3-nji iýunda Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragy başlanar

3-nji iýunda Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragy başlanar

26-njy maýda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna galla oragyna başlamagyň senesini belläp bermek hem-de bu möwsüme ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, hormatly Prezident ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna Bismilla! bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Döwlet Baştutany “Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

22.08.2018 | Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisi
24.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi
30.08.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi