8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar

8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar

Türkiýäniň 8-nji ynsanperwer kömek gämisi gazanyň halky üçin Mersin portundan ýola çykýar.

AFAD tarapyndan berlen beýannama görä, Türkiýe, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektoryndaky asuda ilata ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär.

Soňky gezek Gaznalar baş müdürliginiň goldaw bermeginde taýarlanan 8-nji ynsanperwer kömek gämisi ýerli wagt bilen 13.00-da Mersin portundan ýola çykar.

Ynsanperwer kömek gämisi bilen Gazanyň halkyna 2 müň 960 tonnalyk azyk kömegi ugradylýar.

Türkiýe, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri sebäpli gazanyň halky üçin 13 uçar we 7 gämi bilen ynsanperwer kömegini ugratdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
Rafah Gümrük Geçelgesi Ýapyldy
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär