$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär

$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär

Türkmen häkimiýetleri täze Arkadag şäherindäki kwartiralary satuwa çykaryp, olary alyjylara görkezip başlady. Bäş milliard dollarlyk şäherdäki gurluşyklaryň hili aşgabatlylaryň ençemesini lapykeç etdi. Bu ýerdäki kwartiralary baryp gören raýatlaryň ençemesi olary satyn almakdan ýüz öwürendiklerini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna we çeşmelerine gürrüň berdi. Bu ýagdaýlar, paýtagtda jaýlaryň satuwynyň gaýtadan “janlanmagyna” hem getirdi.

“Soňky hepdelerde resmiler şäheriň territoriýasynda öň ýaşan we täze şäheriň gurluşygy sebäpli jaýlary ýykylan raýatlara, şeýle-de şäherde işlejek mugallymlara, medisina işgärlerine we beýleki hünärmenlere kwartiralary satyp başladylar. Bu raýatlara kwartiralary baryp görmäge hem mümkinçilik döredilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 28-nji iýunda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu raýatlara kwartiralaryň bahasyny 30 ýyl möhletli ipoteka bilen tölemek mümkinçiligi hödürlenýär. Şol bir wagtda, ýokarda agzalan kategoriýa girmeýän aşgabatlylardan ipotekanyň başlangyç töleginden başga-da, 25 müň dollar möçberinde para talap edilýär.

“Şäherden kwartira satyn alan raýatlara ony öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda satmak gadagan edilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýöne bu şäherdäki kwartiralardan satyn almagy we bu ýerde ýaşamagy hem-de işlemegi tama edip, ençeme aý bäri olaryň gurluşyklarynyň tamamlanmagyna we ulanmaga berilmegine garaşýan aşgabatlylar olaryň hilinden juda nägile bolýarlar.

“Geçen hepde, mugallym aýalym bilen bilelikde, kwartirany baryp gördük.Göräýmäge, hemme zat owadan we täsir galdyryjy, jaýlaram owadan we olaryň uly ýerzeminleri bar. Ýöne olaryň hili bizi gaty geň galdyrdy.

Kwartiranyň esasy gapysynyň töweregindäki gips pytrap durdy.Aşpezhanadaky we hammamdaky kranlaryň hili hem gowy däldi we olar gowşap, çagşap durdy.Ençeme ýerde kafel gowy oturdylman, olar çişip durdy.

Jaýlaryň pollarynyň hili hem gowy däldi we köp ýeri çişip, gabaryp durdy” diýip, aşgabatly lukman gürrüň berdi.

Ol şähere girmezden ozal, özlerinden şahsy ulagyny şäheriň daşyndaky awtoduralgada goýmagyň talap edilendigini hem aýtdy. Resmiler oňa bu talabyň şäheriň açylyş dabarasyndan soňra-da saklanyp galjakdygyny duýdurypdyrlar.

“Şäherde diňe elektrik ulaglar bilen hereket edip bolýar. Ýöne bularyň kadaly hereket etjegi heniz belli däl.Bu transport problemasyny döredip biler. Şäherde entek ösen infrastruktura ýok. Şeýle-de, şähere gelýänleriň çäklendiriljekdigi, gözegçilik we diňlemek üçin akylly gurallaryň’ ýerleşdirilendigi aýdylýar. Şahsy durmuşymyzyň galmajakdygyndan alada edip, şeýle-de kwartiralaryň hiliniň pesligi zerarly jaýdan we täze şäherde işlemekden ýüz öwürdik” diýip, lukman belledi.

Azatlygyň 28-nji iýunda ýokarda aýdylanlar barada şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Ýatlatsak mundan ozal, Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän hünärmenler Arkadagyň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçiligiň köpdügini, gurlan binalaryň hiliniň pesdigini duýdurdylar. Munuň yz ýanynda, prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky gurluşyk işleriniň 'ýokary hilli' bolmagyny tabşyrdy.​

Arkadagyň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Köpetdagyň eteginde, Berdimuhamedow maşgalasynyň ata-baba obasy bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň golaýynda ýerleşýän şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň 3,3 milliard dollara durýandygyny aýdypdy.

Ol martda eden çykyşynda ikinji tapgyra, çaklamalara görä, takmynan 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigini hem belläp, takyk çykdajynyň möçberiniň tender yglan edilenden soň belli boljakdygyny aýdypdy. Bu san şäheriň gurluşygyna 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigi barada 2020-nji ýylyň fewralynda yglan edilen serişdeden üç esse köpdür.

Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda gurlan we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän bu şäheriň açylyş dabarasynyň 29-njy iýunda geçirilmegine garaşylýar. Bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär.

Bu aralykda, emläk söwdasyny edýän hünärmenleriň ençemesiniň sözlerine görä, Arkadagdaky kwartiralaryň raýatlara görkezilip başlamagynyň yz ýany, paýtagtda jaýlaryň satuwy gaýtadan “janlanyp” başlady.

“Soňky dört aý bäri Aşgabatda satuwa çykarylýan jaýlara talap tas ýokdy. Jaýlar satylmaýardy. Soňky bir-iki hepdäniň dowamynda raýatlaryň talaby artdy we jaý söwdasy ýene janlandy” diýip, aşgabatly hünärmen aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Watanyň wepaly ogly kalplarymyzda ebedilik ýaşar
Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 Ýaşynyň Içinde Aradan Çykdy