6G-de Hytaý öňde

Nazaryýet babatda häzirki wagtda bar bolan 5G aragatnaşygyndan 1000 esse çalt boljak 6G tehnologiýasy hem işlenip taýýarlanýar.Internet aragatnaşygynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji neslinden tapawutlylykda 5G-niň ýaýbaňlanmagy uzak dowam etdi. Şeýle-de bolsa eýýam 6G-ni kämilleşdirmek üçin ylmy işler alnyp barylýar.

Maglumatlara görä, 6G tehnologiýasyna degişli 38 müň töweregi patent ýüztutmasy hasaba alnypdyr.Bu patentleriň 13 müň 449 sanysy hytaý kompaniýalaryna degişli.Bu bolsa, 35 göterime gabat gelýär.

Patent almakda ikinji ýerde amerikan kompaniýalary (18 göterim) bar.

Golaýda Hytaýyň ZTE kompaniýasy awtonom tor, sanly goşa tor, 6G-de torunda amal etmegiň kuwwaty, tizlik tehnologiýasy ýaly ugurlarda 6G tehnologiýasyna degişli birnäçe barlaglary geçirdi. Ýewropanyň “Nokia” we “Ericsson” kompaniýalary hem 6G synaglaryny geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar
Apple Ýewrokomissiýanyň kanunçylyk taslamasyna garşy
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi
Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy