3 günde 7 gol

Ispaniýanyň çempionatynda soňky tapgyrlarda uly hasaply ýeňişler gazanan “Real Madrid” myhmançylykda 90+3-nji minutda gol geçirdip, “Espanýoldan” 10 hasabynda asgyn geldi.Madridiň beýleki topary “Atletiko” ilki “Sewilýany” 52, soňra-da “Leganesi” 40 hasabynda utdy. 2 oýunda-da het-trik eden Antuan Grizman 3 günde 7 gol geçirdi. 25-nji tapgyrda Luis Suaresiň het-trik eden oýnunda “Žironany” 61 hasabynda utan “Barselona” myhmançylykda “Las Palmas” bilen deňme-deň oýnap, zerur 2 utugy ýitirdi (11).Angliýanyň “Premier ligasynda” “Mançester Ýunaýted” Lukaku we Lingardyň gollary esasynda “Çelsiden” 21 hasabynda üstün çykdy.

Sanawyň lideri “Mançester Siti” Liga kubogynyň finalyndan soň, çempionatda-da myhmançylykda “Arsenalyň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi.* * *Geçen tomusda “Barselonadan” ummasyz pul tölenip, transfer edilen PSŽ-li Neýmar toparynyň 26-njy tapgyryň çäklerinde “Marsel” bilen geçiren duşuşygynda agyr şikes aldy. 26 ýaşyndaky super ýyldyzyň şu gün ýurdy Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde operasiýa boljakdygy habar berildi.

Oýunçynyň häzirki çaklamalara görä, azyndan 3aý töweregi meýdança çykyp bilmejekdigi bellenilýär.Lukmanlar oýunçynyň Dünýä Kubogynda oýnamagy üçin tagalla baryny etjekdiklerini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

“Barselonadyr” “Realyň” ilkinji ýeňlişi
Ýarym finalda “EL-KLASIKO”
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan: Sport Tenerife ― Žirona duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer