik enjamlar oturdyldy.Degişli hünärmenler taýýarlanyldy.

Zawodda her ýylda biraz garaldylan aýnalaryň bir million inedördül metrini, laminirlenen aýnalaryň 100 müň inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, şeýle hem aýna gaplarynyň 400 müň inedördül metrini öndürmek meýilleşdirilýär. Önümleriň ählisi ýokary halkara ülňülerine kybap geler.

Häzirki wagtda hojalyk we lukmançylyk ähmiýetli dürli göwrümdäki aýna gaplarynyň 15 görnüşiniň çykarylmagy ýola goýuldy.Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara ibermek üçin niýetlenendir. “Şonuň esasynda, bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlaryň halkara bazarlaryna çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň ykdysady usullaryny giňden ornaşdyrarys.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri giň gerim bilen öndüreris.” 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz söwda ähmiýetli we edara binalarynyň iri toplumynyň açylyşyna gatnaşdy.Aşgabadyň demirgazygynda täsiri galdyryjy giň gerim bilen täze işewür toplumy emele geldi, bu ýerde döwrebap düzümleri bolan uly işewür merkezleri peýda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça olaryň gurluşygy üçin umumy meýdany 69 gektar bolan ýer bölegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bölünip berildi.Bu birleşme taslama 1 milliard manat maýa goýdy.

Bu ägirt uly binalar toplumy söwda meýdançalary bolan üç gatly edara binalarynyň ýüze golaýyny öz içine alýar.Söwda merkezine göz aýlap, soňky ýyllarda hususy önümçilik böleginde düýpli özgertmeleriň bolup geçendigine göz ýetirýärsiň — ýurdumyzyň işewürligi häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýokary senagat derejesine çykdy.

Munuň özi durmuş elektronikasy, dürli enjamlar, öý hojalygy üçin harytlar babatynda hem şeýlediler, şunda olar dürli bezeg görnüşlerinde göze ýakymly hilde ýerine ýetirilipdir. Ýerli çig maldan taýýarlanan önümleriň täze görnüşleri ýurdumyzda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň üstüni yzygiderli ýetirýär.

Mebel we öý hojalygy üçin harytlaryň önümçiligini işjeň ösdürmek maksady bilen, şeýle işewürligi guramakda iň gowy halkara tejribesini peýdalanmak arkaly hususy bölege giň goldaw berilýär. Ýurdumyzyň elektron enjamlary senagaty ösüşini dowam edýär, türkmen öndürijileri hojalyk we durmuş maksatly enjamlardan başlap, kompýuterlere çenli täze enjamlary we abzallary öndürmegi özleşdirýärler. “Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny goldamaga we ösdürmäge ýardam bermegi men öz esasy wezipelerimiň biri diýip hasap edýärin.” Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy kärhanalaryna örän iri we jogapkärli taslamalar ynanylýar.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň gurluşygy şeýle desgalaryň biri boldy, onuň açylyş dabarasyna 26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.Türkmenabat şäheriniň täze howa menzili diňe bir Lebap welaýatynyň howa gatnawlaryna bolan barha ösýän isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, iri edara ediş, Türkmenistanyň ösen senagat merkezine öwrülýän Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň derejesini berkitmelidir.

Türkmenabadyň täze howa menzili ýurtlaryň arasynda dostlugyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän uly ähmiýetli ulag gatnawlarynyň çatrygyna öwrülýär.Ol Aziýany we Ýewropany birleşdirýän gatnawlaryň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolýar.

Türkmen gurluşykçylarynyň tutanýerli zähmeti bilen bina edilen howa derwezesi sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenip, howpsuz, ygtybarly we netijeli howa gatnawlaryny üpjün edýär. Ýolagçy terminalynyň ägirt uly ýyldyz görnüşindäki örtüginiň binagärlik çözgüdi Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär derejesi, guramaçylyk başarnyklary ozaldan bäri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem mälimdir.

Olaryň elleri bilen Aşgabatda, Türkmenabatda, Awazada we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde soňky ýyllarda senagat, ulag we durmuş maksatly iri desgalaryň köpsanlysy guruldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bolan duşuşykda ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň öňünde täze strategik wezipeleri goýdy.

Olaryň hatarynda Türkmenabat — Aşgabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hem-de Gowurdakda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň taslamalaryny amala aşyrmak işleri bar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalyp geçilen taslamalary amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ABŞ-nyň üç milliard dollary möçberinde döwlet karz serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny işewürlik we edara ediş taýdan dolandyrmagy tabşyrmak barada karara gelendigini habar berdi.Döwlet Baştutanymyzyň bu düýpli çözgüdi şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Munuň özi hakykatda, Hazaryň türkmen kenarynda ýaş şypahana toplumynyň ösüşinde has işjeň tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar.Häzirki döwürde, haçan-da, milli syýahatçylyk zolagynyň kemala gelýän döwründen üstünlikli geçilenden soňra, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan bu ägirt uly taslama ösüşiň täze derejesine çykdy hem-de hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine şeýle giň möçberli we uly ähmiýetli işi ynanmak bilen, ýakyn geljekde hem, uzak möhletli geljekde hem bu çözgüdiň ýokary netije berjekdigine bil baglaýar.

Türkmen Lideriniň pikirine görä, işewürligiň çeýeligi hem-de emele gelen bazar şertlerini uýgunlaşmaga başarnygy, çalt öwrenmäge ukyplylygy, gujurlylygy, işe döredijilikli çemeleşmegi häzirki üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerur bolup durýar.

Bularyň ählisi öňe okgunly hereket etmäge hem-de täze ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Şu maksat bilen, döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler görülýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýardam bermeginde ähli oňyn we batyrgaý meýilnamalara hem-de başlangyçlara goldaw berilýär. “Ylmy-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak asla mümkin däl” Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlary maglumat taýdan üpjün etmek, hususan-da, sanly bilim ulgamlaryny, aralykdan okatmagyň usullaryny hem-de beýleki häzirki zaman çemeleşmeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Hususan-da, Bilim ministrligi tarapyndan gözegçilik edilýän Innowasion maglumatlar merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.Onuň wezipesine sanly okuw kitaplaryny, gollanmalary, wideo we audioserişdeleri, interaktiw we multimediýa programmalary we beýlekileri goşmak bilen elektron taýdan okatmagyň usullaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamak baradaky meseleler girýär.

Bu ýerde şeýle hem ylym we bilim ulgamynda dünýä derejesindäki gazanylanlar öwreniler, ensiklopediýalaryň we sözlükleriň tertibi dörediler.Bilim ulgamynda öňdebaryjy usullar we iň oňat dünýä tejribesi çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýurdumyzyň okuw mekdeplerini innowasion taýdan enjamlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Isleg bildirilýän hünärleriň sanawy giňeýär.Olary taýýarlamak boýunça Türkmenistanda işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň—Jemagat hojalygy institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şol gün paýtagtymyzda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň üçüsi hem-de Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk mekdepleriň ýene-de ikisi açyldy. 500 orunlyk täze mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli baýramçylyk çäreleri Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda hem geçirildi.

Okuw işleriniň has baý mazmunly we netijeli bolmagyna mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen enjamlar okuwçylaryň hem-de olaryň mugallymlarynyň ygtyýaryndadyr. “Biz hemişe Medeniýet halkyň kalbydyr!diýen ajaýyp ýörelgä eýerip gelýäris.

Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýäris. ...Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä has giňden tanadarys” Her ýyl görnükli medeniýet we sungat işgärleri hormatly atlara hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly umumymilli bäsleşigiň Prezident baýragyna mynasyp bolýarlar. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek we artdyrmak, ýurdumyzda doly bahaly döredijilikli işlemek üçin hemme şertleri döretmek ugrunda edýän üns-aladasy ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Durmuş-medeni ähmiýetli bu desga 3 müň orunlykdyr.Aslynda, bu uly konsert zalydyr, umumymilli hem-de halkara ähmiýetli köpçülikleýin dabaralary, baýramçylyk tomaşalaryny geçirmäge niýetlenen ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen desgadyr.

Ak öý öz kökleriňe, gözbaşlaryňa, halkyň ruhy gymmatlyklaryna wepalylygy alamatlandyrýar.Elbetde, ol bir eýýämden bäri ýaşamaga degişli hyzmaty ýerine ýetirmeýär, ýöne bu ugra degişli çäklerden çykyp, däplere, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmagyň, öý-ojagyň mukaddesliginiň, agzybirligiň ýüze çykmasyna öwrüldi. Şunuň ýaly bina ozal, 2015-nji ýylda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edildi we hut şol ýerde ajaýyp baýramçylyk mahaly, dört müň adam milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Bu waka dünýä rekordy hökmünde hasaba alnyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. “Ak öý” taslamasynda ilkibaşdan binagärlik desgasynyň tebigat bilen sazlaşykly utgaşmasy goýlandyr.Binada diňe bir medeni çäreleri däl, eýsem, resmi çäreleri we işewür duşuşyklary hem geçirmäge hemme şertler döredildi. Şeýle “Ak öý” Maryda we Aşgabadyň eteginde bolşy ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem gurulýar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen işlenip taýýarlanylan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek boýunça 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini we arheologik gazuw-agtaryşlaryny geçirmegiň Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Bu işler arheologiýa, etnografiýa, taryhy we edebiýat maglumatlarynyň esasynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge gönükdirilendir.Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy giňden wagyz etmekdäki taýsyz tagallalary netijesinde 2017-nji ýylyň dekabrynda “Küştdepdi” atly türkmen milli aýdym aýtmak we tans sungaty ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Biz raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagyny üpjün ederis.Eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini üstünlikli çözmäge ýardam bereris. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hemişe uly üns bereris…” Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň üsti her ýyl täze desgalar bilen ýetirilýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda innowasiýa häsiýetli stomatologiýa we oftalmologiýa ylmy merkezleri açyldy. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezi ulanmaga berildi. Ýakyn wagtda Aşgabatda ýanyklary bejermegiň ýöriteleşdirilen merkezi gurlar. Şeýlelikde, lukmançylyga degişli tutuş ulgam döredilen paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary tehnologiýaly klinikalaryň ulgamy maksadalaýyk giňeýär.

Mary şäherinde iç keselleri hassahanasy işe girizildi.Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary iş ýüzünde öňdebaryjy ylmy-tehniki serişdelere we usullara eýe bolan lukmançylyk hyzmatynyň täze nusgasyny kemala getirmäge ýardam berer.

Bu babatda lukmançylyk — şypahana kömeginiň ilkinji basgançagynyň edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr, sebäbi şäher we oba ambulatoriýa gulluklary derejesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi ýokary depgine we hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolýar.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda Saglyk öýi bina edildi, Duşak şäherçesinde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş, Tejen etrabynyň Zähmet we Babadaýhan, Sarahs etrabynyň Garaman obalarynda hem Saglyk öýleri peýda boldy, Balkanabat şäherinde 1-nji Saglyk öýi ulanmaga berildi.

Häzirki zaman bejeriş, anyklaýyş, okuw we önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezler ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.Häzirki wagtda Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäherinde “Awazada” 200 orunlyk şypahananyň gurluşygy tamamlandy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýurdumyzda iri köpugurly hassahanany ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezini gurmak hem-de iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde, Gaýnarbaba tebigy çeşmäniň golaýynda häzirki zaman şypahanalaryny gurmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler geçirilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2017-nji ýylyň aprel aýynda, Saglygy goramagyň Bütindünýä gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpugurly sport toplumy açyldy, ol türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşik merkezine, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin binýada öwrüldi.

Mundan başga-da, bu ýerde iň ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek mümkindir. “Biz maşgalany maddy taýdan goldamak, onuň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek üçin zerur serişdeleri goýbereris. Şäherlerde we etraplarda maşgalalary ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek biziň öňümizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar” Ýaşaýyş jaý gurluşygy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Kottejler şäherde gurluşyk alyp barmagyň täze görnüşine öwrüldi.Ine, 2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen kottejlerden ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Şu tapgyra hem ýokary amatlylygy bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent gatly jaýlaryň ýene-de 18-si, söwda merkezleriniň 11-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we çagalar bagy girdi.

Degişli ähli inženerçilik-kommunikasiýa we ýol-ulag düzümleri göz öňünde tutuldy, zerur tehniki serişdeleri bolan täze ýollar çekildi. 2018-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň täze tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy — bu ýerde birwagtda 1 müň 152 sany iki we bir gatly öýler, şeýle hem 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, iki sany çagalar bagy, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany ulanmaga berildi.

Hiç bir maşgalanyň gün-güzeranynyň pese düşmegine ýol bermejekdigimize, ilatymyzyň hemişe döwletimiz tarapyndan goragly boljakdygyna siziň ähliňizi ynandyrasym gelýär Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp çagaly maşgalalaryň goldanylmagyna aýratyn üns berýär.

Halkara zenanlar gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda däp boýunça her ýyl guralýan dabaralarda sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasy geçirildi, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” hormatly ady dakyldy hem-de köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli adamlar we durmuş goldawyna aýratyn mätäç bolan raýatlar üçin muzdsuz ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli durmuş taslamasy amala aşyryldy.

Bu işler bilen birlikde, biz oba hojalygyna — ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge hem ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde serederis Döwletimiz oba hojalyk pudagyna yzygiderli goldaw berýär, senagat — innowasiýa esasynda tutuş önümçilik düzümleri tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylýar, Türkmenistana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan gelip gowuşýan iň täze hasyl ýygnaýjy we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň iri tapgyrlary munuň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, täze baglaşylan şertnamalaryň diňe biri boýunça “John Deere” kompaniýasy 2017 — 2020-nji ýyllarda ýurdumyza bu kysymly tehnikalaryň 1350-sini tapgyrlaýyn getirmegi amala aşyrar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň sany birnäçe esse artdy, olar oba ilaty üçin girdejili iş ugry bolup, tutuş ýylyň dowamynda dürli görnüşli gök önümleri öndürmäge, olar bilen içerki bazary doly üpjün etmäge hem-de daşarky bazarlara ibermäge mümkinçilik berdi. 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Ýer kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanuna gol çekdi.

Bu üýtgetmeler telekeçiligi oba hojalyk önümçiligine giňden çekmäge, bazar gatnaşyklaryny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge hem-de oba hojalyk önümçiliginde täze ykdysady gurallary ornaşdyrmaga, ekerançylyk meýdanlaryny has netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Hususan-da, kanunda daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerinden hem-de beýleki oba hojalyk kärhanalaryndan oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer gaznasynyň döredilip bilinjekdigi bellenilýär.Bu ýer böleklerini ýurdumyzyň raýatlaryna hem-de ýuridiki taraplara 99 ýyla çenli möhlet bilen ulanmaga bermek hakynda düzgünnama göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 5 ýylyň dowamynda döwlet tabşyrygy boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren kärendeçilere ýer böleklerini şol ýerlerde olaryň öz islegine görä, oba hojalyk önümçiliginiň dürli görnüşlerini we usullaryny döretmegi bilen peýdalanmaga bermek hakynda düzgün kesgitlenildi.

Biz 2017-nji ýylyň güýzünde gözel paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçireris.Nesip bolsa, bu oýunlary örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary ederis Hakykatdan-da, Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen bu ägirt uly sport we dostluk baýramçylygy biziň ähli watandaşlarymyz hem-de ýurdumyzyň müňlerçe myhmanlary üçin unudylmajak waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça giň gerimli çäreler dünýä sport bileleşiginiň wekilleriniň, dünýäniň dürli künjeklerinden tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik atly ýörişe badalga berildi.

Oýunlaryň başlanmagyna 250 gün, 200 gün, 100 we 50 gün galanda hem dabaraly çäreler guraldy.Olimpiýa şäherçesinde sambo, türkmen milli göreşi hem-de guşakly göreş, agyr atletika, kikboksing, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika, basketbol, suwda ýüzmek boýunça halkara synag ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. “Aşgabat 2017” oýunlaryň guramaçylary ähli myhmanlar, ilkinji nobatda bolsa, türgenler üçin aňrybaş amatly şertleri döretmäge çalyşdylar.

Olar Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk täsin Olimpiýa şäherçesinde ýerleşdiler.Bu ýerde olara ýaryşlara doly derejede taýýarlyk görmek, olara gatnaşmak we dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Olimpiýa şäherçesiniň käbir desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi buýsançly ýagdaýdyr.Türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň çeper keşbi dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde, Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri toplumynyň dünýäde iň iri ýapyk ýüzülýän suw howzy hökmünde ykrar edildi, bu howzuň döredilmeginde ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehnologiýalar we ekologiýa taýdan arassa serişdeler peýdalanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda 17-nji sentýabrda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasy, hakykatdan-da, ägirt uly sport baýramçylygyna öwrüldi. Ähli türkmenistanlylar, şeýle hem beýleki ýurtlaryň millionlarça tomaşaçylary göni ýaýlym arkaly dünýä derejeli taryhy wakanyň şanyna guralýan dabaralaryň şaýady boldular. 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda tomaşaçylary haýran galdyran sahnalaşdyrylan giň gerimli tomaşa ýaýbaňlandyryldy, onda köp sanly ýörite şöhle-lazer usullary peýdalanyldy.

Dürli öwüşginli tomaşada Watanymyzyň şanly taryhy, onuň häzirki döwri barada täsin hekaýat öz beýanyny tapdy.Soňra “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit diňe galyp, Olimpiýa stadionynyň gümmezlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga alawy gönükdirýär, şeýlelikde, çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň sany boýunça hem, sportuň görnüşleri boýunça hem aýratyn häsiýete eýedir.

Bu oýunlar babatynda “ilkinji gezek” diýen sözler ýygy-ýygydan ýaňlanýardy.Bu sport çäresi Merkezi Aziýa döwletinde ilkinji gezek geçirildi, bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşdylar.

Jemi 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdi.Ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa topary gatnaşdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerini goldanyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine bosgunlaryň olimpiýa toparynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek baradaky bilelikdäki Jarnamanyň taslamasyny hödürledi.

Bu Jarnama Adam hukuklary boýunça Geňeşiň Ženewada geçirilen 36-njy mejlisinde kabul edildi.Biz, hakykatdan-da, çekeleşikli we üstünlikli oýunlaryň şaýady bolduk, ýaryşlara gatnaşyjylara öz ussatlyklaryny görkezmek hem-de iň ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi, ýaryş maksatnamasyndan daşgary hem türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti bilen içgin tanyşmak şertleri döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow heniz oýunlary geçirmek maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylýan tapgyrynda V Aziýa oýunlarynyň guralmagy we geçirilmegi bilen baglanyşygy bolan ähli ugurlar: onuň nyşanlary, sport desgalarynyň binagärlik we bezeg keşbi, türkmen paýtagtynyň abadanlaşdyrylyşy, türgenleriň we meýletinçileriň lybaslarynyň bezegi babatynda Türkmenistanyň baý medeni mirasyny beýan etmek wezipesini öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz bu meselä hut özi gözegçilik etdi, her bir ugur boýunça onuň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini yzygiderli seljerdi. Şeýle derejedäki we gerimdäki çäreleri geçirmek ägirt uly jogapkärçilik bolup durýar, emma Aşgabat parahatçylyk dörediji şäheriň, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi hökmündäki wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi.

Tutuş ýurdumyz biziň iň täze taryhymyzyň bu şanly wakasyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly geldi.Ol rowaçlyklara beslendi. Şol günler dünýäniň onlarça dillerinde uly guwanç bilen Türkmenistany wasp edip beýan etdiler hem-de tutuş Ýer ýüzüniň iň oňat geljeginiň bähbidine biziň Aziadamyz hoşniýetli erkiň dabarasyny belende göterip, ýeňiş salýuty hökmünde ýaň saldy. 82 ýurtdan ýarym müňden gowrak habarçylar we synçylar V Aziadany beýan edip, diňe bir ýaryşlaryň netijeleri barada däl, eýsem, Türkmenistan hakda, onuň ajaýyp paýtagty barada gürrüň berip, guwançlaryny paýlaşdylar hem-de biziň myhmansöýer we bereketli topragymyza täze garaýyşlaryny bütin dünýä açdylar. Žurnalistleriň, türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, köp sanly hormatly myhmanlaryň pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziadany däl, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny hem geçirmäge mynasyp boldy.

Munuň üçin bu ýerde iň döwrebap sport düzümlerini goşmak bilen şeýle derejedäki talaplara kybap gelýän hemme şertler bar.On bir günüň dowamynda hemme türgenler medallar ugrunda yhlasly göreş alyp bardylar, ýöne janköýerlere örän köp duýgulary bagyş eden ýiti bäsleşige, gyzykly garşydaşlyga garamazdan, açyklyga we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan ymtylyş birleşdirýän başlangyç boldy.

Ilkinji günlerden Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşyň öňdeligini çekdi we şondan soň, medal gazanmakdaky hasaplarda ilkinji setirden düşmän, özünde birinji umumytoparlaýyn orny pugta berkitdi.Türkmen türgenleri jemi 245 medal gazanyp, şolardan 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallar boldy.

Oýunlaryň ýapylyş dabarasynda myhmanlary Aşgabat Aziadasynyň şekili bolan hemmeleriň halan owadan we dostana Wepaly diýen alabaýy ugratdy. Ýöne, türkmenistanlylar onuň bilen hoşlaşmadylar.Biz indi ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täze iri möçberli ýaryşlaryň nyşanlarynda görýäris — ol ýaryş sentýabrda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara rallisidir.

Olardan soň bolsa biziň öňümizde ýene-de bir uly sport wakasy—noýabrda Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty garaşýar.Men mähriban halkym bilen, hormatly adamlar, siziň bilen el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, öňümizde goýan şu belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza, eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürjekdigimize berk ynanýaryn!

Häzirki wagtda biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleriniň köp sanly şöhratly işlere beslenendigini hakykat ýüzünde görýäris.Milli Liderimiziň ýadawsyz işleriniň aýdyň netijeleri — bular paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze zawodlar, fabrikler, mekdepler, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlarydyr, çekilen müňlerçe kilometr awtomobil we polat ýollary, turba geçirijileri, Türkmenistanda öndürilen dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýüzlerçe we millionlarça tonna önümlerdir, asyryň iri taslamalaryna gönükdirilýän milliardlarça maýa goýumlardyr.

Bularyň ählisi her gün öz Gahryman Arkadagynyň baştutanlygynda, hakykatdan-da, bagtyýar ykbala eýe bolan, ýurdumyzyň keşbine ýene-de bir aýdyň öwüşgin goşýar. Özygtyýarly döwletiň Lideri hökmünde halkymyz tarapyndan üstüne ýüklenen ägirt uly borçlara hem-de jogapkärçilige düşünip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy üstünlikli öňe ilerletmek üçin hemme şertleri döretmegi, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy öz baş maksady edip goýýar.

Bu syýasat türkmen topragyny özgerdýär, adamlaryň ertirki güne bolan ynamyny berkidýär, Watanymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin olara güýç berýär.Türkmenistanyň halky häzirki zaman ykdysadyýeti kemala getirmäge, demokratik hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny berkarar etmäge hem-de ýurduň her bir raýatyna hyzmat etjek döwlet ulgamyny döretmäge, halkyň ýokary durmuş ölçeglerine tarap ugur alan oňyn durmuş syýasatyny alyp barmaga öz ähli zehinini, pikirini we tagallalaryny gönükdirýän Arkadag Prezidentine mynasyp sarpa goýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillige beslenen we netijeli daşary syýasat işleri halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Şol işler halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny ýokary göterdi. 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIII sammitine gatnaşdy, şeýle hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. 6-njy martda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Şonda taraplaryň gol çeken örän möhüm resminamalarynyň hatarynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başlanmagyny alamatlandyrdy. Şol günüň ertesi Lebap welaýatynda iki döwletiň Baştutanlary Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Täze Türkmenabat — Farap köprüleri dostlugyň nyşanlaryna hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň yzygiderliligine, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň üstaşyr-ulag düzüminiň strategik desgalaryna öwrüldi.Iki aýdan soňra türkmen-özbek Liderleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýene-de duşuşyk geçirdiler, duşuşykda hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň täze duşuşygy 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkentde geçirildi.Iki goňşy döwletiň Liderleriniň ýygy-ýygydan gepleşikleriniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň birek-birege sebit we ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine çemeleşmeler işlenip taýýarlanylanda, pikirdeşler hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde garaýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Medeni maksatnama türkmen Lideriniň Özbegistana amala aşyran saparynyň möhüm bölegi boldy: iki döwletiň Baştutanlary bilelikde Daşkentde “Aşgabat” seýilgähini açdylar, Hywanyň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler hem-de Horezm oblastynyň “Uly howly” galasyna baryp, ol ýerde Türkmen-özbek dostluk öýüni açdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat bähbitleriniň ulgamyna diňe bir ýakyn goňşy döwletler girmeýär: 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani, gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Astana EKSPO — 2017” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy we şonda iki Liderleriň ýene bir duşuşygy geçirildi, Türkmenistan bu sergide ýurdumyzyň energetika kuwwatyny aýan edýän giň möçberli milli sergisini görkezdi. 9-njy iýunda, şol ýerde döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. 2017-nji ýylyň iýun aýynyň ortasynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Aşgabada sapary hem-de onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy Türkmenistanyň halkara durmuşynda örän möhüm wakalaryň biri boldy.

BMG bilen doly möçberli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň saýlap alan üýtgewsiz strategik ugry bolup durýar diýip, türkmen Lideri belleýär.Biziň ýurdumyz howpsuzlyk, durnukly ösüş, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlary ösdürmekde we kemala getirmekde BMG bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanda hemişelik esasynda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň ençemesiniň wekilhanalary BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Halkara Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ilat gaznasy we beýlekiler işleýär.Türkmen Lideriniň BMG-niň baştutany bilen gepleşiklerinde durnukly ulag ulgamy, energetika howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, ýaragsyzlanmak meseleleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi ýaly strategik ulgamlar hem-de birnäçe beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 2017-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Aşgabatda Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň saparynyň çäklerinde ýokary derejede türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi. 8 — 9-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Bakuwa sapary boldy hem-de Prezident Ylham Aliýew bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen beýleki resminamalaryň hatarynda iki döwletiň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama bar. 2-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda kabul edilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hatarynda iki ýurduň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem bar.

Türkmenistanyň Baştutanynyň russiýaly kärdeşi bilen nobatdaky duşuşygy birnäçe günden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Soçä baranda bolup geçdi.Bu duşuşyk türkmen Lideriniň Wladimir Putine ajaýyp sowgat hökmünde beren Wepaly atly itiň gowşurylmagy bilen köpleriň ýadynda galdy. 2-nji noýabrda Duşenbede Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdiler. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň wakalary türkmen Lideriniň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezýär hem-de döwlet Baştutanymyzyň anyk ugurly iri möçberli işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. 2018-nji ýylyň 13-nji martynda El-Kuweýtde ýokary derejeli türkmen-kuweýt gepleşikleri geçirildi — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah milli wezipeleri çözmek babatynda hem, sebit we ählumumy ykdysadyýetiň meýilleri bilen baglylykda gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirliklerinde resmi sapar bilen boldy, bu ýerde 15-nji martda, Abu-Dabide ýokary derejede gepleşikler geçirildi. 2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryna hem-de bilelikdäki taslamalary, şol sanda Hazaryň kenarynda taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň açylmagy diňe bir Türkmenistanyň däl-de, tutuş sebitiň durmuşynda taryhy waka boldy.

Täze deňiz porty Türkmenistanyň ykdysady, senagat we ulag ulgamynyň ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem iri maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam eder. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, daşary döwletlerden ýurdumyza deňziňe kenaryna dynç almaga gelýänleriň sanynyň artdyrylmagy babatynda uly mümkinçilikler açylýar.

Bu ýerde dynç alýanlary kaşaň myhmanhanalar hem-de ýokary derejeli hyzmat düzümleri bolan amatly kottej toplumlary, iň häzirki zaman sport desgalary we boş wagty geçirmegiň ösen düzümleri garşylaýar. 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbe şäherinde geçirilen “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş etmek bilen, häzirki döwürde umumydünýä işleriniň barşynyň, dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň geljeginiň köp babatda suw serişdelerini gorap saklamagyň hem-de ondan rejeli peýdalanmagyň meseleleriniň çözgüdine bagly bolup durýandygyny belledi. Özünde syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny jemleýän suw meselesi umumydünýä garaýyşlar binýadynda döwletleriň tagallalarynyň jemlenilmegini hem-de halkara ylalaşygyny talap edýär. Şunda çäkli bähbitler we peýdalar, hakykatdan-da, ählumumy maksatlara we ileri tutulýan meselelere, uzak möhletleýin geljek üçin suw boýunça hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna öz ornuny bermelidir.

Hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi hem-de munuň üçin jogapkärçilik dünýäniň ähli döwletleri üçin hökmanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary suwdan peýdalanmagyň milli strategiýalaryny sebit we ählumumy meýilnamalar bilen utgaşdyrmaga çagyrdy.

Milli Liderimiziň çagyrmagy boýunça geçen ýylyň maý aýynda Awazada goňşy Özbegistandan çagalaryň uly toparynyň dynç almagy we şol bir wagtda Gagauziýada, Moldowanyň Çişmikoý obasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan ajaýyp çagalar bagynyň açylmagy döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynyň ynsanperwer ugurlydygyny hem-de milli Liderimiziň ajaýyp adamçylyk häsiýetlerini açyp görkezýär. 2018-nji ýylyň maý aýynda bolsa RF-niň Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda mekdep açyldy, ol türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça guruldy.

Umumy meýdany 3,5 müň inedördül metre deň bolan hem-de 190 okuwça niýetlenen 2 gatly okuw toplumy bu oblastda bina edilen iň gowy desga bolsa gerek hem-de ol Türkmenistanyň Baştutanynyň ajaýyp sowgadydyr.

Indi bolsa ýurdumyz Täjigistanda mekdebiň gurluşygyna girişýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ylmy taýdan oýlanmak we öňdengörüjilik başarnygy tapawutlandyrýar.Onuň strategik pikirleri okgunlylyk häsiýetine eýe bolup, döwlet Baştutanymyz çözgütleri kabul edende gujurly reformator bolmak bilen, esaslylygy we çeýeligi utgaşdyrýar, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda döredijilik ýagdaýyny we innowasiýalary goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz her bir möhüm, uly we ähmiýetli işiň başynda durup, zähmetsöýerligiň we maksadaokgunlylygyň nusgasy bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz jemgyýete täze döwrüň aýdyň, oýlanyşykly ideologiýasyny hödürläp, halkymyzy asylly maksatlaryň bähbidine beýik işlere ruhlandyrdy, döwletliligiň hakyky daýanjyna — milletiň Arkadagyna öwrüldi.

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz işden boş wagtyny hem ata Watanymyz we halkymyz baradaky oý-pikirlere bagyşlaýar.Milli Liderimiz ussat çapyksuwar, behişdi bedewleriň hakyky muşdagy bolmak bilen, boş wagty atlar bilen didarlaşýar.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyny bilip, atlaryň bu tohumynyň wagyz-nesihatçysy we milli atçylygyň tarapdary bolup durýar.Türkmenistanda atçylyk sport ulgamy döwletimiziň we hut milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, şol sanda konkury ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär.Sportuň bu görnüşi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Aziada — 2017-niň maksatnamasyna goşuldy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dürli bäsleşiklere gatnaşmagy daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerini we türkmen çapyksuwarlarynyň zehinini has-da ýaýmaga ýardam edýär.

Bu topary döretmek pikiri bolsa milli Liderimize degişlidir.Hormatly Prezidentimiz işden boş wagtyny, köplenç, ylmy işlere, düýpli işleri we edebi eserleri döretmäge, sportuň dürli görnüşleri — ýeňil atletika, gündogar başa-baş göreşleri, welo we awtomobil ýaryşlary, hokkeý, tennis bilen işjeň meşgullanýar, Saglyk ýoluna çykýar. 2017-nji ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Meýbukan godzýu-rýu karate-do halkara assosiasiýasynyň sport hereketiniň ösdürilmegine ajaýyp goşandy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk üçin karate-donyň 10-njy danyna mynasyp boldy. Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek, ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, aýratyn-da oňa ýaşlary, çagalary çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler kabul edilýär.

Milli Liderimiziň göreldesi watandaşlarymyzyň ählisini aýratyn ruhlandyrýar.Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öňüni çekdi.Döwlet Baştutanymyzyň şunuň ýaly çärelere yzygiderli gatnaşmagy diňe bir bu wakanyň däl-de, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini artdyrýar, beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Iri möçberli, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ösdürilýän “Amul — Hazar 2018” çäresi bu hereketlere aýratyn depgin berýär, bu taslama eýýäm halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär.BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hyzmatdaşlygy” Kararnamalarynyň kabul edilmegi türkmen Lideriniň diplomatiýasynyň uly üstünligi boldy, bu Kararnamalaryň taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy.

Täze Kararnamalaryň kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň täsiriniň, onuň ýokary döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.Dünýä ösüşi üçin şeýle möhüm we uly ähmiýetli resminamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň bütin adamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilendigini äşgär edýär, munuň özi dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Türkmen Lideri tarapyndan sebit derejesinde hem, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli öňe sürülýän parahatçylyk dörediji başlangyçlar hem-de teklipler döwlet Baştutanymyza belent abraý getirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygy pugtalandyrmak, durnuklylyk, durnukly ösüş işlerine ägirt uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara derejesinde giňden ykrar edildi.Milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň döredijilik güýjüne berk ynamy döwlet Baştutanymyzyň joşgunly döredijiliginde ajaýyp beýanyny tapdy, ol eserleri türkmenistanlylar tutuş ýüregi we kalby bilen kabul etdiler.

Ol “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymdyr.Onuň sözleri we sazy biziň raýatlarymyzyň millionlarçasynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny has anyk beýan edýär.

Bu aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirilen pursadyndan türkmenistanlylar tarapyndan joşgunly kabul edildi, onuň sözleri bolsa häzirki nesliň geljekki nesillere wesýeti hökmünde ýaň salýar: Ajap eýýam, ajap çagym bar,Ýalkym saçýan şamçyragym bar,Hak sylamyş Beýik gerçegin,Gahryman Halkymyz bar!Öňe, öňe, diňe öňe,Jan Watanym Türkmenistan!Öňe, öňe, diňe öňe,Jan Watanym Türkmenistan!

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
​​​​​​​"Ýurdumyzy älem derňewlerinde özüne laýyk derejä ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýäris"
Gezerawjynyň älem syýahaty tamamlanyp barýar
Digital Almaty forumynda gyrgyz dilindäki emeli aň tanyşdyryldy
Gezerawjynyň Dünýä gaýdyp gelmegi ýene-de bir gezek yza süýşürildi
Prezident Erdogan ilkinji türk astronawty Gezerawjy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy