6 Aýlyk Bäbejik Ýer Titremesinden 29 Sagat Soň Halas Edildi

6 Aýlyk Bäbejik Ýer Titremesinden 29 Sagat Soň Halas Edildi

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal, Elbistan etrabynda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 3 müň 381 adama ýetdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 3 müň 381, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 20 müň 426 adama ýetendigini mälim etdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda düýn ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal, Elbistan etrabynda hem Türkiýe wagty bilen 13.24-de 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

10-dan gowrak welaýatda hem duýulan ýer titremesinden soň, halkara derjesinde beriljek kömekleri hem öz içine alýan 4-nji derejede adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna geçildi.

Beýleki tarapdan Hataýyň Odabaşy etrapçasynda ýykylan binanyň harabalygyndan 30 ýaşyndaky Hülýa Ýylmaz bilen 6 aýlyk bäbejigi Aýşe Wera Ýylmaz 29 sagat soň sag aman halas edildi.

Hülýa Ýylmaz bilen gyzy Aýşe Wera hassahanda bejergi astyna alyndy

Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar
Türkiýäniň Afrika Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklary Pugtalanýar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň wise-prezidenti özara maýa goýumy maslahatlaşdylar
"TRT World Forum 2023" başlaýar
Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi