35 ýyllyk rekord täzelendi

Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji “Gran Prisi” Wengriýanyň paýtagt Budapeştiň golaýyndaky Modýorod şäherçesiniň “Hungaroring” trassasynda geçirildi. 4 müň 381 kilometrlik trassada geçirilen 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşa “Mercedes” toparynyň britan piloty Lýuwis Hamilton 1-nji bolup başlady. Ýöne eýýäm 1-nji aýlawda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen öňe saýlanmagy başardy.

Ol ýaryşyň soňuna çenli ornuny saklap, bassyr 7-nji, möwsümdäki 9-njy, karýerasyndaky 44-nji ýeňşini gazandy.Werstappeniň görkezen netijesi 1 sagat 38 minut 08,634 sekunda deň boldy.

Werstappenden 33,731 sekunt az netije görkezen “McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norris 2-nji orny eýeledi.Werstappeniň topardaşy, meksikaly Serhio Peres 37,603 sekunt soň pellehana gelip, münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. 1-nji hatardan bat alan Hamilton 4-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. “McLaren” toparynyň sürüjisi awstraliýaly Oskar Piastriniň 5-nji bolan ýaryşynda “Mercedes” toparynyň beýleki britan sürüjisi Jorj Rassel 6-njy ýeri eýeledi. “Ferrari” toparynyň pilotlary Şalr Lekler bilen Karlos Saýns Junioryň 7-8-nji orunda tamamlan ýaryşynda “Aston Marton” toparynyň sürüjileri Fernando Alonso 9-njy, Lans Stroll 10-njy ýere mynasyp boldy.

Şeýlelikde, “Red Bull” topary yzly-yzyna 12-nji ýeňşini gazanyp, “McLaren” toparynyň 35 ýyllyk rekordyny täzeledi. “McLaren” topary 1988-nji sürüjileri Aýrton Senna hem-de Alan Prost bilen yzly-yzyna 11 ýaryşda ýeňiş gazanypdy.

Wengriýa “Gran Prisinden” soň 281 utuk toplan Maks Werstappen 171 utukly topardaşy, 2-nji basgançakdaky Serio Peresden 110 utuk öňde barýar. 3-nji orundaky Alonsonyň 139, 4-nji ýerdäki Hamiltonyň 133 utugy bar.

Möwsümiň indiki ýaryşy 30-njy iýulda Belgiýanyň Stawlo şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Independent Formula-1-da iň ýokary aýlykly sürüjileri mälim etdi
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy