Meşhur suratkeş Winsent Wan Goguň “Women Mending Nets in the Dunes” (Gumlukda torlary bejerýän aýallar) kartinasy 7 million ýewro satyldy.Bu eser 8 ýyldan bäri Amsterdamdaky Wan Gog muzeýinde sergide görkezilýärdi.
Golland suratkeşi bu sungat eserini bu işe ilki başlan ýyllary bolan 1882-nji ýylda döredipdir.Suratkeşiň onlarça kartinasy bolup, onuň suratlary 20 ýyldan bäri satylmandy.Suraty Demirgazyk amerikaly sungat muşdagynyň alandygy mälim edildi.
