57 ýaşyndaky hüjümçiniň 40-njy möwsümi

Häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly professional futbolçysy bolan ýaponiýaly Kazuýoşi Miura karýerasyny dowam etdirýär.Ol 40-njy möwsümi üçin Ýaponiýanyň 4-nji ligasynyň wekili “Atletiko Suzuka” toparynyň düzümine goşular. “Ýokohama FK” toparynyň oýunçysy bolan 57 ýaşyndaky Miura täze topary bilen kärendesine şertnama baglaşar.

Bu barada The Athletic portaly Kyoda habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär.Miura häzirki güne çenli 1986-njy ýyldan başlan karýerasynda Braziliýada, Italiýada, Horwatiýada, Awstraliýada, Portugaliýada hem-de öz ýurdy Ýaponiýada dürli klublarda çykyş etdi.

Onuň milli toparda 89 oýunda 55 goly bar.Miura ozalky beýanatlarynyň birinde 60 ýaşa çenli karýerasyny dowam etdirmek isleýändigini aýdypdy.Weteran hüjümçi klublarda 802 oýunda 218 gol saldy. /* custom css */ .td_uid_15_6736914585940_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6736914585940_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Merkezi Aziýa — Hytaý" sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy