29-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda harby gullukçylary sylaglamak dabarasy geçirildi, Gurbanguly Berdimuhamedow nemes maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy, Türkmenistanda geçirilen syýasy forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň 6 dilinde neşir edildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

Permana laýyklykda, sylaglananlara harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi. 2.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan nemes maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. 3.Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Dialog parahatçylygyň kepili atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň 6 resmi dilinde çap edildi we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Resminama Baş Assambleýanyň Parahatçylyk medeniýeti, Parahatçylygy döretmek we goramak, şeýle-de Merkezi Aziýa — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy gün tertibiniň dowamynda çap edildi.

4.Aşgabatda 75-nji Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.Bu çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň ilçileri we Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistandaky Hindistanyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kanişka Singh kabul edişligi açyp, soňky 30 ýylda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köp ugurlarda ösüş üçin güýçli itergi alandygyny aýtdy.Türkmen tarapdan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Hindistanyň halkyny Respublikanyň güni mynasybetli gutlady.

Dünýäde 5.Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda, Şanhaýyň Ýuýuan seýilgähinde her ýylda guralýan kagyz çyralaryň festiwaly geçirilýär.Bu ýyl ol 21-nji ýanwarda açyldy we 18-nji fewrala çenli dowam eder.

Festiwal Hytaýyň mifologiýasyna we deňze bagyşlanýar.Dürli şekilli we ululykdaky 200 müňden gowrak çyra seýilgähi bezeýär.Olar şatlygy we abadançylygy alamatlandyrýarlar. 6.Live Data Technologies tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, 2023-nji ýylda uzak aralykdan işleýän işçiler ofis işgärlerine görä, 35% köp işden boşadyldy.

Barlagda iki million işgär baradaky maglumatlar seljerildi.Sport habarlary 7.Aşgabatda ýaş tennisçileriň arasynda stol tennisi boýunça şu ýylyň ilkinji ýaryşy geçirildi.Bäsleşikler Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasy tarapyndan iki ýaş derejesinde 14-13 ýaşly hem-de 10 ýaş we ondan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda geçirildi.

Bäsleşige 52 oglan we 35 gyz gatnaşdy.Birinjilik ugrunda Aşgabat we Mary şäheriniň wekilleri bäsleşdiler.Uly ýaş derejesinde Aşgabadyň wekili Nazim Durdyýew ýeňiji boldy.Kiçi ýaşly gyzlaryň arasynda onuň ildeşi Elina Ahmedowa birinjiligi eýeledi.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň 16-syna gymmat bahaly sowgatlar we ýadygärlik diplomlar gowşuryldy. 8.Täjigistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Birleşen Arap Emirlikleriniň toparyny penalti urgulary tapgyrynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek Aziýa kubogynyň çärýek finalyna çykdy.

Katarda geçýän ýaryşyň 1/8 final oýny goşmaça wagtdan soň 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.Penalti urgulary tapgyrynda täjik futbolçylar has takyklyk görkezdiler 5:3.Täjigistanyň ýygyndy topary taryhynda ilkinji gezek Aziýa kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşýar. 1/4 finalda Täjigistanyň topary Yrak Iordaniýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 21 ýaşdan kiçi şahslara temmäki önümlerini satmak gadagan edildialkogol we temmäki önümlerine goşmaça tölegleriň möçberleri artdyryldy, Koreýadan awtobuslaryň täze tapgyryny satyn almak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar
СОСТОЯЛОСЬ СЕДЬМОЕ ЗАСЕДАНИЕ ПОДКОМИТЕТА ПО СОТРУДНИЧЕСТВУ В ОБЛАСТИ БЕЗОПАСНОСТИ ТУРКМЕНО-КИТАЙСКОГО КОМИТЕТА ПО СОТРУДНИЧЕСТВУ
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi
Kanadaly Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy
Hytaýly türgenler diňden sinhronlaýyn bökmekde Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar